Hytaý Tibet platosynda ýerleşýän Ýarlung Sangpo derýasynda dünýäniň iň uly gidroelektrik stansiýasynyň gurluşygyny tassyklady. Täze desga her ýylda 300 milliard kWt⋅s elektrik energiýasyny öndürip biler, bu bolsa häzirki iň uly gidroelektrik stansiýasy bolan “Üç jülgäniňki” bilen deňeşdirilende, üç esse artykdyr, diýip, South China Morning Post habar berýär. Taslamanyň bahasy 1 trillion ýuandan (137 milliard dollar) gowrak. Gurluşygyň gerimi çylşyrymly inženerçilik meselelerini çözmegi talap eder. Seýsmiki howpy ýokary bolan sebitde uzynlygy 20 km bolan alty ötük gurmak meýilleşdirilýär. Olar derýanyň 50-nji kilometrinde 2000 m beýiklik tapawudyny ulanyp, sekuntda 2000 kub metre çenli suwy sowarlar. Gurluşyk wagtynda daşky gurşawa aýratyn üns beriljekdigi bellendi. Şeýlelikde, taslama Tibet sebitini arassa energiýa öndürijileriniň birine öwürjek Gün we ýel energiýa desgalaryny ösdürmegi göz öňünde tutýar. Bendiň gurluşygynyň takyk möhletleri we ýerleşjek ýeri entek aýan edilmedi.Hytaý Tibet platosynda ýerleşýän Ýarlung Sangpo derýasynda dünýäniň iň uly gidroelektrik stansiýasynyň gurluşygyny tassyklady. Täze desga her ýylda 300 milliard kWt⋅s elektrik energiýasyny öndürip biler, bu bolsa häzirki iň uly gidroelektrik stansiýasy bolan “Üç jülgäniňki” bilen deňeşdirilende, üç esse artykdyr, diýip, South China Morning Post habar berýär.