UEFA Çempionlar ligasynda ýene-de iki çärýek finalçy belli boldy. Kubogyň iň köp eýelän “Real Madrid” myhmançylykda gazanan 1-0 hasabyndaky ýeňşinden soň, “Atalantadan” öz meýdançasynda hem üstün çykmagy başardy. 3-1 hasabynda ýeňşini baýram eden “Real Madrid” Çempionlar ligasynyň taryhynda 17-nji gezek çärýek finala çykdy. “Reala” ýeňiş getiren gollary 34-nji minutda Karim Benzema, 60-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Serhio Ramos hem-de 85-nji minutda Marko Asensio derwezä girizdi. “Atalantanyň” ýeke-täk goluny-da jerime urgusyndan Luis Muriel öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, 3 çempionlykda soň, yzly-yzyna 2 möwsümde 1/8 finaldan yzyna gaýdan “Real Madrid” 17-nji sapar çärýek finalda oýnamaga hukuk gazandy.

Duşuşykda bir gezek tapawutlanan Karim Benzema Çempionlar ligasyndaky 70-nji goluny geçirdi (126 oýun). 33 ýaşyndaky hüjümçi UÇL-de 70 gol geçiren 5-nji futbolçydyr.

ceshme: zamanturkmenistan

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir