2025-nji ýylda ilkinji çaga Arkadag şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde dünýä indi. Ata-enesi oglanjyga Parahat diýip at goýdular. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär. Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň ilkinji minutlarynda Arkadag şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary — öý hojalykçy Orazjahan hem-de mekdep mugallymy Ýazmergen Atageldiýewleriň maşgalasynda dünýä inen çaga olaryň ikinji ogul perzendi. Olara Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň iberen sowgatlary gowşurylyp, gutlag sözleri, iň gowy arzuwlary aýdyldy. Bu waka bagtyýar ene-atanyň ýürek buýsanjyny, şatlygyny has-da artdyrdy. Çaganyň agramy 4100 gram, boýy bolsa 54 santimetr. Bäbejige we onuň ejesine lukmanlardyr şepagat uýalary tarapyndan ähli degişli gözegçilik işleri öz wagtynda geçirilýär diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir