Apple amerikan korporasiýasy Bütindünýä işläp düzüjiler maslahatynyň (Worldwide Developers Conference) 2026-njy ýylyň 8-12-nji iýun aralygynda geçiriljekdigini yglan etdi. WWDC 2026 çäresiniň esasy bölegi onlaýn görnüşde guralar, onuň çäginde 100-den gowrak wideo-sessiýa geçiriler. Şeýle hem işläp düzüjiler interaktiw barlaghanalara gatnaşyp biler — bu bolsa olara Apple-iň inženerleri we dizaýnerleri bilen pikir alyşmaga, sowal bermäge we tejribe almaga mümkinçilik berer. Esasy tanyşdyrylyş (Keynote) we «Platforms State of the Union» sessiýasy 8-nji iýunda bolar. Görnüşi ýaly, edil şol gün Apple iOS 27 ulgamyny we beýleki operasion ulgamlaryň täzelenen wersiýalaryny hödürlär. Şeýle-de, 8-nji iýunda gatnaşyjylaryň çäkli sany we «Swift Student Challenge» talyp bäsleşiginiň ýeňijileri üçin ýörite ýüzbe-ýüz duşuşyk geçiriler. WWDC çäresinde Apple-iň täze önümlerine garaşmaly däl, sebäbi maslahat diňe programma üpjünçiligi meselelerine bagyşlanýar. Täze enjamlar bolsa, adatça, sentýabr aýyndaky çärede tanyşdyrylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir