Biri otdan gelýär welosipedli, Onda-munda egni pilli pyýada. Kowalaşyp oýnap ýören çagalar, Çagalyk ýyllarmy düşürýär ýada. Inçe tüsse ýaly tozan turuzyp, Örä barýar bölek-bölek goýunlar. Başyn egip çomup durlar, myşlaşyp, Garynlak sygyrlar ýabyň boýunda. Ýylgeçdigi saýy ýaýraýar oba, Artyp barýar dört otagly eýwanlar. Sy:rgyn-sy:rgyn köçe bolup gidipdir, Birmahalky oba golaý meýdanlar. Indi juda-juda alysdan gelýär, Şagallaryň agy-gülki seslerem. „Tüweleme, oba giňäpdir!“ diýýar, Obamyzyň talyplaram, esgerem. Uly ýolda düşenimde ulagdan, Gujak açyp obamyzyň etýudy, Ilki bilen garşy alýar, tumar deý, Gök gümmezli bişen kerpiç metjidi.