salawmalikim hormatly agzalar! Hemmamiziñ bilshimiz yaly her yylyñ 6-njy oktyabry - ählihalk milli matam güni! 48-iñ shol yowuz gijesinden eyyäm 62 yyl gecen hem bolsa, onuñ yüreklerde galdyran yzasy häli-häzirlerem yatdan cykayanok. Shol yowuz günde, yagny, 1948-nji yylyñ 5-nji oktyabryndan 6-njy oktyabryna gecilen gije rahat ukuda yatan gözel Ashgabadymyz sanlyja sekundyñ dowamynda yer bilen yegsan boldy. Shol wagtlar Ashgabatda yashayan 190müñ adamdan 176müñ adam shol yowuz gijäñ pidasy boldy, galanlaryñam aglabasy mayyp-müjrüp bolup galdylar. 9 bal güyji bolan shol yer titremede käbir maglumatlara görä, diñe 3 sanyjak bina yykylman galypdyr, galan ahli binalar göz acyp yumasy salymda yer bilen yegsan bolupdyr. Kabir maglumatlara görä, shol wagtky sssr respublikalaryndan 7 müñ wagon, 240 sany ýük uçary we müñlerçe mashyn kömek getirilipdi. Yene-de käbir maglumatlara görä, 8 müñden gowrak yaraly ýa-da ýetim çagalar beýleki respublikalara ugradylypdyr. Shol sanda abş, polşa, germaniýa we bolgariýa yaly döwletler hem yer titremesiniñ yzynda galanlar ucin kömek ugradypdyrlar... Umuman, halkymyzyñ yüreklerine ajy yatlama bolup giren sho yowuz gijeden 62 yyl gecdi. Bu gün shol yer titremede wepat bolan shehitlerimiz ählihalk bolup yatlanylyar. Ashgabat yer titremesinde wepat bolan adamlaryñ ählisiniñ yatan yeri yagty bolsun! Jaylary jennetden bolsun! Goy, Allajan sholar yaly yowuz wakany indi hic hacan görkezmesin! Milli matam güni kabul bolsun, türkmen halkym! Sözümiñ soñyny shu goshgy setirleri bilen jemlemekci: beyik saparmyrat türkmenbashy - amanda sakla! Ey, Alla! Titremesin, gara yeriñi sakla, Harasady, gara yeliñi sakla, Sakla, dag astynda yatan wulkany, Sakla, yer astynda yatan apaty, Sarsgyny sakla! Sakla, bu abadan ülkämi sakla! Diñle, gojalaryñ ayat-töwürin: Ey, Alla, zeminiñ bar belasyndan, Yow belasyndan, Suw belasyndan, Ot belasyndan, Penañda sakla! Amanda sakla! Diñle, gojalaryñ ayat töwürin, Diñle eneleriñ edyan dilegin. Bet apatyn sakla, Allam, pelegiñ! Ilimiñ, ulsumyñ penasyn diñle!
6-njy oktyabr - Milli matam güni!
-
Leylisa
14 years ago
- Gool salam ruhnamany nireden aldyn ya yatdan bilyanmi.dogry bu gün turenistanda hasam askabatda herkim Gül goymana gidyandir.
-
Goool
14 years ago
Bugün ähli türkmen halky sho ajy gijäniñ shehitlerini hatyralayar. Shehitleriñ yatan yerleri yagty bolsun! Milli matam günende okajak dogalaryñyz, berjek sadakalaryñyz kabul bolsun!
-
Leylisa
14 years ago
- Kabul bolsun
-
Bravo
14 years ago
- Jaylary jennet bolsun! Ämin!
Thanks goool aga!
-
Ayyuzli
14 years ago
- salam.oran gynandyryjy.mekanlary ucmah bolsun.amin.
Hayyshym bar.shu goshgy doly yada dushenok,bilyan yazaysyn.
48-de arman bilen yumulyp,
..............gozlere derek.
Ashgabadym sana yene,yene-de
ulalmak,kopelmek,dogulmak gerek.
-
Bravo
14 years ago
- Menem esdpdm su gosgyny..
-
Kuraldyshy
13 years ago
- dunyade ın uly 7 njı orunda duryar eken, turkmenistanyn şol wagtky jemi ilatynyn 10 göterimi!!! alla görkezmesin gaytalap, yatan yerleri yagty bolsun ....................
-
magnit
13 years ago
- garashsyzlykdan ön yatlap gecmeli oten gecenleri!
-
mirasymyz
13 years ago
- Şol ýylda ýeriň aşagynda galan garagöz türkmen gerçeklemmize Allahdan rehmet dileýän. Ýatan ýerleri ýagty, jaýlary jennet, imanly gidenlerden eýlesin.
Şonuň ýaly beladan Allah uzak etsin. Beterinden saklasyn.
-
ependi
13 years ago
- mirasymyza goşulýan
-
Younglord
13 years ago
- Sag bol
-
Warsaky
13 years ago
- Imany hemra bolsun, jaylary jennetden bolsun! Bular yaly betbatçylyklardan indi ALLAN ozi gorasyn!
-
Tourist
13 years ago
- Ämin
Goool 14 years ago- 1948-nji ýylyň aşgabat ýer titremesi barada (ruhnamadan)
Uruş gutardy, diri galanlar watanyna gaýdyp geldiler,
adamlaryň ýüreginde sähelçe şatlyk döräp başlady. Emma uzak bolmady, Taňrym türkmen
halkyny ýene bir synagdan geçirdi,1948-nji ýylyň 6-njy oktýabry gijesi Aşgabatda ýer titräp, owadan şäherimiz bir gijede weýran boldy. Paýtagtymyzda ýaşaýan 198 müň
adamdan 176 müň adam bir gijede şehit boldular, galanlarynyň köpüsi maýyp-müjrüp galdylar... ol heläkçilik biziňem maşgalamyza degdi, ilki agşam ýatanymyzda dört başdyk, 33 ýaşly mähriban ejem, 10 ýaşly uluja doganym Nyýazmyrat, 6 ýaşly jigijigim Muhammetmyrat, şol gije şehit boldular, ertir daň atanda ýykylan öýümiziň
üstünde, entek sekiz ýaşy dolmadyk men otyrdym. şeýdip, alty gije-gündiz ýeke özüm oturdym, ejemiň, kakamyň garyndaşlary ýedinji gün gelip ölen käbämi, doganjyklarymy äkidip Ymam-Kasym öwlüýäsinde jaýladylar.
şol alty gije-gündizde çagalyk döwrümiň gutaranyny bildim, gözümdäki ýaşlar ebedilik gurady, iň soňky gezek mähribanlaryma, harabanyň astynda ýatan ýerlerine seretdim, olara sessiz kasam etdim: "Ezizlerim, siziň we mähriban kakamyň ruhy ömrüm ötünçä ýüregimde ýaşar, maňa gaýrat, güýç berer, men maksat tutdum, men sizi ýetip bilmedik arzuwlaryňyza hem ýetirin, Alla
meni goldasyn, men maksadyma ýeterin!" Beyik
Saparmyrat Türkmenbaşy