Gargyşa  galanyň  her  hili külpet  başyna  geler  ekeni.  Pyşdyl,  gör,  nä  güne  düşüpdir.  Güýe  baýyňkydan  ibaly däl. Bir  gün  pyşdyl zordan  gününi  görüp  ýören  goňşusy  dul aýaldan  bir  çanak  galla  diläpdir.  Ol  aýalam dözmändir-de,  bir  uly  çanagy  dolduryp  berip  goýberipdir.  Aradan  kän  wagt  geçenden  soň  Pyşldylyň  bergisi ýadyna düşüpdir.  Şonda  ol öz  ýanyndan  “Akly  çaşan  garry  hatyn,  nähili çanakda  berendigini-de  unudandyr.  Oňa  şu-da  bor” diýip, pyşdyl kiçijik çanagy galladan dolduryp, goňşusynyň ýanyna barypdyr. Öz ýanyndan hondan bärisi bolubam: -  Sen  ýadyňdan  çykaran  bolsaňam,  men  unudamok.  Birmahal  bir  çanak  galla  beripdiň.  Şonyňy  al,  goňşy  - diýipdir. Şonda ýazyksyz hatynyň oňa gahary gelip, gargapdyr: -  Alyp  giden  çanagyň  üstüňe,  getireniňem  astyňa  gap  bolsun.  Bar,  git.  Ýok  bol,  gözüme  görünme  -  diýip, ony kowup goýberipdir. Pyşdyl yzyna dolananda asty-üsti çanakly süýrenip gaýdypdyr. Onuň indi şol bolup ýörşi-dä.

Köneler, herchemenden tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir