Ýigit dünýä geldi, enäniň boýy  Ösdi bir gez, nur çaýyldy ýüzüne. Gijelerni gündiz edip deňledi,  Bal bilen ýag gatdy her bir sözüne.  Ýigit ädim ätdi, ilkinji gezek  Enesinden birje ädim daşlaşdy.  Ak ýol arzuw edip jigerbendine,  Enesi begenip, guş bolup uçdy.  Ýigit oýna gyzdy, uzyn gün gezdi,  Gezdi ýada salman duzdur çöregin.  Ene bolsa ýylgyrjaklap geldi-de,  Diýdi: Ajygan-a dälsiň, geregim? Ýigit jahyl çykdy, dost-ýar tapyndy,  Ony gizlediler daşyny gallap.  Ene bolsa oglunyň hem dostlarnyň  Hyzmatynda gezdi ylgaşlap, galgap.  Ýigit ýigit çykdy, bir galam gaşlyň  Gözlerine baglap goýdy nazaryn.  Ene bolsa ogluny hem gelnini  Ýüze sylyp, unutdy dert-azaryn.  Ýigit kaka boldy, soň ata boldy,  Çümdi gitdi aladalaň kölüne. Ene bolsa buýsanç bilen garady Aladaçyl, agtyk söýýän ogluna.  ...Şeýdibem ogullar gün geçdiksaýy  Enesinden açyp barýar arasyn.  Biçäre eneler şonda-da gülüp Hem guwanyp ýola salýar balasyn.

Köneler, herchemenden tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir