Antuan Grizman möwsüm tamamlanandan soň Madridiň «Atletiko» klubundan gider we tomusda Amerikanyň «Orlando Siti» klubuna geçer. Madrid şäheriniň topary häzirki möwsümiň ahyrynda fransiýaly hüjümçiniň topardan gitjekdigini resmi taýdan yglan etdi. «Atletiko» toparynyň rugsaty bilen Grizman eýýäm geljekki topary bilen şertnama baglaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Mundan ozal taraplaryň ýyllyk 10 million ýewro aýlyk haky bilen iki ýyllyk ylalaşyk barada ylalaşandygy habar berlipdi. Antuan Grizman 2014-nji ýyldan bäri «Atletiko» toparynda çykyş edip gelýärdi. Ol 2019-njy we 2022-nji ýyllar aralygynda «Barselona» toparynda oýnady, şondan soň bolsa Madridiň klubuna dolanyp geldi. Fransiýaly oýunçy «Atletiko» toparynyň taryhynda iň köp gol geçiren hüjümçidir, onuň hasabynda 211 gol bar. Ol şeýle hem topar üçin iň köp duşuşyk geçirmek boýunça rekord goýdy — 488 oýun. 35 ýaşly hüjümçi «Atletikonyň» düzüminde Ispaniýanyň Superkubogynyň, Ýewropa ligasynyň we Ýewropanyň Superkubogynyň eýesi boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir