HHRyň Ýewropa gaçyp giden öňki sülçisi Hytaý hökümedi musulman uýgur tussaglaryny aýyplaryny boýun aldyrmak üçin nähili gynaga salýandyklarny suratlandyryp berdi. Ofitser Szyan bilen söhbet(onuň asyl at-familiýasy däl ) CNN tarapyndan ýazylyp alyndy.

Öňki sülçiniň aýtmagna görä,tussag edilen uýgurlar terrorizm aýbyny öz boýnuna almak üçin urulan,elektrik toguna tutulan we köpçülikleýin zorlanan.

Szyanyň kärdeşleri,şeýle-de,adamy ukusyz galdyrmak,suwda gynamak we kameraň pataloguna asyp goýmak arkaly aýyplaryny boýun almaklaryny soraýarlar. Uýgurlary demir zynjyr urup,bogup öldürýärler we ýüzlerine aýaklary bilen basýarlar. Polisiýa, şeýle-de,tussag musulmanlary zorlamaklaryny hem buýurýar,aýratynam erkekleri.

Uýgur genosidiniň arkasyndan,Wekiller palatasy spikeri Nensi Pelosi halkara jemgyýetini 2022 ýylda Hytaýda bolup ötjek Olimpiýada oýunlaryny boýkot etmäge çagyrdy. Onuň pikiriçe,"dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ýolbaşçylary" bu sport çäresine gatnaşmakdan ýüz öwürmekleri gerek.





Täzelikler, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir