Tumar aljyrañly yagdayda penjira seretdi.dasharda onun halyna dushunyan bar yaly,nazaryny uzaklara dikdi.ol birini gozleyan yalydy.yagshyn kumushsow damjalary gyzyn gozyashlary dek,penjira degip pytrap gidyardi.aslynda-ha,ol myrada garashyardy.yash gyzyn yuregi howsaladan doludy.ol kitap tekjesinde duran sagadyna zol-zol seredyardi.emma myrat gara berenokdy."be,ol name ucin gelmeyarka?ya-da onun beren wadalary yalanmyka? Yok,beyle daldir.yogsam,dashary yurda okuwa gidip,dync alsha gelende,ilki oyune,ene-atasynyn yanyna barman,menin hu9uryma gelmezdi ahyry"diyip,icini humledip oturan gyzyn bar pikiri ejesinin sesine zym-zyyat boldy. - Tumara,ac gapyny,gyzym. Tumar penjiranin onunden ayrylyp,gapyny acdy.gyzynyn yarym-yash bolup duranyny gorup,enanin yuregi dilim-dilim boldy.ol emay bilen onun yanxna bardy-da,oturaly diyip ysharat etdi.gyz kellesini ejesinin egnine goydy-da,monnurip goyberdi.muna hasam bozulan ene: -gyzym,men sana dushunyan.bizem yash bnlupdyk.soygi,duygy diyilyanlerem bashymyzdan gecdi.senin dushen halyna biz gunakar dal ahyry."garashyn"diydin,garashdyk.gyzym,indi sen bizin yagdaymyza dushun.ilin etmedigini senin ucin etdim,ozume shooy kicilik bilmedim.ogulgereklerin gapysyndan bardym.cagalaryn yagdayy sheyle oydyan diyenimde,ol menin yuzumi dalap goyberipdi.ogly geler,bellisini eder dhydin.oglundanam habar-hatyr yok.onson sen name sebapden onun ucin gozyash dokup otyrsyn.bizem sana dine bagt isleyaris ahyry-diyip,korpe gyzynyn bashyny sypady. -eje,mana yene bir hepde wagt berin.men hokman bellimi aydaryn-diyen gyz, yuzuni kesa sowdy. -onda men sulginin sacagny yene-de bosh goybermeli boljak-da.yone gorda,olar yaly asylly mashgala dushsen,owal-ahyr bizem senden rahat bolardyk-diyip,guller dayza gyzynyn otagyndan cykyp gitdi.ol korpesinin azashan guzyjyk yaly elewrap oturshyna dozman,ona artykmac zat aytmakdan saklananyny kem gormedi.tumar ejesinin yzyndan jyklap durshuna onun myhmanlary ugradanyny gorup,yene gapyny makam yapdy.kellagyrydan yana bashyny galdyqyp bilman oturan gyz,birazrak irkilmek ucin dushegine gecdi. Wagt gijigipdi.agshamlyk naharyny edinip oturan mashgala sussupesdi.gunde sacagyn bashynda ala goh,uly showhun-shagalan bolup oturyan adamlaryn bu gun bir zady yetmeyan yalydy.olam toweregini ala-yaz edip oturyan tumardy.hic kimden ses-seda cykmady.guller dayza birki yola gyzyny cagyrsa-da,agtygy saparjygy onun yzyndan goyberse-de,ondan tamasy cykmady. Gyz yuzuni-gozuni basyryp yatsa-da,gozune cish kakylan yaly,uklap bilmedi.derman atdy,hayry degmedi.sheydip busup yatyshyna myrat bilen gecien bagtly pursatlaryny yene bir yola yatlady... Myrat bilen tumaryn oyleri biri-birine degip durdy.olar mekdeae bileje gatmayardylar,bir synpda okayardylar.tumar ondan bir yash kicidi.yone guller dayza bular mekdebe yoldash bolarlar diyip,gyzyny bir yyl ir beripdi.wah,indi ol sheydenine sheyle bir pushman edyardi welin,geceni gaytaryp bolyarmy name?! Bir howluda diyen yaly onup-osen cagalar,sony bir-birini gormeseler guni gecmeyan yalydy.olar ese-boya galyp,yetginjek cykansonlar,hasam ysnyshypdylar.tumar myradyn ilkinji gezek soýýan sozuni aydyshyny yatlap,biygtyyar ýylgyrdy. Mekdebin sonky synpynda okap yoren yashlar,sonky jan mynasybetli geciriljek carelere,dowlet synaglaryna tayyarlyk goryardiler.yene sanalgyja gunden ucurymlaryn hersi her yana dargajakdy.shonun ucin myrat ugryny tapyp,tumar bilen gepleshjek bolyardy.emma her gezegem say-sebap bilen bu ona bashartmayardy.tumar onun bir 6hum zat aytjak bolyanyny duýýardy.hacanda gyz ucurymlyk dowrunde tutunylyan"yashlyk" depdercesini myrada berende,ol gyza bolan soygusini shol depdere yazmagy amatly pursat hasaplady. Myrat depderi gowshuranda,yureginin urgusy caltlanyp,edil icinden bir dashdeshen doshuni desìp baryan yaly boldy.ol tumaryn goceclelerine nazaryny dikip,ondan sabyrsyzlyk bilen jogaba garashjakdygny aydypdy.gyz cete saylanyp,sahypalary yekan-yekan agdaryp bashlady.birdenem,zerden yana lowurdap duran sahypa yetdi.ol yuwashlyk bilen zerleri ufledi.alemgosharyn ahli renkelrini jemlan ajayyp zerler dash-towerege owadan gornush berip,howada asuda gayyp bashlady.zerler ayrylanson,sahypa yelmenen bagulin gulgune yaprajyklary gyzyn keypini has-da goterdi.merkezindaki bosh yerde bolsa"men seni soyyarin!"diyen jumle bar eken. Bu gozel keshbi synlap duran gyzyn yuregi gobsundy,kalbyna nur cayyldy.gor bu jumlede nace guyc,nace gudrat bar...

Köneler, Cwetocek tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir