Bir çaga baly gowy görýän eken. Oňa enesi-atasy hernäçe “Bal iýme” diýselerem, ol bal iýmän durup bilmeýärmiş. Çagany Ymam Agzamyň (r.a) ýanyna getiripdirler. Ýagdaýy aýdypdyrlar. Ymam Agzam: - Çagany häzir äkidiň, kyrk günden getiriň – diýipdir. Kyrk günden soň çagany ýene alyp gelipdirler. Ymam Agzam (r.a) çagany golaýynda oturdyp, oňa bal iýmezligi maslahat beripdir. Çaga ýerinden turup, kakasynyň ýanyna barypdyr-da: - Kaka, men gaýdyp bal iýmen – diýipdir. Çagaň kakasy Ymam Agzama ýüzlenip: - Geçen gezek çaga bilen şeýdip gürleşeňizde, bolmaýarmydy, näme üçin kyrk günden ýene getiriň diýdiňiz? – diýip sorapdyr. Ymam Agzam ýagdaýy şeýle düşündiripdir: - Geçen gezek geleňizde, meniň özümem bal iýýärdim. Özümiň edýän işimi başga birine etme diýsem täsiri bolmazdy. Dogry sözüň gapdalynda dogry hereket möhümdir. Çünki, sözümiz bilen hereketimiziň deň gelmezligi çaganyň akylyny çaşyrar. Onuň bize bolan ynamy gowşar. Ömrüňizde bir gezek ýalan sözläniňizi ýa-da diliňizde bir zat diýip, hereketiňizde başgaça bolýanyňyzy bir gezek gören çaga, bu ýagdaý tä aňyndan çykýança size şübhe bilen garar we aýdýanlaryňyza ynanmaz. Geljekde kiçijik bir zadyň üstünde sözüňiz azaşsa, çagaňyz aňynda göterip ýören şol ýalanynyňyzy daşyna çykarar we çagaňyzyň gözünde siz erbet adam bolup galarsyňyz.
-
l
8 years ago
- Hakyky
-
l
8 years ago
- Hakyky
herchemenden 8 years ago- Salam! Hormatly ulanyjy, Sizi "Her çemenden... " sahypamyza goşulmaga çagyrýarys.
Sahypamyzda Sport, Medeniýet, Sungat, Edebiýat, arassa Degişmeler we başga-da Siziň göwnüňizden turaýjak mowzuklarda ýazgylar paýlaşarys.
"Her çemenden, bir gunça" sahypamyzda Size garaşýarys!
Biziň salgymyz:
http://line.me/ti/p/%40cgt8960e
ID: @cgt8960e