Bilime üç sany ýol alyp barýar: pikirlenmegiň ýoly — bu iň asylly ýol, öýkünmegiň ýoly — bu iň aňsat ýol we tejribäniň ýoly — bu iň muşakgatly ýol.

Sabyryň gutarýan ýerinde çydamlylyk başlanýar.

Diňe özüniň nadanlygyny aňyp, bilim gözleýänlere akyl ber.

Bagt — adamlaryň saňa düşünýän wagty, uly bagt — söýlen wagtyň, hakyky bagt — seniň söýen wagtyň.

Aslynda, durmuş ýönekeý, ýöne biz tutanýerlilik bilen ony çylşyrymlaşdyrýarys.

Ownuk-uşak zatlara sabyr-takatsyzlyk beýik işi puja çykarýar.

Gadymyýetde adamlar köp gürlemegi halamandyrlar. Çünki olar öz sözleriniň yzynda durup bilmezligi barypýatan biabraýlyk hasaplapdyrlar.

Biz maslahaty damjalap alýarys, ýöne bedreläp paýlaýarys.

Gymmatbaha daşy ýonup-ýylmamazdan bejerip-gyraňlap bolmaýşy ýaly, adam hem köpsanly kyn synanyşyklarsyz üstünlige ýetip bilmez.

Asylly adam ähli zadyň sebäbini özünden gözlär, pes adam — özgelerden.

Erbet gylyk-häsiýetleri erte däl-de, diňe şu gün ýeňip bolar.

Üç zat — wagt, söz we mümkinçilik hiç haçan yzyna dolanmaz. Şonuň üçin, wagtyý ýitirme, sözi saýlap diý, mümkinçiligi goldan sypdyrma.

Öz ýüregiňize-kalbyňyza kybap işi saýlaň! Şonda siz bütin ömrüňizde ýekeje günem işlemeli bolmarsyňyz.

Eger adamlar maňa düşünmeýän bolsalar, men muňa gynanmaýaryn, eger-de men adamlara düşünmeýän bolsam, onda muňa gynanýaryn.

Az-owlagam bolsa gowy bolmaga çalşyň! Şonda siz özüňiziň erbetlik etmäge hiç hili ýagdaýyňyzyň ýokdugyny görersiňiz.

Gadymyýetde adamlar özlerini kämilleşdirmek üçin okap öwrenipdirler, häzirki döwürde bolsa özgeleri geň galdyrmak üçin okap öwrenýärler.

Betbagtlyk geldi — adam ony döretdi, bagt geldi — adam ony ösdürip kemala getirdi.

Gözellik ähli zatda bar, emma ony görmek hemme kişä berilmändir.

Bagtyň yzyndan kowalaýan wagtyň hem käwagt aýak çekip, bagty duýmagy başarmalydyr.

Kimdir birine haýsydyr bir zady söz bermezden öňinçä pikirlen, çünki söz bermek bergidir.

Asylly adam elmydama rahat, pes adam elmydama ünji-aladaly.

Eger seniň ýeňsäňden tüýkürýän bolsalar, onda diýmek, sen olardan öňdesiň.

Durmuşda hiç haçan ýykylmadyk adam beýik däl-de, ýykylandan soňra ýene-de ýerinden galmagy başaran adam hakyky beýikdir.

Özgerişlerden heder etmeli däl, çünki olar, adatça, tüýs öz bolmaly wagtynda ýüze çykýarlar.

Ýagşylyga ýagşylyk bilen jogap bermeli, ýamanlyga bolsa — adalatlylyk bilen.

Kim pikirlenmän okasa, şoňa bulam-bujarlyk akyp barýar, kim düýbünden okamazlyk barada pikir edýän bolsa, ol uly päsgelçiliklere uçrar.

Eger sözüň haýsydyr bir pikiri aňladýan bolsa, diňe şunuň özi-de ýeterlikdir.

Özüňize talabediji, özgelere mylakatly boluň! Şonda siz özüňizi adamlaryň sulhy almazlygyndan gorarsyňyz.

Paýhasly kişi howsalany bilmeýär, dogumly bolsa — gorkyny.

Söz manysyny aňmaýan bolsaň, onda adamlary tanajak bolup, azara-da galyp ýörme.

Özüne erk edip bilýän adamyň kemçiligi az bolýandyr.

Ýeke-täk hakyky ýalňyşlyk özüňiň öňki eden ýalňyşyňy düzetmezlikdir.

Diňe aňrybaş akyllylara hem-de aňrybaş akmaklara hiç zat öwredip bolýan däldir.

Hakyky är kişi ähli zady öz gujur-gaýraty bilen gazanýandyr.

Başarjagyňy bilip hem, ony ýerine ýetirmezlik barypýatan namartlykdyr.

Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir