Kembrijden alymlar bitkoin kriptowalýutasynyň dürli ulgamlaýyn infrastruktura näsazlyklaryna bolan durnuklylygyny öwrendiler. Olar bitkoin torunyň işiniň düýpli bozulmagy üçin dünýädäki suwasty internet kabelleriniň 72%-den 92%-ne çenlisiniň bir wagtda zeperlenmelidigi baradaky netijä geldiler. Barlag işi toruň 11 ýyllyk iş maglumatlaryny we kabelleriň zeperlenmegi bilen bagly tassyklanan 68 ýagdaýyň seljermesini öz içine aldy. Alymlaryň berýän maglumatyna görä, tötänleýin ýüze çykýan näsazlyklar toruň işine täsir etmeýär diýen ýaly. Şol bir wagtyň özünde, bilkastlaýyn hüjümleriň has howply bolup biljekdigi nygtalýar. Hususan-da, düzümiň esasy nokatlaryna ýa-da iri hosting-prowaýderlerine ediljek täsirler has uly bökdençliklere sebäp bolup biler. Alymlar Hetzner, OVH, Comcast, Amazon we Google Cloud ýaly bäş sany iň iri prowaýdere ediljek hüjümiň, has kiçi möçberli gatyşmalarda hem bitkoin torunyň işini togtadyp biljekdigini belleýärler. Şeýle hem barlagda TOR uzelleriniň ulanylyşynyň artmagynyň bitkoiniň fiziki durnuklylygyny garaşylmadyk ýagdaýda ýokarlandyrandygy aýdylýar. Sebäbi retranslyasiýa düzümi biri-biri bilen berk baglanyşykly bolan we izolirlemesi kyn bolan Ýewropa ýurtlarynda jemlenendir. 2025-nji ýylyň maglumatyna görä, bitkoin uzelleriniň 64%-i TOR ulanýar, bu bolsa olaryň fiziki ýerleşýän ýerini anyklamagy mümkin däl edýär. Bitkoin jemgyýetçiligi merkezleşdirilen utgaşdyrmasyz, özbaşdak ýagdaýda senzuranyň öňünde durnukly infrastruktura geçdi. Bu geçiş toruň dürli bozulmalara garşy fiziki durnuklylygyny hem has-da berkitdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir