1. Altyn dünýäde meşhur metallaryň biri bolup, maddy baýlygyň we gymmatlygyň nusgasy hökmünde müňlerçe ýyl bäri hyzmat edip gelýär. Ol häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň esasy hasaplanýar, sebäbi bu metal poslamaýar, hemişe gymmatyny saklaýar we önümçilikde giňden ulanylýar.
2. Gadymy grekler altyny suw bilen Gün şöhlesiniň garyndysy, inkler Gün Hudaýynyň gözýaşy hem-de adamlara eden peşgeşi diýip hasaplapdyrlar.
3. Müsürli ler altyn zerresini 1200 ýyl mundan ozal gyrkylmadyk goýun derisiniň kömegi bilen deňiz düýbüniň çägesinden saýgaryp almagy başarypdyrlar.
4. Belki-de, «Altyn goýun derisi» hakyndaky gadymy rowaýat hem hut şu esasda dörändir.
5. Altyn juda ýumşak we agyr metaldyr. Onuň berkligi adam dyrnagynyň berkligine deňelýär. 46,2 mm diametrli altyn topuň agramy bolsa bir kilograma deňdir.
6. Altyn ynsan bedenine hiç hili zyýan ýetirmeýär, ony hatda aşa duýgur adamlar hem arkaýyn dakynyp bilerler.
7. Dünýäde agtarylyp tapylan sap tebigy altyn metalyň bölekleriniň iň iri görnüşiniň agramy 72 kilogram bolupdyr. Ol Ýeriň ýüzünde diýen ýaly ýatan eken, onuň üçin hünärmenler bu metaly: «Salam, nätanyş!» diýip atlandyrypdyrlar.
8. Altyn magdany Ýeriň ähli kontinentinde barlygyna garamazdan, ol gyt hasaplanylýar.
Olimpiýa altyn medallaryny gyzyldan ýasamagy bes etdiler, ilki başda olar, hakykatdan hem, altyndan ýasalypdyr. Häzirki döwürde medalyň diňe daşky örtügine bary-ýogy 6 g altyn çaýylýar.
9. Altyn bilen kümşüň ergininden ilkinji şaý teňňesi b.e. öň 560-njy ýylda ýasalypdyr.

Çeşme: "Zenan kalby" žurnaly

Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir