GYZLAR... GYZLAR... GYZLAR... +18

1. OL GYZYŇ SAMSYKLYGYNY
Gapdalymdaky telefonda haýsydyr bir jorasy bilen gepleşýän, heniz on sekizi dolmadyk gyz şeýle sözleri aýtdy. Men bu sözlere o diýen geňirgenmesem-de, onuň näme üçin beýle diýenini bilesim geldi. Ol gyz telefonlyk işini bitirip gidibermekçi bolanda:
- Eger gizlin bolmasa ''Ol gyzyň samsyklygyny'' diýip, näme üçin aýdanyňyzy düşündiräýiň'' diýip haýyş etdim. Onda ol:
- Meniň bilen bir klasda okan bir klasdaşym öňümde indi durmuşa çykmaly doganam bar welin, iki çagaly, aýalyny kowan biri bilen durmuş guraýypdyr. Onsoň oňa samsyk diýmän, näme diýjek? - diýip meniň jogabyma-da garaşman çykyp gitdi.
Düýn orta bilim berip goýberen gyzlaryň bu gün görülünmesiz ýerlerde görünýärler. Özleriniň kakasy ýaly adamlaryň ''tozanly ýollardan'' sürüp gelen maşynlaryndan düşýärler. Aýratynam doly däl orta bilim alyp, uçilişilere ýa-da şuňa meňzeş okuw jaýlaryna gidýän ýaş gyzlaryň käbiri juda meňzeş okuw jaýlaryna gidýän ýaş gyzlaryň käbiri juda ýeňilkellelik edýär. Şu zatlary synlan ''Zenan maşgalalarymyz'' gör nirä baryp ýetdiler'' diýip, içiňi hümledeniňi duýman galýarsyň.
Golaýda men Mary oblast içeri işler uprawleniýesiniň kabul ediş we işe ugrukdyryş bölüminde boldum. Şol ýerde ygyp, jelepçilik edip ýören zenanlaryň (özem kileň 25 ýaşa ýetmedikler) bu ýere diýseň köp duşýanlygyndan zeýrendiler. Şonuň üçin-de geň görüp ýa-da bilmedik bolup oturasy iş ýok. Ýöne bir zat welin seni armanda goýýar. Ynjalyk tapmaýan ýüregiň kalbyňa yza berýär. Näme üçin gül ýaly gyzlar şeýle ýola düşýär.
2. GÜLDÜGIŇI ÖZÜŇ BILMESEŇ...
Ertekä meňzeş bir wakany gürrün beresim gelýär. Bir ýigit öýlendi. Köp wagt duz emek bolamsoň, onuň toýuna ýatymlyk gitdim. Toý meýlisde içilip, öýlenýän ýigidiň şatlygyny paýlaşyp, oglany gelniň ýanyna salansoňlar gyşarypdyryn. Aladaňdanlar öýlenen ýigidiň gapydan girmegi bilen gözümi açypdyryn. Çilläň ineri ýaly kükremeli, kök bolmaly ýoldaşymyň sesini-üýnüni çykarman, honda ýatan ýassyga hassa ýaly kellesini goýmagy inimi tikenekletdi. Onuň bolşy durmuşdan utulan adamyň salgysyny berýärdi. Emma men şu wagt hem hemme zady zady gowluga ýormaly diýen ynanja uýdum. Sebäbi men toýa gelipdim. Ýas bolsa, onuň ýüzüne seredip, indi kim öldi diýip soraýmalydy. Boldugyndan gep tapan boldum... bolmady. Ahyry gönüledim ''Gelniň oňat ekenmi?'' diýip soradym. Ol ''hawa'' diýip gysgajyk jogap berdi. Bir näsazlygyň barlygyny aňsam-da serhetden geçmedim. Şondan alty aý geçensoň, ýene şol ýoldaşymyň öýüne myhmançylyga bardym. Men öň gelnini görmämsoň çaý-paý getirip ýören gelni assyrynlyk bilen synladym. Ýoldaşymyň öýlenen gijesindäki sowuk nazary ýadyma düşüp ''Biynjalyk bolasy zat ýok ekenem-le'' diýip içimi gepletdim. Şol wagt gapydan iki çaga ''kaka-da, kaka'' boluşyp girdiler. Men aňka - taňka bolupdyryn. Ýagdaýyma düşünýän ýoldaşym:
- Aý, ol öýlenenim bilen aýrylyşdym. Şol gün sen aňşyransyňam-la. Ol gyz däl eken. Şonda-da onuň bilen bäş aýa golaý ýaşaşdym. Birgiden pul töläp alamsoň: ''Şor manlaýymyň ýazgydydyr'' diýip ýaşaşjak boldum. Emma bolmady. Ýygy-ýygydan şähere gitdi. Öýe köwlenmedik gijeleri köpeldi'' diýip, ol dymdy.
Men şu wagt heniz ýüzüni-de görmedik dostumyň gününi bulaşdyran ol zenan bilen irde-giçde sataşaryn öýtmeýärdim. Emma ynsan kalby dürli täsinliklerden doly. Sataşman diýeniň bilenem sataşaýýarsyň. Onuň ilkinji aýaly bilen duşuşdym. Emma, ol meniň bilen gürleşmek islemedi. Sebäbi beýle adamlaryň ''üýtgeşik'' dili bolmaly. Aýdyşyna görä ýaşlygynyň hözürini görýärmişin. Ýöne onuň atasynyň bu zatlara ýeterlik üns bermeýänligine näme diýjek?!
Ine, sen gül bolsaň, hökman erkek adamlardan däl, eýsem ýaňky ýaly ýoluny urduranlardan-da häzir bolmaly. Görşümiz ýaly, edebini saklamak ýene-de gyzlaryň öz üstüne köp jogapkärçilik ýükleýär.
3. ÝOLDAŞYŇ KIM?
Kerim Gurbannepesowda şeýle setirler bar:
''Dostuň bürgüt bolsa, daglara elter,
Dostuň bilbil bolsa baglara elter,
Dostuň elguş bolsa bir oba elter,
Dostuň baýguş bolsa haraba elter.
Sen ulygyzlyga ýetişen bolsaň ilki joraňy tanamalysyň. Emma gynansak-da, ýaňky mysal getiren gelniň ýaly, bir ýigidiň bagtyny ýatyryp, ýoluny ýitiren bilen ýoldaş bolsaň, seniň harabadan çykjagyň görnüp dur. Gepimiň saman ýaly ygyp gitmezligi üçin bir tymsal getiresim gelýär. Maňa iki çagaly, boýy-syraty gözel gelin bilen işlemek miýesser etdi. Gürleşip oturýarsyň welin, onuň gürrüňlerinde erkek adamlaryňkydanam mojuk sözler bar. Köp wagt mugallym bolup işlämsoň, onuň berýän gürrüňlerini diňlemäge-de ejap etdim. Bir gün bolsa, özüni satýanlygyny aç-açan aýtdy. Garaz, şundan soň türkmende şular ýaly maşgalanyň barlygyna, dogrusy namys etdim. Şeýle adamyny bu edara getirip, onuň bilen süýji-süýji gürrüň edýän edara ýolbaşçysyna-da näme diýjegimi bilmedim. Onuň bilen gyz bolub-a däl, erkek bolup-da tirkeşip biljek däldim. Edaramyzyň ýany bolsa, uly bazar. Bir maşyn düşürip gitse, beýlekisi gelnalyja gitjek ýaly beslenip dur. Wagtyň geçmegi bilen şol töweregiň gyzlary-da ýaňky gelniň ýanyna gatnap başladylar. Ol owadan sözler bilen, her dürli zatlar bilen töweregine heniz durmuşa çykmadyk gyzlary üýşürip ugrady. ''Baý, bu gyzlaryň ene-atalary ýokmuka?'' diýip içiňi gepledýärsiň. Elbetde şeýle gelinleriň garşysyna göreşmek juda kyn. Sen şeýle diýip dagy gör. Olar seň boýnuňa otly halka bolup iläýmezmi? Organ işgärlerine-de şu barada ýüz tutuň welin, olaram şu meselede daşrakda bolanlaryny kem görmediler.
''Öz razylyklary bilen gezmäge her kimiň haky bar-da. Şolar ýalyny tutmaly diýen düzgün ýok-da'' diýip eginlerini ýygyrdylar. Hawa, bu hakykatdanam şeýle. Munuň üstesine biziň jenaýat hakdaky kodeksimizde milli aýratynlyklarymyzyň nazara alynmazlygy-da böwrüňi diňledýär.
4. GEÝIM MESELESI
Gyzlar gelşikli geýinmegi gowy görýär. Ýöne her dürli matalaryň her bir gyz üçin elýeter däldigi gizlinmi näme? Şeýle bolansoň kähalatda adamzadyň dünýäsine sygmajak zatlaram bolman duranok. Kä gyz-gelinlerimiz tapsa-tapmasa, her gün birhili geýinjek bolýarlar. Onuň üçin her bir zada ýüz urmadanam gaýdanoklar. Men şu ýazgymy kagyza geçirmezden ozal, agzyma gelenini otardyp, günä galaýmaýyn diýip, her hili kärdäki adamlar bilen maslahatlaşdym. Şonda bir prokuror ''Beýle zat ýazsaň ýaz welin, hiç kimi atlandyrmaweri. Sebäbi şolar ýaly ýol urduran gyzlaryň kakalary, erkek doganlary ýa-da käbir aldawa düşen gyzlar şol erbetlikleriň hiç ýerde agzalmagyny islänoklar'' diýdi. Ýöne her kim şeýle zatlary bilesi gelse, prokuratura ýa-da milisiýa baraýsyn. Ol ýerde size janygyp gürrüň bererler. Ýöne welin gürrüňlerden birini size ýetiresim gelýär. Bir dükanyň müdiri A. diýen gyzy satyjy edip işe alýar. Günleriň birinde bir kişilik gowy mata bilen onuň başyny aýlap, oňa el barýar. Şeýdip ol gyz bilen iki ýyla golaý wagt ýaşaşýar. Soňam näme, päliýamanyň müň oýny bar. Ol gyzy bir hiç zady görmedik oglan bilen ýatyp, başyndan sowýar. Şondan soň şol gyzyň özünden kiçi uýasyny işe alyp, ony-da şol güne düşürýär. Mundan aňyrsyny gürrüň bermäge-de bognum ysanok. Ine el ýaly mata üçin düşülip ýörlen ýagdaý. Ýeri bir maşgalaly adam bilen ilkä özüň gezip, soňam onuň goltugyna jigiňi bermek, heý bir boljak zatmy? Şonuň ýaly zatlary eşidip, görüp, heý ulugyz, öz bahaňy bil. Sen gyz ahyryn. Burnuny'' süpürip gidibermeli mata üçin dagy şol güne düşerlermi'' diýeniňi duýman galýarsyň.
5. ÇEŞME
Ulugyzlaryň durmuşda azaşmagynyň sebäbini has anyklaşdyrmak üçin hem-de bu babatda pikir alyşmak maksady bilen Mary oblast halk Magaryf bölüminiň müdüriniň orunbasary Altyn Ýazberdiýewna Amanowa bilen gürrüňdeş bolduk. Altyn gyzlaryň bu ýola düşmeginiň düýp sebäbini hökman mekdepden gözlemelidigini galyberse-de, ene-atanyň görüm-göreldesiniň gereklidigini aýtdy. Şu okuw ýylynda mekdep programmasyna edep sapagynyň girizilendigini agzady. Onsoňam şu wagta çenli mugallymlaryň aýlygynyň az bolýanlygyny, şol sebäbe görä-de, mugallymlaryň il arasynda hormatynyň pese gaçanlygyny belledi. Şonuň üçin mugallymyň sözüne okuwçylaryň az gulak asanlygyny esasy sebäpleriniň biri hökmünde görkezdi.
Hawa könelerimiziň aýtmadyk zady ýok ''Gyrasyny gör-de bizini al, enesiniň gör-de gyzyny al'' diýipdirler. Hemişeler ulygyz diýeniň ejesi bilen ýatyp-turar ýörermikä diýerdik. Emma bu wagtyň gyzlarynyň köpüsiniň gaçgyny ejesi. Özlerini olardan köp bilýän saýýarlar.
Biz Murgap raýonynyň prokuraturasynyň sülçüsi Orazmuhammet Gulaşow bilen bu temadan gürrüň edenimizde, ol şeýle erbet faktlaryň ýüze çykmagynda esasan, ene-atalary günäkärledi. Şolar tarapyndan çagalaryň başyna goýberilendigini aýtdy. Aýratynam şeýle hadysalaryň öňden bozuk maşgalalarda gaýtalanýandygyny belledi.
6. SOŇKY YKBAL.
Oblast çaga dogrulýan öýüň boş wraçy Agamyrat Abdylgapurow şeýle ulygyzlaryň çagalaryny aýyrtmak üçin gelýändigini gynanç bilen ýatlady. Göwredäki ilkinji çagany aýran halatynda bolsa, olaryň ömürlik perzentsiz geçýändiginden, garaz okyjylara ýetirip bolmajak wakalaryň-da bolýandygyndan zeýrendi. Ine, bir öýüň tugy bolmaly maşgalalaryň düşýän ýagdaýlary. Köpüsi bolsa, öz etmişlerinden gorkup, özlerini dürli ýollar bilen heläkleýärler. Ýene birnäçesi bolsa, ýaşlykda öwrenen endiklerinden el üzüp bilmän, öz tenlerini satmak bilen meşgullanýarlar.


Çarymyrat TÄÇMYRADOW

OWADAN 1992.

Salgylanma:
http://kitapcy.com/news/gyzlar_gyzlar_gyzlar_18/2021-09-10-17315

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir