Awgust aýynda dünýäniň awtomobil pudagynda öňdebaryjylar belli boldy
2024-nji ýylyň awgust aýynda global awtomobil bazary 3,5% pese gaçyşy görkezdi, ýeňil we ýeňil täjirçilik ulaglarynyň satuwy 6,89 mln birlik boldy.
“GlobalData” konsalting kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, iň köp awtomobil Hytaýda, ABŞ-da we Ýewropada satyldy diýip, tarantas.news belleýär.
Satuw boýunça öňdebaryjylar:
Hytaý 1...
Messi bilen Karrigiň “Night Night” hereketini görkezýän kolleksiýa kartoçkasy çykaryldy
Meşhur futbolçy, MLS-iň “Inter Maýami” klubunyň kapitany Lionel Messiniň we MBA-nyň meşhur oýunçysy, “Golden Steýt Uorriorzyň” düzüminde çykyş edýän Stefen Karriniň awtograflaryny (gollaryny) saklaýan özboluşly kartoçka hödürlendi. Bu kartoçkada türgenleriň ikisi-de “Night Night” hereketini görkezýär diýip, Toops kompaniýasynyň metbugat gullugy sos...
Norwegiýa elektrikli ulaglaryň benzinli ulaglardan agdyklyk edýän ilkinji ýurdy boldy
Norwegiýa dünýäde elektrikli ulaglaryň sanynyň benzinli ulaglaryň sanyndan agdyklyk edýän ilkinji ýurdy boldy.
Ýol hereketi boýunça maglumat geňeşiniň (OFV) habaryna görä, ýurtda 754 303 elektrikli ulag hasaba alyndy, bu bolsa 753 905 benzinli ulag bilen deňeşdirilende 398 köpdür.
Şeýle hem ýurtda, takmynan, 366 müň gibrid we dizel he...
Bristol alymlary gan toparlarynyň täze ulgamyny açdylar: bu näme üçin möhüm?
Bristol uniwersitetiniň alymlary gemologiýa pudagynda möhüm açyş – gan toparlarynyň MAL diýlip atlandyrylan täze ulgamy barada habar berdiler. Onuň düzümine 1972-nji ýylda ilkinji gezek açylan, ýöne genetiki esaslary häzire çenli öwrenilmedik AnWj antigeni girýär diýip, Planet Today habar berýär.
Ylmy gözlegçiler antigeniň Mal belogy tarapyn...
Apple üpjünçiligi tizleşdirmek üçin Braziliýada iPhone 16-nyň önümçiligine başlady
Apple önümçilik kuwwatyny giňeltmegi dowam etdirýär. Hytaýdan we Hindistandan başga-da, şu ýyl kompaniýa Braziliýada iPhone 16 smartfonlaryny ýygnar.
Ilkinji gezek täze modeller bu ýurtda ilkinji çykan gününden başlap ýygnalar. San-Pauludaky Žundiai şäherinde ýerleşýän Foxconn zawody iPhone 16-nyň esasy wersiýasynyň ýygnalmagyna jogap berer....
Karlos Alkaras 2024-nji ýylda sportda iň görnükli 50 adamyň sanawyna girdi
ATP reýtinginiň öňki lideri, häzirki wagtda üçünji orny eýeleýän ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras meşhur Sports Illustrated amerikan žurnaly tarapyndan 2024-nji ýylda sportda iň görnükli 50 adamyň sanawyna goşuldy.
Sanawda Alkaras bilen birlikde futbolçylar Lionel Messi, Erling Holand we Jud Bellingem, basketbolçy Lebron Jeýms, “Formula-1”...
Türkmenistanyň Prezidenti: Merkezi Aziýa bilen Germaniýanyň gatnaşyklary sebitdäki umumy ýagdaýa oňyn täsir edip biler
Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda Türkmenistan sebit parahatçylygynyň, howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň gazanylmagyny we üpjün edilmegini biziň bilelikdäki işimiziň möhüm wezipeleri hasaplaýandygyny nygtady diýip, TDH belleýär.
"Biz häzirki şertlerde Merkezi Aziýany...
Serdar Berdimuhamedow «ýaşyl» mesele boýunça dialogy işjeňleşdirmegi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda Germaniýanyň ekologiýa we howa bilen bagly meseleleri babatynda eýeleýän ornuna ýokary baha berdi.
Bellenilişi ýaly, Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen gatnaşyklarda ekologiýa we howa bilen bagly meseleler aýratyn orun eýeleýär....
Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Germaniýa” ýokary derejeli ikinji duşuşykdaky ÇYKYŞY
(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabry)
Hormatly jenap Federal Kansler!
Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary!
Hanymlar we jenaplar!
Wekiliýetleriň agzalary!
Ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe myhmansöýerlik we işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin...
Apple iPhone 16 Pro-nyň batareýalaryny çalyşmagyň bahasyny 20% gymmatlatdy
Apple täze iPhone 16 Pro we iPhone 16 Pro Max flagmanlarynyň batareýalaryny çalyşmagyň bahasyny 20% gymmatlatdy.
Indi kompaniýanyň resmi hyzmatlarynda bu hyzmatyň bahasy 119 dollar bolup, batareýalary 99 dollara çalşylýan iPhone 15 Pro bilen deňeşdirilende, 20 dollar gymmatdyr. Muňa batareýanyň öz bahasy we hünärmeniň işi haky girýär.
...
Tesla Cybertruck pikapy zarýad tizligi boýunça rekordy täzeledi
Tesla Cybertruck zarýad tizligi boýunça täze rekorddan soň ýene ünsi özüne çekdi. Bu gezek pikap 405 kWt zarýad beriş tizligine ýeten ilkinji Tesla ýolagçy awtomobili boldy. Bu üstünlik Slowakiýadaky Ejoin zarýad stansiýasynda hasaba alyndy diýip, Teslarati neşiri ýazýar.
Cybertruck 123 kWt/sag sygymly batareýa bilen üpjün edilen, bu hem ada...
Buker baýragyna dalaşgärleriň gysga sanawy yglan edildi
Buker baýragynyň eminleri 2024-nji ýylyň edebiýat boýunça baýragyna hödürlenýän eserleriň gysga sanawyny yglan etdi. Oňa alty eser girdi, olaryň bäşisi aýallar tarapyndan ýazylan diýip, TASS habar berýär.
Baýraga dalaş edýän eserler:
"Jeýms" - Persiwal Ewerett
"Ýaradyjy köl" (“Озеро творения”) - Reýçel Kuşner
"Orbitada"...
Türkmenistanda güýzlük bugdaýyň täze 3 görnüşi döredildi
Türkmenistanda oba hojalyk pudagynda tohumçylyk-seçgiçilik işini kämilleşdirmek boýunça işleriň netijesinde güýzlük bugdaýyň täze görnüşleri döredildi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Bellenilişi ýaly, täze görnüşler Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda döredildi. Degişli...
Louis Vuitton Nike-dan öňe geçip, iň gymmat egin-eşik brendi boldy
Louis Vuitton iň gymmat egin-eşik brendi diýlip ykrar edildi. Ol 2015-nji ýyldan bäri birinji orny eýeläp gelýän Nike-dan öňe geçdi. Bu barada Brand Finance kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Office Life habar berýär.
Louis Vuitton brendiniň bahasy bir ýylda tas dörtden bir esse ýokarlanyp, 32,2 mlrd dollara ýetdi, Nike-yň bahasy bols...
“Bawariýa” we hüjümçi Harri Keýn Çempionlar ligasynda birnäçe rekord goýdular
Mýunheniň “Bawariýasy” 2024/2025 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň birinji tapgyrynda Zagrebiň “Dinamosyndan” 9:2 hasabynda üstün çykdy. Oýun “Arena Mýunhende” geçirildi we netije ýaryşyň taryhynda rekord boldy – mundan öň hiç bir topar bir oýunda 9 gol geçirmändi diýip, Opta Franz habar berýär.
Topar üstünlikleri:
“Bawariýa” esasy ýewr...
Amerikaly zenan 108 günde welosipedde dünýä syýahat etmek boýunça rekord goýdy
38 ýaşly amerikaly welosipedçi Lael Uilkoks 108 gün 12 sagat 12 minutda welosipedde dünýä syýahatyny tamamlap, zenanlaryň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada BBC habar berýär.
Bu döwürde Uilkoks 29 169 km aralygy geçdi. Ol 28-nji maýda Çikagodan ugrap, 12-nji sentýabrda yzyna gaýdyp geldi. Welosipedçi dört yklymda 21 ýurduň üstünd...
Özboluşly ganat dizaýny bolan wodorod uçary synag uçuşlaryna taýýarlanýar
EasyJet awiakompaniýasy JetZero startapy bilen bilelikde wodorodda işleýän gatyşyk ganatly uçary döretdiler. Bu taslama kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 50% azaltmagy maksat edinýär we 2030-njy ýyla çenli täjirçilik işine başlap biler diýip, Hi-Tech Mail habar berýär.
Uçaryň nusgasy sertifikatlaşdyrylmak üçin möhüm ädim bolan synag uçuşlary...
Manuel Noýer bilen Harri Keýn Bundesligada özboluşly rekord goýdular
14-nji sentýabrda Bundesliganyň 4-nji tapgyrynda “Holştaýn” “Bawariýa” bilen duşuşdy. Oýun Mýunhen klubunyň 6:1 hasabynda ýeňmegi bilen tamamlandy.
Bu duşuşykda 38 ýaşly derwezeban we “Bawariýanyň” kapitany Manuel Noýer özboluşly rekord goýdy. “Holştaýn” Germaniýanyň ligasynda onuň ýeňen 37-nji topary boldy, bu ony Bundesliganyň taryhynda şe...
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Kansleri Olaf Şolts bilen duşuşdy
Şu gün Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygynyň çäklerinde Germaniýanyň Kansleri Olaf Şolts bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Germaniýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge aýraty...
Serdar Berdimuhamedow ikinji «Merkezi Aziýa – Germaniýa» Sammitine gatnaşýar
Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşýar.
Ýokary derejeli mejlisiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe duşuşyklary geçirdi, şol sanda Germaniýanyň Hökümetiniň Baştutany we meşhur...