BAGT NAME? "BAGT name?"-diyip soradym PULDAN, PUL: "baylyk"-diyip, altynlary gorkezdi. PULA tarap gadam basjakdym welin, Baylykdan son "MESLIK" meni urkuzdi. Sonra bardym "UZAK OMRUÑ" yanyna, "BAGT senmi?"-diyip, soradym ondan. Diydi:"Jigim, el-ayagyn ysmaz bor, SHoñ uchin chyn bagty gozleme menden." Gaytdym jogap tapman "UZAK OMURDEN", Soñra yolda gabat geldim "ABRAYA". Diydim:"ABRAY aga, sendemi BAGT?" Gorsem, "ABRAY", zaryn-zaryn aglayar. BAGTY tapman, yuzum salyp gelyardim, Birden "SÖYGI" ylgap geldi yanyma. Diydi:"Meni tapsan-BAGTY taparsyn" Hemmamiz söyeliñ HAKYÑ shanyna! Ýetir Gaýra ýurtlar zyndan boldyla maña, Haçan ýeterkäm men arzyly daña, Eý nalyşym bu gün öwrülip ýaña, Arzuwlarym dogduk diýara ýetir. Baslygyp dur, gursagymda hyýallar, Derdim kändir, añ ýetirmez bu daglar, Nirde galdy gamsyz, şadyýan çaglar, Eý Biribar, ajap döwrany getir. Señ goýnuñda eken dünýä manysy, Ýat illeriñ hözir bermez barysy, Barmykan älemde, Watan ýalysy! Duýgymyñ beýany şol ýeke setir. Çydam etmez indi, köñül bu derde, Salgymyñ görünýär, göze her ýerde, Jebriñden inipdir, gözüme perde, Allam, men biçäräñ hasratyn bitir. Ŷylgyraňda ŷylap gidŷär yüregim, Ŷylgyryşy nurana ŷazdan alypsyň! Göreçleri gijäň ak ŷyldyzyndan, Dili bolsa, meger, közden alypsyň! Säheriňki ŷaňaklaryň terligi, Gylyçdanmy gyŷma-gaşyň ŷerligi?! Göz bilen gepleşyäň, bu ŷeserligi, Diŷŷärler jadyly sazdan alypsyň! Ŷöne käte gazaplanŷaň, -Eŷ, aman! Gyŷa bakyp geçŷäň bize garaman, Meger muny gün çyksa-da eremän, Kölegede ŷatan buzdan alypsyň! Bolŷar, näzdir diŷeli bu gylygy, Edepden, gep-sözüň ŷerlikliligi, İň mukaddes zady Durnuklylygy, İň bir güyçli zatdan, ‘duzdan’ alypsyň!
Goshgylar
-
Nechka94
14 years ago
- Sag bol hallboy gowy gosgylar eken
-
akyigit
14 years ago
- gowy gosgy
-
Cwetocek
14 years ago
- Hallboy minnetdar!!!
-
hallboy
14 years ago
- Ahyrzamana
Köñlüm aỳdar, dostlar, eỳläỳin beỳan,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana,
Dünỳä üçin şerigaty taşlaban,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.
Mollalar ylmyna etmedi amal,
Şerigat işine eỳlemeỳ jedel,
Pälimiz bozulup, köpeldi kesel,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.
Müftüler mal alyp, rowaỳat berer,
Nä-hak pulun alar, hakky köỳdürer,
Pälleri bozulup, fesat köpeler,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.
İşanlary ryỳa eỳlär namazyn,
Saflatta ötürer gyş bile ỳazyn,
ỳalan sözläp, ilden alar nyỳazyn,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana
Sopular nebis üçin mele don giỳip,
Şüpheli tagamy halal diỳip, iỳip,
Şeỳtan päli birlän keramat diỳip,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.
Şyh bolanlar nezr üstünde uruşup,
Bir pul üçin zeñ, perzende sögüşüp,
Öwlüỳa gapysynda mundag boluşup,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.
Hojalar fahr eder, asly zatyny,
Kyỳam İsameddin goỳup adyny,
Pylan kes hoja dep hem öwladyny,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.
Kethuda bolanlar dogry sözlemez,
Para alar, leỳken hakkyny gözlemez,
Nä-hak güwä bolar, dawa düzlemez,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.
Baỳlarda galmady haỳr-u sahawat,
Dünỳa dep gezerler bolmaỳ peragat,
Garyplar, baỳlardan görmez hemaỳat,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.
Oglu hoş-ruỳ bolsa edermişler şat,
Göỳä ki, döwletli bolandyr zyỳat,
Gün günden jahanda köpeldi fesat,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.
Gyz jywanda ỳokdur haỳadan eser,
ỳigitler gyz bilen oỳnaỳyp gezer,
ỳaman iş köpeldi, gün günden beter,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.
Zamana işleri ỳaman bolupdyr,
Jahan içre fesat işler dolupdyr,
Pälimiz gidibän, reñkler soluptyr,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.
Baỳlar zekat bermeỳ, bolupdyr süỳthor,
İl içinde köpelipdir husythor,
Ömür ötüp, gaflata bolupmyz magrur,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.
Günahlar köp bolup, eksildi sogap,
Gorkarym, bu jahan bolmagaỳ harap,
Keşp edip satarlar aragu şarap,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.
Magtymguly, munça kylmak hekaỳat,
Akyllara, şaỳat, bolgaỳ kifaỳat,
Dünỳäniñ işine ỳokdur nihaỳat,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.
Ine bu goshgy = biziñ zaman xx1 asr
-
hallboy
14 years ago
-
GÜLE MEŇZÄR
Eý, ýaranlar, ýagşy ýaryň
Goýny jennet, güle meňzär;
Sözlese, dürler saçylar,
Dilleri bilbile meňzär.
Yşk ody ýandyrdy bizi,
Sormaňlar menden sözi,
Ýaryň eýgi gyzyl ýüzi
Göýä Aýa-Güne meňzär.
Näler çekdim derdi-pyrak,
Ýeteý diýsem, ýolum yrak,
Galam gaşly, badam gabak,
Saçlary sünbüle meňzär.
Zülplerine urup şana,
Meni ol kyldy diwana,
Göýä ol – şem, men – perwana,
Ýandym, tenim küle meňzär.
Köýen ýok düňýäde mençe,
Didar görmek ýok doýynça,
Dişleri dür, agzy gunça,
Bili inçe – gyla meňzär.
Gözi nerkes, boýy şemşat,
Kirpikleri misli polat,
Peri-peýkar serwi azat,
Desse-desse güle meňzär.
Göwsünde bar goşa nary,
Ak ýüzünde jüre haly,
Leblerinden akan baly
Şähd ile şekere meňzär.
Özüne köpdür binasy,
Geýip reňbe-reň lybasy,
Eline goýan hanasy,
Göýä gyzyl nara meňzär.
Magtymguly, bolduň harap,
İsräp tapman ýary sorap,
Orturyşyň ýola garap,
Ýol tapmadyk köre meňzär.
-
jumbo
14 years ago
- hallboy sagja bol 6ular yaly gyzykly zatlary okadanyng u4in! gaty gowy dostym!
-
hallboy
14 years ago
- Senem sag bol!
-
jumbo
14 years ago
- okadygyng4a okasyng gelyaray.
-
hallboy
14 years ago
-
hallboy
14 years ago
- Pyraga deñ geljek shahyr yokdur.
-
hallboy
14 years ago
- ŞAHYR we GÖZEL GYZ
Bir bar eken, bir ýok eken,
Bir şahyr ýaşapdyr, ýaman uzakda,
Şahyryň päkje köňlünde diňe
Pikirler ýaşarmyş gözel gyz hakda.
Şahyr watanyn goýup, gitdi uzaga,
Gözel gyzyň kalbyny gazanmak üçin,
Şirin sözli goşgular düzdi-de düzdi
Gyzyň gulajygna pyşyrdamak üçin.
Uzagyň soňuna ýetende şahyr,
Bir dagyň başynda akja köşk gördi,
Hudaýa şükredip, daga dyrmaşdy,
Begenip, şol köşkden içeri girdi.
Ak köşkde gara döw ýaşaýar eken,
Gözel gyzy zyndanda saklaýar eken,
Zyndany gulp bilen gulplaýar eken,
Şol gulpam passwordly açylýar eken.
Gara döwden gizlenip, garaşdy şahyr,
Gara döw ýatansoň, zyndana gidip,
Gözel gyza duşdy ol indi ahyr
Ýöne bu gulpy açmaly, nädip?
Gözel "gyz şypyry bilemok" diýdi
"Gulpa bir zatlara pyşyrdamaly"
Şahyr kän oýlandy, kän pikirlendi
"Belki-de gulpa goşgy okamaly?"
Gözel gyz üçin düzen bar goşgylaryn,
Mylaýym sesi bilen şahyr sözledi,
Gulp şirin sözlere çydap bilmedi,
Çalajadan, ýuwaş ýuwaş eredi.
Şahyr bilen gözel gyz gaçyp Moskwiçli,
Geldiler şahyryň uzak yurduna,
Gözel gyz gujaklap, batyr şahyry,
Bir möhüm syr aýtdy, oň gulagna.
Dagdaky akja köşk - näzik bedenim,
Gara döw - aklymdaky gara pikirlerim,
Şol zyndan - duygusyz ýaşaýan ruhym,
Işikdäki gulpam - meniň ýüregim.
-
Cwetocek
14 years ago
- Gowy erteki minnetdar hallboy!
-
prikolmyrat
14 years ago
- hallboy maloçey, özün düzen bolsan 10 sany telpek bratan
-
hallboy
14 years ago
- Sag boluñ.
Pikki, ondan görä JS firmasynyñ kepkasyndan 1 jübüt beräy. T
-
prikolmyrat
14 years ago
- yok how öz milli kepkan barka başkanyn kepkasyny nametjek, telpege "new era - time is money" nakleykasyny yapyşdyryp bererin özüm
-
hallboy
14 years ago
- Ay, sen gelyäñ welin gülkim tutyar. Minnetdar.
-
Cwetocek
14 years ago
- Gulda onda:-)
-
hallboy
14 years ago
- :-) :-) :-) :-) :-) :-) :-) :-) :-) :-)
Yeterlikmi ya yenemi?
-
Cwetocek
14 years ago
- Boldy kop gulme aglarsyn:-)
-
prikolmyrat
14 years ago
- doss 10 gezek gülüpsin, kepkany beremoklay indi sana, men sana 3 gezekden kan gülme diyipdim
-
hallboy
14 years ago
- Hachan, maña onuñ yaly zatlar aydanyña yadyma düshenok. :-) :-) :-)
-
prikolmyrat
14 years ago
- fuy blya birem aldayan doss, indi wapşe beremok bara
-
Cwetocek
14 years ago
- Aytdma men sana kop gulme diyip ana indi kepkadan galdn indi aglamagn pikki kepka berenok diyip:-)
-
hallboy
14 years ago
- Maslahatyñ üchin sag bol :-(
-
hallboy
14 years ago
- Kerim Gurbannepesow - Aktual Poema
Poeziýa modadan gaçýar diýýärler,
Beýle gürrüň daşgarydyr kadadan.
Bir mahal poeziýa modadan gaçsa,
Ertesi söýgi hem gaçar modadan.
Ýer ýüzünde barka ýigit bilen gyz,
Hem barka ýanynda wysal, aýralyk-
Poeziýa hemra bolar ýaşlyga,
Öz söwer dostundan gitmez aýrylyp.
Ýer ýüzünde barka ak bilen gara,
Bile gezip ýörkä haýyr bilen şer-
Poeziýa ähli şerlere garşy
Göreşipdi, göreşip ýör, göreşer.
Şer diýilýän zatdan halas bolup ýer,
Haýyr tutan güni önuň öwezin-
Beýik missiýasyň bitiren şygyr
Lowurdadar öz ýeňiji gözlerin.
Gomerden, Puşkinden, Magtymgulydan,
Ýene kän uludan başlanyp gaýdan
Çyn şygyr hiç haçan modadan gaçmaz,
Ony asyrlara äkider adam.
Ýöne kör goşgulaň, göýdük goşgulaň
Ykbaly hemişe bolupdy agyr.
Şolardyr şu günki modadan çykýan
Hem ertir hasapdan çykmaly şygyr.
Kitap dükkanynda gördüm men şu gün
Kime gerek bolsa, adresi anyk:
Bir şahyry satyp duran ekenler
Başga bir şahyryň biline daňyp.
Dýuma ata bilen Pýotr Birinjiň
Biline saralgy ýene-de biri...
Geldi-de owadan zenan maşgala,
Tussagdan boşatdy şahyr ýesiri.
“Ýesirleň puluny töläýin, ýöne
Özleri durubersin!” diýdi-de zenan,
Gerekli kitabyn aldy-da gitdi.
Nä günlere düşdüň, eziz poeziýam!
Zenan şeýtdi gitdi. Satyjy bolsa,
Öwrendekli eken. Däldik piňine.
Şerlogyň aýagyna daňdy-da ony,
Atdy ýene alyjylaň öňüne.
Bir gapdalda duran ak bägül gelin
Ýanynda-da nika ýüzükli gerçek,
Hümürdedi: “Şeýdip şahyr bolandan,
Biz-ä ölenmizem gowurak görjek...”
Ine, şu poeziýa modadan çykýar,
Tutuş hasapdan-da çykar ol ertir.
Ýer bilen asmanyň aralygynda
Galypdy, galyp ýör, galar ol ýetim.
Ýetime hemişe kömek beriler,
Emma bu ýetime... kim kömek ýetir?!
Tamdyra modadan gaçýar diýýärmiň?
Düşünýän, tamdyra diýýäniň - dutar.
Ýöne tamdyralar modadan gaçsa,
Şol gün tamdyryň hem modasy gutar.
Arkaýyn çalyber tamdyrajygňy.
Modalar sowular. Myş-myşlar geçer.
Eje, kaka hiý modadan gaçarmy?
Tamdyra-kakaňdyr, tamdyr hem ejeň.
Ýaşynmak modadan gaçdy diýýärmiň?
Ol dogry, modadan gaçandyr yaşmak,
Geplejek gepini bilýänler üçin,
Öň hem hökman däldi agzyny ýaşmak.
Geplejek gepini bilmeýän üçin,
Torba geýdirsen de ýaşmaga derek,
Diýsi bilen kertek oklaýanyny görensiňiz,
Men hem gördüm kän gezek.
Ketene modan gaçýar diýýärler
Beýle zada ynanmaryn hiç haçan,
Gyrmyzy gün bilen gyrmyzy baýdak
Nädip modadan gaçar?
Elimde bar wagty gyrmyzy baýdak,
Depämde bar wagty gyrmyzy günüm,
Goşulyp şolaryň lowurdysyna
Has beter pasyrdar ketenim meniň,
Baýdagymyzyň gyzyl boljakdygyny,
Goýa bilen ýaly mün ýyllap ozal,
Ýüpegini gülüň suwuna boýap
Keteni dokanmyş gül diýen gözel.
Ketenimi dünýä tanaýar bugün,
Ony Pariž geýýär agşam seýlinde,
Gördüm ony bulwarynda Warshawaň,
Duşdym oňa fin gyzynyň egninde,
Aýdym aýdanynda keteneli gyz,
Zelenoguranyň aýdym köşgünde
Polaklar bravo bravo diýip el çarpýardy
Hem ha gyzyň yşgynda, hem keteniň yşgynda,
Gyra sarysynda, sarylan ykbal
Gyrmyzy reňkinde, umyt ganagat,
Eý sen keteniniň näzik awtory
Bu goýan mirasyň, haryt my sungat?
Bedewler modadan gaçýar diýýärler
Beýle zada ýol berilmez hiç haçan.
Modadan gaçsa-da, bedewler däl-de,
Bir topar eşekler modadan gaçar.
At planyn öwrüp et planyna,
Bedewleri ete tabşyran nadan,
Indi ne-hä athananyň ýanynda,
Ne-de öz postunda görner ýaňadan.
Bedewleriň ete berilşi hakda
Obalaň birinde bolan ýygnakda,
Segsen bäş ýaşynda ilkinji gezek,
Tribuna çykanmyş Gulmyrat Akga.
Şonda şeý diýipdir Gulmyrat ata:
“Kimde-kim ýene-de kast etse ata,
Olaryň özlerin tabşyrys ete!”...
Elbetde, azajyk geçse-de öte,
Örän hak aýdypdyr Gulmyrat ata...
Dowamy 3 minutdan soñ
-
hallboy
14 years ago
- Bedew entek-entek çarpaýa galyp,
Gider, asyrlaryň çuňlugyna gider.
Dünýä gözellerini aňk etse bili,
Mert bakyşy, mert ärleri aňk eder.
Dünýäde hiç haýwan deňeşip bilmez
Onuň akyly hem edebi bilen.
Dünýäň mallaryndan bir döwlet düzseň,
Prezidenti türkmen bedewi bolar.
Gaýtarma modadan gaçdy diýýärmiň?
Buşlugyna sagbol, bir serpaýym bar,
Gaýtarma zerarly çeken jebrimi
Megerem it görse, gözleri agar.
Yzyndan bararsyn, çyk diýsen çykmaz,
Ejesini gujaklap ýatandyr gelniň,
Täreminiň astynda galmasan da sen.
Ak paýyň astynda galarsyn käwagt
Ine ne tärim bar, ne-de akpaý,
Ne howus salýarlar, ne-de eýer
Gaýtarmana plan ýere çyk diýsen,
Özüňden bir sagat önürti geler.
Täzeden dolansak on sekiz ýaşa,
Eý keýwany nejik hezillik bolar.
Köçeleriň ugrunda jylkassyz aýnap
Soň buky ýerlerde bolup göz gulban
Ýolda sütçik gemerip morojeno çeýnap,
Agsam ejene bererdik salam,
Essalamu aleykim plany dayza
"Geliber giyew-jan, geliber balam,
Armabir gyzymjan, gezelenc etdip,
Geldiňmi salamat, geldiňmi aman"
Ýok ýok bize ildi on sekiz ýaşy
Sen alsaň hem, men-a almazdym janym.
"Çyn bagtyň, çyn söygiň, çyn gözelligiň
Haýasy bolmaly", diýipdir Sokrat,
Köp zatlar modadan gaçýan hem bolsa,
Baky modasyzdyr edep diýen zat.
Söýgi hem modadan gaçýar diýdiňmi?
Hak aýdýaň, söýga de ýetipdir moda,
Kä gyz şu gün irden birini söýse,
Ertir irden düşýär başga oda,
Ýaşlar gazetinde okadym bir gün,
Gurban diýen ýigidi söýüpdir bir gyz,
Onsoň Şamyrady, onsoň Igdiri,
Hazirem söýýärmiş kazak yigidini.
Ertir kimi söýjek belli däl heniz,
Odissey "herkimde bir bolmalydyr"
Çalşyp ýörmek bolmaz täze-täzeden,
Täze küýzäniň suwy sowukmyş diýip,
Içip ýörmek bormy onça küýzeden,
Öňler, söýgi hakda gürrüň açylsa,
Gyzlaryň tarapyny çalardym hökman
Indi bolsa, gyzlaryň käbirlerini görüp,
Olaryň söýgi diýýän zadyndan gorkýan.
P.S. dowamy bar
-
hallboy
14 years ago
- Dowamyny tapyp yazayyñ-da.
..........
-
hallboy
14 years ago
-
Cwetocek
14 years ago
- Yazayda hallboy dowamynam haysht
-
hallboy
14 years ago
- Men ilkinji size yüzlenipdim. Dowamyny tapamok.
-
Cwetocek
14 years ago
- Bolya menem gozlarn
-
hallboy
14 years ago
-
toty1
14 years ago
- yürgın hem ruhyn dynç alya şular yaly goşgylary okap
-
hallboy
14 years ago
- Aktual poema. dowamy...
SALAM HEM MODADAN ÇYKÝAR diýdiňmi?
Hawa, köpelipdir ses-üýnsüz salam.
Eliňi ýetir-de gulagyň ýanna,
Arkaýyn geçiber.
Tamam.
Wessalam.
Tanşyňmy, dostuňmy, goňşyňmy kimmi-
Hökmanmyşmy ýanna dykylyp barmak!
Biperwaý kelläni çalaja silk-de,
Geçiber. Geplemek nämäňe gerek.
Ýaşaýarkak tygşytlylyk döwründe,
Her tygşytlan sözüň-bir döwüm çörek...
“Salam!” diýmek-parahatlyk dilemek.
Şol mukaddes sözden güýç alýar zaman.
Arada Pöwrize daglarna çykyp,
Üç gezek gygyrdym: “Salam! Salam! Salam!”
Näçe salam bersem,
şonça-da gezek
“Salam!” diýip, jogap gaýtardy daşlar.
Görýän weli,biziň käbirimizden
Şol daşlaram asyllyrak ýoldaşlar!...
-
Cwetocek
14 years ago
- Minnetdar hallboy!
-
hallboy
14 years ago
- На здоровия.
-
Nechka94
14 years ago
- Agzalar magtymgulynyn soygi hakyndaky gosgylaryny musulman alymlar muhammet pygambere bolan soygi diyip acyklayarlar cunki ol dowurlerde dini gosgular yazmak gadagan eken. Azajyk dini gosgulary galypdyr bilmedim nadip. Mena ynanyan sebabi ol geljekde samolyotlaryn ucsakdygyny,gyz,gelinlerin serap icjekdigini ("ayallar serap icer,demirler asmana ucar" diyen yaly setirleri bar)we s.m yagny geljegi bilen adam ysk oduna dusmezmika diyyan.
-
Cwetocek
14 years ago
- Bee onda menlini soymedimika?!
-
Nechka94
14 years ago
- Bolup biler guycli sahyr menlin usti b/n belki pygamberimizi taryp edendir. Yorute pygamberimiz durmusy barada kitaplar sol kit pygamberimizin gaty owadan bolandygyny,derlande seyle bir gowy ys gelyandigini aydyp gecya.
-
Cwetocek
14 years ago
- Bee ...
-
aynabat
14 years ago
- gowy do6gylar!!!!!!!!!!!!!!!
-
aynabat
14 years ago
- go6gular
-
hicret
14 years ago
- cwetocek,menli-muhammet pygamber sav.esiden bolsan arkasnda men bar eken.gosgulary hem kuran-i kerimin shygyrdaky shekli.durshuna ayat,kopusini aglaman okap bolanok
-
Cwetocek
14 years ago
- :-)
-
hicret
14 years ago
- sahyr berdinazar hudaynazarow magtymguly barada seyle setirler yazyar: Iki yarym asyr yashan halyna.seyle dowrebap sen,ter sen taze sen.garanky gecmisin parlak yildizi.zeminmin sen,asmanmyn sen,name sen?dag-u deryalari dogran tebigat, sagbol pyragyny bagyslanyna.sagbol seydip bu gadymy topragy,bu buysancly halky alkyslanyna!
-
Cwetocek
14 years ago
- Hicret minnetdar !!!dushunjek bolyan.
-
hicret
14 years ago
- watan. Watanyn gyz daldigi gaty gowy zat.ony soyyan diyp yryp bolmayar.onun garyndas daldgi gaty gowy zat.ol dine guwanyar,gorip bolmayar. Watanyn dost daldigi gaty gowy zat.ol donmeyar,donmekligi bilmeyar.ata-ene daldigem gaty gowy zat.ol olmeyar,baki yetim goymayar.watanyn perzent daldgi gaty gowy zat.ol hic-hacan dilin gysga etmeyar.onun ahli zatdgy gaty gowy zat.bizi unudyan kan ol unutmayar!
-
hicret
14 years ago
- azajyk kerim agadan. enen bn bir kesige dartyp git.atan bn bir adigi yirtip git.olar duyshunde-de buyursa yumush.zowwe turup,sho tarapa yortup git.
Gahar-zalym.ogla bir sharpyk caldym.horkuldap aglady.duymadyk boldum.shonda yuregmi dinlan bolsadyn.men senden beterrak agladm, oglum!
-
Cwetocek
14 years ago
- Gowy yazpsynyz hicret
-
hicret
14 years ago
- sagbol.bilenjami paylasayn diydm
-
Cwetocek
14 years ago
- Yenede bilsen paylashyp duraweri
-
hicret
14 years ago
- hokman.tm gosgy in gowy goryan temam
-
Cwetocek
14 years ago
- Menem gow goryan goshgulary
-
toty1
14 years ago
- Neneñ oñat!
Şol ýagyşlar ýagyp ýör,
Şol güller gülleýär türkmen düzünde.
Şahyr söýgi setirlerni ýazyp ýör,
Senem ýaşap ýörsüñ ýeriñ ýüzünde!
Neneñ oñat!
Bu säherde gussam ýok,
Güllerde damjalar – misli bir dürler.
Men saña ýer-gögi peşgeş beremok,
Geçdi oña ynanylýan döwürler.
Men diñe ýagyşmy, tupanmy, duman,
Parhy ýok, şadyýan, gussaly günde,
Minnetdar,
Minnetdar saña sag-aman
Ýaşap ýöreniñe ýeriñ ýüzünde.
Güýz donun geýipdir türkmen düzleri,
Baglaram sypaýy – miwe bişende.
Barha az aýdylýar söýgi sözleri,
Barha köp oýlanýañ iñrik düşende.
Neneñ oñat!
Täze güller açylsa,
Güle yhlas eden türkmen düzünde.
Hüwdi bolsa, çörek bolsa, gün bolsa,
Senem ýaşap ýörseñ ýeriñ ýüzünde.
-
toty1
14 years ago
Seni söýdim
Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim
Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm.
Ol ýeňles gylygma gazaply boldym
Öz durmuş ornyma indi düşünýän.
Adamlara has ynamly garadym
Ýeňiş bilen tamam boldy gözlegim
Kyn pursatym medet berdi kalbyma
Jadyly däl-seniň ynsan gözleriň
Kim men? Şu günlere çen
Seni söýüp kimdigimi bildim men
Ýeňil gopdym başymdaky öýme dek
Diýdim “Ejiz bu dünýäde söýmmedik”
Seni söýüp göz ýetirdim bir zada
Kynçylyk ýok
Ejizlik bar dünýäde.
-
Cwetocek
14 years ago
- Nenen onat goshgy! Toty minnetdar!!!
-
toty1
14 years ago
- DURMUŞ
Sen-ä aldan bolýañ, bizem ynanan,
Sen-ä aglan bolýañ, bizem gynanan,
Ýurt çapylýar, dogry, alajymyz ýok,
Il soýulýar, ogry -- pirmi-hajy-hak,
Sellelimi, sellesizmi, penjekli,
Bir aýally, iki aýally, parhy nä,
Gidip otyr, saklaýan ýok dur diýip,
Iýen iýip gidýär, sümüren sümürip.
Sen-ä aldan bolýañ, bizem ynanan,
Onsoñ ikimizem bolýas guwanan,
Bir-birege söz saýlaýas ýüreksiz,
(Ýüreksiz ýaşaýan galmaz böreksiz),
Kiçi dilden bärde ýylgyrýas uly,
Nätjek, adam ogly garnynyñ guly,
Çörek hem aýmança, aýlanarsyñ sen,
Tans edersiñ, bökjeklärsiñ, oýnarsyñ,
Belki, kä gullardan saýlanarsyñ sen,
Belki, biraz öz göwnüñi aldarsyñ
Sen-ä aldan bolýañ, bizem aldanan,
Iller goldan bolýar, senem goldanan,
Dilegçi, tamakin, soranjañ gözler,
Ýyryş-ýyryş, ýöne tuwaksyz ýüzler,
Inkubator jüýjesi deý köpelýär,
Çynyn diýjekleriñ agzy dykylýar,
Bu öñden, gadymdan ýörelge, adat,
Çynçyly gamçyla, gandalla, ýadat,
Ýalança altyn dök göz edip ile,
Goý, hemme düşünsin, nämede hile!
Sen-ä iýen bolýañ, bizem iýilen,
Belki, şunuñ özi durmuş diýilen
-
Cwetocek
14 years ago
- Gowja goshgy eken!
-
toty1
14 years ago
- SU GOSGYN MANYSYNA DUSUNMEDIM HAYSY WAGTYN GOSGYSY ONAM BILMEDIN
-
moonguse
14 years ago
locker | 2010-07-05 02:06:09
ey wirus git su yerden sen geldin sular baslady.
-
Cwetocek
14 years ago
- Wirus:-)
-
chetobaly
14 years ago
- örän oňat goşgular döredenlere we ýetirenlere minnetdarlyk bildirýän.
-
Cwetocek
14 years ago
- Oooo ceto salam! Oraaaaan gowdra:-)
-
hallboy
14 years ago
Seni söýdim
Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim
Seni söýdüm. Has giňedi bu dünyäm
Toty, söyyäniñi yüregim syzyardy. Nätjegiñi bilmän ahyr goshgy arkaly beyan edipsiñdä.
Seni söyüp giñeldi meñ yüregim
:-)
-
Cwetocek
14 years ago
- :-)
-
chetobaly
14 years ago
- salam sweta sag boluň allajana şükür oňat.öziňiz nähili, işler govymy?
-
Cwetocek
14 years ago
- Shukur hemmesi gowy
-
chetobaly
14 years ago
- swet siz näçe işde işleýäňiz ?
-
Cwetocek
14 years ago
- 1 ha name?
-
chetobaly
14 years ago
- ýokarda hemmesi diýipsiňizde şondan soraýdym..
-
Cwetocek
14 years ago
- Sen men ishimi we oz yagdaylarmy sorapsynda menem jemlap hemmesi diydm
-
hallboy
14 years ago
- Dogry edyäñ, bölekläberseñ gyzygy gachar:-)
-
hallboy
14 years ago
- Dogry edyäñ, bölekläberseñ gyzygy gachar:-)
-
Cwetocek
14 years ago
- Bir gezekde dushunyan:-)
-
chetobaly
14 years ago
- hmm.. düşnikli
-
Cwetocek
14 years ago
- Bolyala dushunen bolsan:-)
-
chetobaly
14 years ago
- aha..hemmesine düşündim
-
Cwetocek
14 years ago
- Bolyar:-)
-
chetobaly
14 years ago
- tüweleme oňatja temalar açýaňyz, höwri köp bolsun.
-
Cwetocek
14 years ago
- Sagbol minnetdar!
-
hasrat
14 years ago
- Sagjabol hallboy gaty gowy goshgular esasanam 'yetir'....
-
yega
14 years ago
- betirak
-
DG
14 years ago
- Arasynda go$gy hem okañ ýogsam sögi$ip gidip barýañyz!!!
-
hallboy
13 years ago
- irki tanyshlardan hich kim yokmy-ay?!
-
maloyjan
12 years ago
-
makgush
12 years ago
- Gowja goshgylar
-
menbet
12 years ago
- gowja gowja :-)
-
missmaysa
12 years ago
- bet
-
Gulyalakjan
12 years ago
- Gaty onat gosgular
hallboy 14 years ago