“Borussiýa Dortmund” Çempionlar ligasynyň 16-njy tapgyrynda meýdançada “Sewilýany” kabul etdi we onda 3-2 hasabynda ýeňiş gazandy.

Duşuşygyň 35-nji we 54-nji minutlarynda gol geçiren norwegiýaly oýunçy Erling Haaland rekord täzelemegi başardy. Şeýlelikde ýyldyz oýunçy Çempionlar ligasynyň taryhynda 20 pökgi geçiren iň ýaş oýunçy boldy. Mundan başga-da, Erling Haaland Çempionlar ligasynyň taryhynda yzly-yzyna 4 oýunda 2 pökgi geçiren ilkinji oýunçy boldy. Şeýle hem Erling Haaland Çempionlar ligasynda yzly-yzyna 6 oýunda gol salan iň ýaş oýunçy boldy.

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir