«Dinamo» Gurban Berdiýewiň golastyndaky 10-njy ýeňşini gazandy

Mahaçkalanyň «Dinamosy» futbol boýunça Russiýanyň çempionatynyň Birinji ligasynyň 18-nji tapgyrynda öz öýünde «SKA-Habarowsk» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Serder Serderewiň goly we Wýaçeslaw Podberezkiniň awtogoly Gurban Berdiýewiň şägirtlerine ýeňiş getirdi.

Bu üstünlik «Dinamo» üçin türkmen tälimçisiniň türgenleşdirmeginde...

Dowamy »

242 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Malaýziýada gurlup ýören myhmanhana ýykyldy

Malaýziýada heniz gurluşygy dowam edýän myhmanhana ýykyldy diýip, «Habar 24» ýazýar.
Netijede, dört adam ejir çekdi, ýene dört adam harabalygyň astynda galdy. Wakanyň bolan ýerinden wideony ýerli habar beriş serişdeleri çap etdiler. Halas ediş gulluklarynyň maglumatlaryna görä, ýykylan wagty oteliň binasynda gurluşyk işleri dowam edýän ekeni...

Dowamy »

252 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Aşgabatda Germaniýadan gelen pianinoçylaryň konserti bolar

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy sizi 20-nji noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçiriljek «PIANOTAINMENT» duetiniň konsertine çagyrýar.

«PIANOTAINMENT» fortepiano dueti 1996-njy ýylda iki nemes artisi Ştefan Weý we Marsel Dorn tarapyndan esaslandyryldy we şondan bär...

Dowamy »

234 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistan — Özbegistan oýnunyň petekleri satuwa çykaryldy

DÇ-2026-nyň saýlama tapgyryndan orun alan Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýnuň petekleri satylyp başlandy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy 16-njy noýabrda «Aşgabat» stadionynda Özbegistan bilen güýç synanyşar. Duşuşyk ýerli wagt bilen sagat 19:00-da başlanar. Petegiň bahasy — 30 manat.

Pe...

Dowamy »

236 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmen küştçüleri Italiýada geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýarlar

13-25-nji noýabr aralygynda Italiýanyň Montesilwano şäherinde 14, 16 we 18 ýaşa çenli bolan ýetginjek oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda küşt bounça dünýä çempionaty geçirilýär. Oňa 93 döwletden 800 töweregi küştçi gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasy habar berýär.
Dünýä çempionatynda aşakda görkezilen küştçüler Türkmenista...

Dowamy »

243 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmen küştçüleri Italiýada geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýarlar

13-25-nji noýabr aralygynda Italiýanyň Montesilwano şäherinde 14, 16 we 18 ýaşa çenli bolan ýetginjek oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda küşt bounça dünýä çempionaty geçirilýär. Oňa 93 döwletden 800 töweregi küştçi gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasy habar berýär.
Dünýä çempionatynda aşakda görkezilen küştçüler Türkmenista...

Dowamy »

245 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

R.Meredow BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň (OHCHR) Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşdy.
10-njy noýabrda bolan duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň OHCHR bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek...

Dowamy »

243 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Islandiýada ýanardag çogmasy sebäpli şäheri göçürýärler

Islandiýanyň häkimiýetleri ýurduň günortasyndaky Grindawik şäheriniň ýanardagyň çogmasy sebäpli göçürilýändigini habar berdiler diýip, «Report.az» ýazýar. Muňa golaýda hasaba alnan seýsmiki işjeňlik netijesinde ýanardagyň otly läbiginiň şähere aralaşmak howpy sebäp boldy diýip, «Reykjavik Grapevine» ýerli neşiri habar berdi.
Habarda häkimiýe...

Dowamy »

240 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmen diplomaty Kataryň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary bilen gepleşikleri geçirdi

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Ahmad Hassen Al-Hammadi bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, 12-nji noýabrda bolan duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni...

Dowamy »

246 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanda çagalaryň ösüşine gözegçilik etmek üçin elektron ulgam döredildi

Türkmenistanda saglygy goraýyş işgärleri üçin Çaganyň ösüşine gözegçilik etmek boýunça täzelenen elektron Gollanmanyň (CMDM) ulanylyşy bilen tanyşdyrmak üçin okuw-treningleri geçirilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Gollanma geçen ýyl işlenip düzüldi. Ol ýurduň paýtagtynda we welaýatlarynda irki ýüze...

Dowamy »

258 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Italiýada sirkden gaçan ýolbars birnäçe sagat şäherde aýlandy

Rimden 60 kilometrlikdäki deňizýaka Ladispoli şäheriniň sirkinden gaçan ýolbars birnäçe sagat şäherde gezelenç edip, ýerli ýaşaýjylary aljyraňňylyga saldy. Bu barada «La Repubblica» gazeti habar berdi diýip, «Report» neşiri ýazýar.
Kimba atly mahnet ýolbars geçen şenbede günüň ikinji ýarymynda sirkden gaçdy. Sirkiň işgärleri onuň ýokdugyny k...

Dowamy »

244 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistan üstaşyr ýük gatnawyny 40 göterim artdyrdy

Türkmenistan milli demir ýol arkaly harytlaryň öz çäginden üstaşyr geçiş wagtynyň ep-esli azalandygyny mälim etdi. Bu barada «Trend.az» habar berdi.
Multimodal logistikanyň netijeliligini artdyrmak we demir ýol gatnawyny gowulandyrmak bilen ýükleriň bir serhetden beýleki serhede eltilmeginiň tizligi 40 göterim ýokarlandy. Ulgamlaýyn çäreler...

Dowamy »

244 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Maýkl Jeksonyň keltekçesi 306 müň dollara satyldy

Aýdymçy Maýkl Jeksonyň 1984-nji ýylda «Pepsi» içgisiniň mahabatynda geýnen gara-ak keltekçesi (kurtkasy) Londonda geçen «Propstore» söwda-satyg auksionynda 306 müň dollara satyldy diýip, BBC News habarlar gullugyna salgylanýan «News.ru» ýazýar.

Söwdalaşyklara şeýle-de 200-den gowrak ýadygärlik zatlar çykaryldy. Auksionda britan aýdym...

Dowamy »

248 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanly Begenç Baltaýew sambo boýunça dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy

Türkmenistanly türgen Begenç Baltaýew Ýerewan (Ermenistan) şäherinde geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. Bu barada Halkara sambo federasiýasy habar berdi.

Begenç Baltaýew ýaryşda sport sambosy görnüşi boýunça 79 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, 24 türgeniň arasynda hormat münberinden oru...

Dowamy »

235 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmen wekiliýeti Wenesiýa bardy

Türkmenistandan wekilçilikli delegasiýa möhüm çärä — Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Wenesiýa bardy.

Wekiliýetiň düzüminde Türkmenistan Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magty...

Dowamy »

265 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Wenesiýada «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Wenesiýa şäherinde ýerleşýän «Ka Sagredo» köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabara Weneto sebitiniň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasy ta...

Dowamy »

249 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Azyk harytlarynyň ählumumy importunyň çykdajylary artar

Üstümizdäki ýylda azyk harytlarynyň ählumumy importunyň çykdajylary rekord derejä ýeter. Bu barada BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň täze nutugynda aýdylýar, nutuk Birleşen Milletler Guramasynyň täzelikler merkeziniň saýtynda ýerleşdirildi diýip, «Belta.by» belarus saýty ýazýar.

Ýagny 2023-nji ýylda azyk harytlarynyň importunyň...

Dowamy »

248 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Awstraliýa Tuwalu adasynyň ýaşaýjylaryna gaçybatalga bermekçi

Awstraliýanyň hökümeti Tuwalu ada-döwletiniň ýaşaýjylaryna gaçybatalga berer diýip, «Habar 24» ýazýar. Ada-döwletiň çägi ählumumy maýlama we Dünýä ummanynyň suwunyň derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglylykda, 2050-nji ýyla çenli suwuň astyna gidip biler.
Her ýyl Awstraliýa adanyň 280 ýaşaýjysyny kabul eder. Tuwaluda häzir 12 müň töweregi adam...

Dowamy »

242 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanda geçiriljek halkara teatr festiwalynyň çäginde Türkiýäniň Kölegeler teatry hem çykyş eder

Ozal habar berşimiz ýaly, ertir, 14-nji noýabrda Aşgabat şäherinde «Bagtyýar döwürde teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwalynyň açylyş dabarasy bolar. Dabara Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçiriler.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, halkara...

Dowamy »

255 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Bagyr» ýaşaýyş toplumynda 200 adamlyk Medeniýet öýi abatlanylar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Bagyr» ýaşaýyş toplumynda 200 adamlyk Medeniýet öýüni düýpli abatlamak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu baradaky bildiriş «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri 15-nji dekabra çenli Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerl...

Dowamy »

246 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago