Atdy awçy uçup barýan bürgüdi, Bürgüt bir silkinip, bir aşak düşdi. Ala bulutlary böwsüp gaharly, Öňküdenem artyk hyjuwly uçdy. Awçy atdy, ýene ary köýen dek, Bürgüt bir aýlandy, ýene pesledi. Pelpelledi, ganat kakdy howada, Belki awça birzat diýmek isledi. Bürgüt togdary däl, bezbeltegem däl, Ondan kebap etmejeginem bilýär. Emma awçyň şeýle gaýratly guşy, Atyp öldürenini göresi gelýär. Ol belent depede duran ýerinden, Guşuň ysgynynyň gaçanyn gördi. Şu gezek alaryn diýen çak bilen, Goçak "goşasyna" ýene ok sürdi. Emma bat aldy-da ýaraly bürgüt, Birden belent başly daglara uçdy. "Goşasyn" çenäp başlan awçydan, Bir demde ok ýaly arany açdy. Awçy görüp galdy, ganatdan gopan, Ýelekleriň gaýmalaşyp gelýänin. Ol mergen henizem bilmeýän eken, Bürgütleriň dag gerşinde ölýänin.