Adam haýwanlar bilen 90-95% meňzeş.Bizi haýwanlardan tapawutlandyrýan zat,haýwanlaryňkydan ösen aňymyz.Biziň aňymyz haýwanlaryňky ýaly bolanda, arada hiç hili tapawudam bolmaly däl.Sosial jemgyýetde biz kä halat haýwany psihologiýamyz bilen hereket edýäris.Adamy oňurgaly,süýdemdiriji,ýyrtyjy haýwanlaryň hatarynada goşup bolýar.
Belki,Çarlz Darwiniň garaýyşlary nädogrydyr.Ýöne,adamyň döreýşini dini ýol bilen beýan edilşini deňeşdirsek, Darwiniň garaýyşlary has ylma ýakyn ýaly bolup görünýär.Meselem:

Haýwanlarda oňurga we süňk bar.
Adamlarda-da oňurga we süňk bar.

Haýwanlar "urkaçy we erkek" diýip iki topara bölünýär.
Adamlaram şol iki topara bölünýär.

Haýwanlar jynsy gatnaşykda bolýarlar we diri çaga dogurýarlar.
Adamlaram şeýle.

Haýwanlar öz çagasyny süýt bilen ekleýärler.
Adamlaram çagasyny emdirýär.

Haýwanlarda ýürek,bagyr,beýni,aşgazan we şuňa meňzeş organlar bar.
Adamlarda-da bar şol organlar.

Haýwanlar keselleýär we käbir ösümlikleri iýip sagalyp bilýärler.
Adamlaram käbir dermanlyk ösümlikler arkaly derdine em tapýarlar

Haýwanlar öz çagasyny bilýärler we uzak aralykdanam ýalňyşman öz öýüni tapyp gelip bilýärler.
Adamlarda-da bar şeýle häsiýet.

Hem et iýýän hem ot iýýän haýwanlar bar.
Adamlaram hem et hem ot iýýär.

Käbir maýmyn toparlarynda garyndaşlyk gatnaşyklary bar
Garyndaşlyk topar adamlarda-da bar.

Käbir topar bolup ýaşaýan haýwanlar özlerine serdar saýlaýarlar we şoňa boýun bolýarlar.
Adamlarda-da serdar bar we oňa boýun egýärler.

Haýwanlar açlykdan,suwsyzlykdan we howsala düşenlerinde bir bir topar bolup ylgaýarlar we birnäçe ejiz haýwanlar aýak astynda depelenip heläk bolýarlar.
Özi ýaly adamy depeläp geçmek adamlarada mahsus zat.

Adamlar hetden aşa aç galanlarynda ys alyşy güýçlenýär we agzyndan gyllygy akýar.

Din bize adamlary haýwanlardan aýry bir zat hökmünde düşündirýär.Ýöne,tebigaty synlap oturşuňa adamlar haýwanlar bilen umumy bir zat diýen netijä gelmek bolýar

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir