✏Weli Kömek ogly Ýat edeliň Gökdepäniň galasyn, Jan berip, jan alan jan ýatyr munda. Döş gerip garşylap ors belasyn, Ýany ýansyz ýatan ýan ýatyr munda. Gugaryp galypdyr, ätläp ýüz ýylyn, Syry açylmady lal oldy dilim. Başyň göter, hany däli perheniň, Dessurly dergähli kän ýatyr munda. Şum pelek aýlapdyr elinde çarhy, Mertmi sen, namartmy ýok oňa parhy. Ýagşyga-ýamanga bir goýan nyrhy, Bary bir şekilde hun ýatyr munda. Aýry-aýry tuta bilmen atlaryn, Çohdy pälwanlarym, gerçek zatlarym. At tutup ýat ediň ýakyn ýatlaryn, Otsuz köýük bolan don ýatyr munda. Toprak söýen ýatyr topragyn guçup, Bir şoňa hoşal ol, bar zatdan geçip. Tyg tapman ganyma gyrkylyk sanjyp, Gerdenni ýaý eden san ýatyr munda. Watan üçin, iman üçin, din üçin, Baş goýdular toprak üçin, jan üçin. Namys üçin, perhen üçin, müň üçin, Ertesi ýok bolan düýn ýatyr munda. Diýdiler bolsady söweş başa-baş, Ha, bolmasa birimizi bolsa bäş. Çapyşdyryp läş üstüne goýup läş, Müňüne taý gelen on ýatyr munda. Topragy goranyň ady bolmaz har, Abraý hem hormat, iman bolar ýar. On müň bilen şa leşgerin kowlan är, Hezreti Nurberdi han ýatyr munda. Köýdi müňläp janlar, gunçaka solup, Neresse çagalar gitdi delmuryp. Tekäniň täleýni gerdenne alyp, Dykma serdar mydam bar ýatyr munda. Gaharna bäs gelmän gany garalan, Azmyndan lerzandy Hywadyr-Eýran. Ganymlary arslan bolup paralan, Çopan batyr aždar, mar ýatyr munda. Hilesiz batyrlyk, Hakdan ýeten paý, Dört ýalaňaç aty, dört ýalaňaç taý. Hemzäniň leşgerin çapyp jaýba-jaý, Täç Gök serdar arslan şir ýatyr munda. Garagumda doglan, Garagum gurdy, Ak işan pataly, bir dana pürdi. Durdygözel enäň gerçek zürýady, Gara batyr gara dag ýatyr munda. Hemze ýatyr, Orazmämmet han ýatyr, Baýram ýatyr, Bährem ýatyr, Bar ýatyr Şahyr ýatyr, şady ýatyr, şir ýatyr, Sanamagy çetin san ýatyr munda. Gözel zenan ogly, ady Ataly, O şol paýdyr üleşikde ýeteni Han Nurberdiň janpenam diýip tutany, Bahadur Ataly, hor ýatyr munda. Usti kapyr geldi, ajal permanly, Ýigitlermiz atlandylar durmany Niçe gyz-gelinler geçdi armanly, Ýany ýarsyz galan, ýar ýatyr munda. Ol ne gerçek ýigit batyr Agaly, Ol ýigidi gören etdi towaby Ýow gününde han hazretniň diregi, Goçguly Gurbanly, bar ýatyr munda. Ölen üç är indi dogmaz eneden, Olaň ady çykmaz taryh, seneden Gara batyr, Nurberdi han, Gönübeg Takdyry kyýamat, är ýatyr munda. Bedeni demirden, boýlary çynar. Mertlik meýdanynda ärlerden çyn är. Guýmagursak, akyl-huşy jaýba-jaý, Gowşut han tekeli, şir ýatyr munda. Gazaba galanda Kelhan Kepele, Gyljynyň zarbyndan gopdy zel-zele Amansähet şalha, batyry bile Ajala ýylgyran zor ýatyr munda. Dokma, keser bilen bir gyz ýaş juwan, Ýedi esgere, jähenneme berdi jan. Ýanaraldan serpaý alan şol zenan, Meýde, merde mekdep ýar ýatyr munda. Dört mergeniň birisi ol nury ýetim, Parçalap, pytratdy ganymyň etin. Tozanly batyrdyr, ol Uzuk hatyn, Gurbanmyrat işan, pir ýatyr munda. Öýle namazynda ymam sen şonda, Kaza okyýykdy namaz borjunda. Agla şehit ýatyr guşluk burjunda, Zaty päk, Hyjy işan, nur ýatyr munda. Ýatyr ol galany basyp bagryna, Aýak diräp gaýry ganat böwrüne. Serdar bolup hamy şumnyň diýarna, Işan-molla, bagty şor ýatyr munda. Kyragym bir, keremim bir, kelem bir, Bary bir ýatyşda hemme görem bir Täleýi ters, dirini sen öli bil, Pelege şam beren jam ýatyr munda. Tä kyýamat ady gitmez jahandan, Guwanyp çalarlar, jan edip çyndan. Doýulmaz, dänilmez şirin sazyndan, Mukamçy Gönübeg, har ýatyr munda. Keýmir kör zürýady, gerçek Baýly han, Sap duran goşuna berdi serenjam. Diýdi: - Müň jan alman, bermen ýeke jan. Gara dag gaýaly saz ýatyr munda. Haýsy dönük saýlap tapdy galany, Goly baglap çagyrdylar belany. Şum bolupdyr bize takdyr ýazany, Takdyra ten beren il ýatyr munda. Agyr leşger tartyp geldi üstüme, Gara bagt tohumyn alyp dessine Haram ganyn goşdy halal neslime, Namysyndan ölen kän ýatyr munda. Dary Şa çozanda türkmen üstüne, Tumar gyz ýeňipdi Garagum bilen Hytaý diwarydyr, set Isgendere, Garagum diýip Tumar gyz ýatyr munda. Meýletin diýip ýazdy namartlaň biri, Ol kişi tanamaz öli-dirini. Jandan gorkup ak diýip dur garany, Taryhy ters ýazylan il ýatyr munda. Niçe gerçek gitdi “gazy” at bilen, Niçe ýesir gitdi dat-bidat bilen. Ança ýaş juwanlar ýandy ot bilen, Kalby gyşa dönen ýaz ýatyr munda. Aýdar Weli, muňa gelen dat eder, Müňüni gum edip birin şat eder. Akyl aglar, gerçekleri ýat eder, Keýmir kör dikelden tug ýatyr munda.

Köneler, herchemenden tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir