BAE-niň meteorologlary howanyň durnuksyz boljakdygy barada duýduryş berdiler. Milli Meteorologiýa Merkeziniň (NCM) maglumatlaryna görä, 27-nji marta çenli güýçli ýagyşlar tapgyr-tapgyr dowam eder durar. Çabgalar duşenbe güni, 23-nji martda başlady. Merkeziň bilermeni Ahmad Habibiň aýtmagyna görä, Abu-Dabide irden ýagyş ýagyp, her ýerde-her ýerde kölçeleriň emele gelmegine we kiçeňräk suw joşmalaryna sebäp bolupdyr. Ýagyş ilki günbatar Al-Dafra sebitine ýagdy, soňra paýtagta we Al-Aýna geçdi. Ýagşyň güýçlüligi dürli-dürli bolup, käbir ýerlerde ýüzleýräk ýagsa, ýene bir ýerde güýçli guýdy. Agşamara bulaşyk howa gündogar we demirgazyk emirliklerine, esasan Fujeýra we Ras-Al-Haýma şäherlerine geçer. Daglyk sebitlerde we wagtlaýyn derýalaryň boýunda ýagşyň has köp ýagmagy mümkin. Sinoptikler ýagşyň tapgyr-tapgyr bolup ýagjakdygyny çaklaýarlar: 25-nji martda - demirgazyk we kenarýaka sebitlerde, şeýle hem soňky tapgyr 27-nji mart gijesinde ýagar. “Ýagyş üznüksiz diňe bir ýere ýagyp durmaz” - diýip, Ahmad Habib belledi. Howanyň bulaşmagynyň sebäbini atmosferanyň ýokarky gatlaklaryndaky siklon bilen baglanyşdyrýarlar. 27-nji martdan soň ýeller güýçlener, 28-nji martda temperatura + 28°C töweregi bolar, soňra bolsa ýene-de ýokarlanyp ugrar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir