Ilon Mask tarapyndan döredilen xAI başlangyjy soňky maliýeleşdiriş tapgyrynda 6 milliard dollar toplandygyny mälim etdi. Bu tapgyra gatnaşanlaryň arasynda ABŞ-ly wençura kapitalistleri, NVIDIA we AMD çip öndürijileri, şeýle hem Saud Arabystanynyň we Kataryň maýa goýum gaznalary bar diýip, Tech Xplore habar berýär. Bu serişdeler kompaniýa AI bazarynyň öňdebaryjylary bilen bäsleşmäge we täze tehnologiýalaryň işlenip düzülişini çaltlaşdyrmaga kömek eder. Maskyň özi emeli aňyň howply taraplary barada birnäçe gezek aýdypdy, ýöne bu oňa bu ugurda tehnologiýalary işjeň ösdürmäge päsgel bermeýär. xAI-iň wekilleriniň sözlerine görä, toplanan maýa goýumlary milliardlarça adamyň ulanyp biljek önümlerini döretmekde ulanylar. Şeýle hem, bu serişdeler "kompaniýanyň Älemiň hakyky tebigatyna düşünmegine mümkinçilik berjek geljekki tehnologiýalary öwrenmegi we işläp taýýarlamagy çaltlaşdyrar" – diýip, kompaniýada bellediler. Häzir xAI-iň bahasy 50 milliard dollar bolup, kompaniýany dünýädäki iň gymmatly başlangyçlaryň birine öwürýär, şeýle-de bolsa ol 157 milliard dollar bahasy bolan bäsdeşi ChatGPT-iň döredijisi OpenAI-dan gaty yzda. Uly maýa goýumlaryna garamazdan, hünärmenler AI kompaniýalarynyň entek girdejili bolmagyň ýoluny tapmandygyny bellediler. Mask dünýäde güýçli AI modelleriniň işlenip düzülişini togtatmaga çagyrýan açyk hata gol çekenden soň, gysga wagtyň içinde - 2023-nji ýylyň iýulynda başlangyç xAI-ni esaslandyrdy. Telekeçi häzirki wagtda 2015-nji ýylda girdeji gazanmaýan gurama hökmünde döreden we 2018-nji ýylda taşlan OpenAI-y bilen kazyýetleşýär. Milliarder başlangyjy täjirçilik kompaniýasyna öwürmegiň baglaşylan kanuny borçlary bozýandygyny öňe sürýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir