Goý güller açylsyn sähraň ýüzünde Asmanam, goý, rahmet nuryny saçsyn. Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde TÜRKMENISTAN-ata mekan garaşsyz! Eger kimde kimiň kinesi bolsa, Kinesin unutsyn, urşan ýaraşsyn Beýik günde unudylýandyr kineler, Bu beýik gün - TÜRKMENISTAN garaşsyz! Dünýäň çar künjüne ýaýrapdyr türkmen, Oňmaz olar dost-dogansyz, gardaşsyz. Agzy bir bolanda baýnapdyr türkmen Baýna türkmen, bu gün ýurduň garaşsyz! Dünýäň kartasyna türkmeniň yurdy Täze kürtäň keşdesi deý ýaraşsyn. Daglaryň arslany çölleriň gurdy- Türkmen, bu gün gadym ýurduň garaşsyz! Türkmen aga telpegiňi göge zyň, Gyňaçlaram baýdak kimin parlaşsyn. Aýdym aýdyň, at çapdyryň, saz çalyň, TÜRKMENISTAN- ata ýurdum garaşsyz! Halk arzuwy hasyl bolar ahyry, Men bu güne kän asyrlap garaşdym. Men bu gun garaşsyz ýurduň şahyry, TÜRKMENISTAN - söwer ýurdum garaşsyz!