Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2024-nji ýylyň II ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, telekeçiler pensiýa gatançlaryny 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 15-nji fewraly aralygynda tölemelidirler. Pensiýa gatançlaryny tölemek üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygy baradaky bildiriş Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda ýerleşdirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir