Ýapon alymlary gan düwnük keseliniň esasan ýetginjeklerde has köp duşýan täze we howply görnüşini tapdylar. Bu barada Ýaponiýanyň Milli onkologiýa merkeziniň ylmy-barlag toparynyň ýolbaşçysy Keniti Ýosida habar berdi. Geçirilen barlagyň dowamynda T-öýjükli ýiti limfoblast leýkozynyň müňden gowrak netijesi seljerildi. Seljerme täze görnüş bilen ýoňlan 14 kişiniň 7-35 ýaş aralygyndaky näsaglardygyny ýüze çykardy. Olaryň ortaça ýaşy takmynan 17 ýaş boldy. Keseliň bu görnüşiniň näme sebäpden hut ýetginjeklerde köp duşýandygy indi anyklanylýar. Gaýtalanmaga ukyply we heläk ediji netijeleriniň bardygy sebäpli, hünärmenler täze leýkozy örän ýokary töwekgelçilikli topara degişli etdiler. Iň ýaman ýeri, keseliň seýrek duş gelýän hromosom üýtgeşmeleri bilen baglydygy üçin, ony adaty barlaglar arkaly anyklamak gaty kyndyr. Keniti Ýosida bu ylmy barlagyň netijeleri geljekde keseliň täze we has täsirli bejergilerini işläp düzmäge kömek eder diýip umyt bildirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir