Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! :). Shu günler bosh wagtlarym goshgy okaýan. Hemme kim "Kerim agañ goshgylary gowy" diýishdiler welin meniñem okasym geldi :). Öýde kitap durýan tekjeden "Oýlanma baýry" 2007 nji ýylda çap edilen, K. Gurbannepesowyñ kitabyny tapdym. Içindäki goshgulary her ýerinden bir-iki goshgy okadym. Öñ okamadyk goshgularymdan iñ halanlarym "Plan dolmaly, plan!" we "Mashyn, mashyn, mashyn". Shu iki goshgusy degishme bilen hakykat garyshylan manyda ýazylan eken. Ýazyjy K. Gurbannepesowyñ gysgaça biografiýasy bilen sizi tanyshdyraýyn, soñra shol iki goshgyny siz bilen paýlashjak ;). Türkmenistanyñ halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyñ eýesi Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylda Gökdepe etrabynyñ Ýylgyn obasynda dünýä inýär. Beýik Watançylyk urshy ýyllarynda onuñ mashgalasy Tejene göçýär. Shol ýerde ol "Zarpçy" hemde "Tejengurlushyk" etrap gazetlerinde ishleýär. Kerim goshgy ýazmaga ýashlykdan bashlaýar. Onuñ ilkinji shygyrlary etrap hem-de "Mydam taýýar", "Ýash kommunist" gazetlerinde, "Tokmak" zhurnalynda çap edilýär. Ilkinji goshgular ýygyndysy "Güýjümiñ gözbashy" 1951-nji ýylda okyjylara hödürlenýär. Shondan soñ, zehinli shahyryñ kitaplarynyñ ençemesi çeper eserleriñ mushdaklarynyñ dykgatyna ýetirilýär. Onuñ "Goshgular we poemalar" kitaby (1958), "Taýmaz baba" poemasy (1960) atora uly shöhrat getirýär. Halypa shahyryñ goshgularydyr poemalary diliniñ sadadan ýeñilligi, many-mazmunynyñ biçak baýlygy, joshgulylygy, ideýa-mazmunynyñ milliligi, çuññur halkylygy bilen okyjylary özüne bendi edýär.
Kerim agañ goshgularyndan iñ halan iki goshgym... :)
-
Rowshen-Jm
14 years ago
- "Mashyn, mashyn, mashyn"
Gündogar tarapmy, günbatar tarap -
Tagtamy, Murgapmy, Saýatmy, Farap,
Tejenmi, Dushakmy, Kakamy, Mäne...
Haýsy ýerdedigi hökmanmy näme? -
Biriniñ öýünde düshdüm men gonak.
"Ş" harpyndan ýaña bez boldy gulak.
Ertirki barshyma,
Bolýança peýshin -
Ähli esgden sözüm:
"Mashyn, mashyn, mashyn!"
Ortada çishlikli, kebaply saçak.
Saçagyñ dashyndan bir topar goçak,
Brigadir, agronom, mugallym, müdir,
Agzynda - omaça, elinde - petir.
Dillerinde bolsa -
"Motor, çyra, shin.
Tormoz, tigir, nomer,
Mashyn, mashyn, mashyn!"
Birisi gürleýär garazhy hakda.
Biri - "Sportlotoñ" tirazhy hakda.
Biri - mashynynyñ boýagy hakda.
Biri - "Wolgasynyñ" keýigi hakda.
Biri - "Jiguliniñ" nobaty hakda.
Biri - shol nobatyñ gybaty hakda.
Biri bolsa eýýäm gözlerin bürüp,
Aljak mashynyny düýshünde görüp,
Tamyñ bir burçynda
Hor çekýär täsin:
"Mah-shyn, mah-shyn,
Mah-shyn, mah-shyn, mah-shyn!"
Dutar peçiñ ýanda garalyp ýatyr,
Bagshy egnin gysyp, garashyp otyr.
Gözümi ümledim. Düshündi bagshy.
Aýdymlar ýañlandy ýagshydan ýagshy.
Akmeñliñ saçlary tellenip gitdi.
Meñli çeshmä tarap sallanyp gitdi.
Onýança ýene-de çogýan dek ýerden,
"Ş" harpy shuwwuldap bashlady birden.
Bir seretsek -
Goshup sesine bagshyñ,
Agronom hiñlenýär:
"Mashyn, mashyn, mashyn!"
Bagshy çydamady. Öýkeläp gitdi.
Onýança ýoldashym böwrüme dürtdi:
"Bashgarak bir gürrüñ
Tapsana, shahyr.
Ýürege düshdi-le:
"Mashyn, mashyn, mashyn!"
Gürrüñ edip berdim Karel Çepekden,
Goshgy okap berdim Ata Köpekden.
Soñabaka tutdym hasam uludan:
Molla Kemineden, Magtymgulydan.
Seýdiniñ, Nepesiñ, Mätajiñ sözün
Saldym agyzlarna misli bir üzüm.
Okadym köp dürli ykballar hakda.
Gara ýollar hakda, ak ýollar hakda.
Geçen günler hakda, shu günler hakda.
Gözi çanak ýaly gelinler hakda...
Emma ýuwash-ýuwash ejizläp goshgy,
Ýene üstün çykdy mashynyñ yshky.
Goshulyp bashlady
Içine goshgyñ:
"Motor, karbýurator,
Mashyn, mashyn, mashyn!"
Olar - sekiz adam, men bolsa - ýeke.
(Ne gahar duýuljak, ne-de bir öýke!)
Goshgy bilen bogup mashyna çemen,
Olara goshulup bashladym menem.
Ine, gerek bolsa bir topar erkek -
Boýnunda - galstuk, bashynda - telpek,
Dünýä inen ýaly
Bir demir üçin -
"Mashyn-da mashyn,
Mashyn!...
Mashyn!...
Mashyn!..."
Kerim Gurbannepesow
-
Tupan
14 years ago
- Kerim aga telpek. Yaltanman yazanyn ucin sana da bir telpek rowshen. )))
-
hallboy
14 years ago
- Kerim aganyñ goshgularyna söz yok.
-
Nechka94
14 years ago
- Sagja bol rowshen dost
-
Bravo
14 years ago
- Rowsen dost malades. Dogurdanam bet!
-
Goool
14 years ago
- birinjini goshgyny okap gorupdim, ikinjini goshgyny birinji gezek okap goryan. Sonky goshgy betinden (hahaha cyracylar ucin zakaz oydyan)
-
Bravo
14 years ago
- :P
-
Bayja
14 years ago
- Sagja bol dos betinden
-
Cwetocek
14 years ago
- kop kop minnetdar rowshen-jm!
-
chsho
14 years ago
- salam doganlar soyen gyzyny bermeseler shonda name edip bolar.
-
chsho
14 years ago
- salam doganlar soyen gyzyny bermeseler shonda name edip bolar.
-
Rahip
14 years ago
- Tupan dost telpek gymmat dalmay?
Kan bolsa bizede 1 ugratsana atama berjek,
:-)
Shutga :::
Kerim aga betdirlay
Sagja bol rowshern dost!!!!
-
Bravo
14 years ago
- Cho dost soyen gyzyny bermeseler do konca goresh. Sen ony söyyan ahyry, seyle dami?
-
Tupan
14 years ago
- Chsho!
- alyp gachmaly...
- gorkyan agam.
- kimden gorkyañ?
- turkmenchilikden agam, turkmenchilikden. (kinofilmden) rahip! Ay, birä sheyle ajayyp zady doredipdir, birem shoncha zady yaltanman yazypdyr, gymmat bolsa telpek goymasak bolmaz-a. )))
-
Bravo
14 years ago
- 1 gyñaja ... Gt! :P
-
Gapyrjak
14 years ago
- Arasynda bir gosgam okäñ dostlar, kerim agañ goshgusy. Örän gowy goshgulary bar!
-
RTS
14 years ago
- bet tupan dost...
-
RTS
14 years ago
- yazyp dur
-
DG
14 years ago
- Arañyzda ýene-de Kerim aganyñ go$gularyny bilýäniñ bar bolsa ýazaýyñda
-
DG
14 years ago
- Arañyzda ýene-de Kerim aganyñ go$gularyny bilýäniñ bar bolsa ýazaýyñda
-
Multyk
12 years ago
- :)
-
Bahbit
12 years ago
- ?
-
pida
12 years ago
- Wesyetler boyunça
Çagakak “Ağlamak utanç” diydiler.
Jahylkak “Aldamak utanç” diydiler.
Şeydip endik etdik ağlamazlyğa.
Şeydip endik etdik aldamazlyğa.
Diydiler: “Köplükde gägirmek ayyp”.
Diydiler: “Köçede sygyrmak ayyp”.
Diydiler: “Meylisde geçmänkäñ töre
Hakyñ barmy törüñ özünden sora”.
Yene-de diydiler: “Ulalyp yaşyñ
Garaja gyl bilen basyrlar döşüñ”
“Döşüñe bityänçä şol gyl diydiler.
Günäñi geçerler, ogul!” diydiler.
“Döşüñe bitensoñ şol gyl diydiler,
Döşüñe mynasyp bolgun diydiler.”
Diydiler: ”Dünyäde nämedir gyt zat?”,
Üç gezek diydiler: “Ussat! Ussat! Ussat!”
“Naçe gyt bolsada ussat diydiler,
Çyn şägirt ondanam gyt zar diydiler ”.
“Öwrenip ilkinji harpy – diydiler,
Gomalar şägirdiñ galpy! ” diydiler.
Yene –de diydiler: "ulamy kiçä
Öljegñi bilseñde yalbarma kişä! "
“Diñe bir adama yalbar!” diydiler.
Onuñam adyna dilber diydiler.
“Ayyp däl näzini çekmek diydiler
Nazden yüzün sowan - akmak ” diydiler.
“Yene iki merde yalbarmak bolar-
Diydiler ene hem atadyr olar”.
“Ataña yalbarsañ galkynar ruhy”
“Eneñe yalbarsañ kemeler ahy”
“Kim etse şolara tagzym – didiler,
işi rowaç yaşy uzyn diydiler! “
...Yene de kän edepleñ tutdular adyn.
Diydiler: “Gabanma özgäñ şöhratyn!”
“Gabanma zehiniñ ezelliğini!”
“Gabanma öz jorañ gözelligini!”
“Gabanma öz äriñ gerçekliğini!”
“Gabanma öz gelniñ alçaklyğyny!”
“Ne näzlerin, ne de sözlerin gaban,
Diñe oynaklatsa...
Gözlerin gaban!”
Diydiler : ”Erkekden belenttir ayal!”
“O nämüçin ?” diyip berdiler sowal.
Jogabyn berdiler: “Gutaryp ömrüñ
yagty dünyä hoşlaşsañ bir gün-
Ayal är ojağyn saklar – diydiler,
Söygüñü müñ kerem saklar!” diydiler.
“Çagalaryn iydir, geydir – diydiler,
Şeydip yaş ömrünü köydür!” diydiler.
“ Emma beydip bilmez erkek – diydiler,
Bu babatda pesdir entek!” diydiler.
“Altmyşdan, temişden geçse de Saly
Gözlerin yumdumy eziz ayaly –
Yatdan çykyp wepa ygrar – diydiler,
ikinjiñ gözlegne ylgar!” diydiler.
... Diydiler, diydiler, diydiler kän zat.
Käbirisi añsat.köpüsü kyn zat.
Añsadyn – hemmeler başar – diydiler,
Kynyn başarmakda iş bar – diydiler.
Kyn hem bolsa,
Şudur wesyet – diydiler.
Diñe kyn zat -
Şol mukaddes! – diydiler
-
lukmantm
12 years ago
- Kerim aga yaly beyik shahyr indi dunya inermika (bilmedimda)
kop sagbol awtor sheýle ajayyp goshgylary yenede yetirip durun
Rowshen-Jm 14 years ago- "Plan dolmaly, plan!"
Bir gün bir taksa mündük. Aman, aman, eý, aman!
- Beýle-de sürmek bormy?
- Sürmek bolar, dogan jan,
Plan dolmaly, plan!
Sheýle bir sürýär welin - owsun atýar uçmaga.
Tasdan tigriñ astynda kerçelipdi bir çaga.
- A-haw, gardash, ägä bol!
- Aý, ol zatlar owarram.
Hiç zat bolmaz, çagadyr.
Plan dolmaly, plan!
Täze Köshüñ öñünden, köne Gökjäñ deñinden,
Öýkenmizi dolduryp Büzmeýiniñ çañyndan,
Uçup barýas Gökdepä.
- Ýuwashrak, haw, halypa!
- Plan dolmaly, plan!
Diýdim: "Her bir adamyñ çagasy bar, öýi bar.
Shu gün tutýan toýy bar, erte tutjak toýy bar.
Seniñem-ä ýok däldir
Öz mashgalañ, öz balañ!"
- Wah, shol balalar üçin
Plan dolmaly, plan!
- A-haw, plan diýen zat adam üçin dörýän zat.
Samolýot - uçmaly zat, mashyn bolsa - ýörýän zat.
Shonuñ üçin az-owlak
Seresap bol, gadyrdan!
- Seresapdan çörek ýok,
Plan dolmaly, plan!
Sanjak ýaly ýash gelin ylgap geçdi köçeden.
Akja bäbek tasdanam aýrylypdy ejeden.
- Baý, shu ýollañ ugrunda
Kañkap ýören heleý kän.
Oturuñ-da öýñüzde!
Plan dolmaly, plan!
- Sheýle gelinler dälmi ýollarmyzyñ gelshigi!
Sheýle gelinler dälmi Ýeriñ göwher eshigi!
Neneñ sholañ üstüne
Sürünüp bilýäñ uýalman?
- Aý, gardash jan, gelin köp!
Plan dolmaly, plan!
Kesip geçdi köçäni ak göleli ak sygyr -
Plan diýilýän zatdan düshünjesi ýok sygyr.
- Ýeri, ýoluñ üstünde
Nä körüñ samsyk haýwan!
Ýat-da, bar-da döläñde!
Plan dolmaly, plan!
Garshymyzdan gübürdäp, zompa çykdy MAZ-mashyn.
Äsgermezlik edäýseñ shepagaty az mashyn.
Goja shofýor zor eken - etdi ussat öwrümi.
Ýogsa dagy "Wolganyñ" ýoljakdy bir böwrüni.
Diýdim: "Tas-a planmyz
Dolupdy, halypa jan!"
- Aý, bir basha bir ajal,
Plan dolmaly, plan!
Diýdim: "Men-ä hiç weli, shu oturan çal zenan,
Güneshli ülkämize bir ýerde gelen myhman!..."
Ol diýdi: "Myhman bilen
Taksa münmezler, dost jan!
Taksi diýilýän zatda
Plan bar, inim, plan!"
Soñra diýdi: "Düshün, dost, menem ýalñysh-ýeke däl.
Meniñ ekleýänlerim bir adam ýa iki däl.
Diñe balam-çagam däl,
Bashga-da köp ymtylýan!
Planyñ dashyndanam
Ýene-de pylan, pylan, pylan..."
Eýdip-beýdip sag-aman baryp ýetdik menzile.
Ýöne weli, kalbymda gopdy sheýle zenzele:
Öz wagtynda bogulmasa, nebis diýilýän Ýylan.
Adamda ne ynsap goýjak, ne-de bir wyzhdan!
Planam zerur weli,
Shol ullakan belañ
Garshysyna göreshmek hem
Iñ ullakan plan,
Iñ wajyp plan!
Kerim Gurbannepesow