herchemenden
Atamyrat Atabaýew - Türkmenistan Garaşsyz
Goý güller açylsyn sähraň ýüzünde
Asmanam, goý, rahmet nuryny saçsyn.
Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde
TÜRKMENISTAN-ata mekan garaşsyz!
Eger kimde kimiň kinesi bolsa,
Kinesin unutsyn, urşan ýaraşsyn
Beýik günde unudylýandyr kineler,
Bu beýik gün - TÜRKMENISTAN garaşsyz!
Düný...
Kakamyrat Rejebow - Ýagyşly gün
Ýagyşly gün.
Gaýdyp gelýän okuwdan,
Garşy aldy ýene tanyş duralga.
Gözüm düşdi şonda
içiň hümledip,
Bir çetdejik ýagşa ezlip duranňa.
Synlap dursuň, yşga düşen asmanyň
Joşlaryna sygman aglaýanyny.
Men bolsa, ýuwaşja saňa süýşdim-de,
Tutdum seň üstüňe saýaw...
Ite mahsus häsiýet (Hekaýat)
Adamlaryň biri tanymal akyldary, abraýly piri öýüne zyýapata çagyrypdyr. Akyldar olaryň gapysyna ýetiberende, öý eýesi daş çykypdyr-da: “Hormatly pirimiz, bu gün sizi hezzetläre hiç ýüzümiz ýokdur! Soň bir gün gaýtadan çakylyk ýollarys” diýipdir. Pir hiç zat bolmadyk ýaly yzyna dolanypdyr. Öýüne gelip ornaşan badyna ýaňky adam piri ýene öýüne çagyr...
Ahmet Halmyrat - Husyt Pyşdyl (tymsal)
Gargyşa galanyň her hili külpet başyna geler ekeni. Pyşdyl, gör, nä güne düşüpdir. Güýe baýyňkydan ibaly däl.
Bir gün pyşdyl zordan gününi görüp ýören goňşusy dul aýaldan bir çanak galla diläpdir. Ol aýalam dözmändir-de, bir uly çanagy dolduryp berip goýberipdir.
Aradan kän wagt geçenden ...
Talyplar.com! Näme üçin beýlekä?
Salam, bu sahypaň okyjylary!
Men öz akkaundymdaky ýazgylary bu ýerde paýlaşyp internetdäki gorumyzy artdyraýyn diýýän welin, asyl Google-den gözletseň bu ýerini tapmaýan ýalyla. Gugldan gözledemde çykmaýan goşgydyr, ýazgylary bu ýerde goýaýjak bolýan. Mysal üçin Ata Atajanowyň Awçy we Bürgüt goşgusyny gugldan tapmadym. Başga biri gö...
Gurbannazar Ezizow - Ilkinji gar
✏Gurbannazar Ezizow
Italmaz Nuryýew - Ene bolsa...
Ýigit dünýä geldi, enäniň boýy
Ösdi bir gez, nur çaýyldy ýüzüne.
Gijelerni gündiz edip deňledi,
Bal bilen ýag gatdy her bir sözüne.
Ýigit ädim ätdi, ilkinji gezek
Enesinden birje ädim daşlaşdy.
Ak ýol arzuw edip jigerbendine,
Enesi begenip, guş bolup uçdy.
Ýigit oýna gyz...
Seýitmyrat Geldiýew - Oba etýudy
Biri otdan gelýär welosipedli,
Onda-munda egni pilli pyýada.
Kowalaşyp oýnap ýören çagalar,
Çagalyk ýyllarmy düşürýär ýada.
Inçe tüsse ýaly tozan turuzyp,
Örä barýar bölek-bölek goýunlar.
Başyn egip çomup durlar, myşlaşyp,
Garynlak sygyrlar ýabyň boýunda.
Ýylgeçdigi saýy ýaýraý...
Ata Atajanow - Awçy we Bürgüt
Atdy awçy uçup barýan bürgüdi,
Bürgüt bir silkinip, bir aşak düşdi.
Ala bulutlary böwsüp gaharly,
Öňküdenem artyk hyjuwly uçdy.
Awçy atdy, ýene ary köýen dek,
Bürgüt bir aýlandy, ýene pesledi.
Pelpelledi, ganat kakdy howada,
Belki awça birzat diýmek isledi.
Bürgüt togda...
Magtymguly "Ýolda seni"
✏Magtymguly
Messi ýygyndyny terk etdi.
Bu näme etdigiň boldy, Messi!?
Barselonanyň ýyldyzy Lionel Messi Amerika kubogynyň finalyndan soň ýygyndydaky mundan soňky ykbaly barada kararyny berdi.
Bu gün finalda Çiliden penaltylarda 2-4 ýeňilenlerinden soň milli ýygyndydan aýrylýandygyny aýtdy.
Penaltyny dürs ýerine ýetirip bilmedik Messi 29 ýaşynda ýy...
Tagam iýmegiň edebi hakynda
Owwal halal gazanç
Soňra hem şükür.
Tagam iýjek bolsak
Etmeli pikir.
Nahardan öň we soň,
Ýuwmaly eliň,
Soňra sag dyzyňa,
Galmaly, biliň!
"Bismillä" aýydyp,
Başla tagama.
Sag eliň bilenjik,
Algyn agyza.
Öz öňüňden iýgin,
Ser...
Hajy Kakalyýew
Geldiň, bahar, durmuşa jan getirdiň,
Giň asmandan dökýäň tylla-merjeni.
On altymdan on ýedime ýetirdiň.
Hiç unudyp bilmen asyl men seni.
Hawa, seni gördüm on alty gezek.
Emma on ýedimiň bahar-ýazyny,
Aýdym ýaly gursagymda göterip,
Dutar alyp çalaryn oň sazyny.
On ýedi ýa...
Magtymguly "Näge, ýatyp sen? "
Eý, ülkesi abat, mülküne magrur,
Mülküň bakasy ýok, näge ýatyp sen?
Eý, ykbaly bidar, döwlete mesrur,
Döwlet wepasy ýok, näge ýatyp sen?
Şirin jan riştesi tende osaldyr,
Nebsiň bir megesdir, mal bir asaldyr,
Dünýä aby-sildir, ömrüň bir saldyr,
Ömre ygtybar ýok, näge ýatyp sen?
...
Kerim agany ýatlap. Ilmyrat Nowaly
http://line.me/ti/p/%40cgt8960e
Gökdepe şehitleri
✏Weli Kömek ogly
Ýat edeliň Gökdepäniň galasyn,
Jan berip, jan alan jan ýatyr munda.
Döş gerip garşylap ors belasyn,
Ýany ýansyz ýatan ýan ýatyr munda.
Gugaryp galypdyr, ätläp ýüz ýylyn,
Syry açylmady lal oldy dilim.
Başyň göter, hany däli perheniň,
Dessurly dergähli kän ýatyr...
Bir çaga baly gowy görýän eken. Oňa enesi-atasy hernäçe “Bal iýme” diýselerem, ol bal iýmän durup bilmeýärmiş. Çagany Ymam Agzamyň (r.a) ýanyna getiripdirler. Ýagdaýy aýdypdyrlar. Ymam Agzam:
- Çagany häzir äkidiň, kyrk günden getiriň – diýipdir.
Kyrk günden soň çagany ýene alyp gelipdirler. Ymam Agzam (r.a)...