Bismillä hirrahmä nirrahym.
Ymamy Rabbani hezretleri şeýle buýurdy:
Ynsan näme üçin ýaradyldy ?
Ynsan güýmenmek üçin, oýun üçin, iýip-içmek, gezmek, ýatmak,keýp etmek üçin ýaradylmady. Ol—Gulluk wezipelerini ýerine ýetirmek üçin, Rabbine boýun bolmak, ejizligini, güýçsizdigini, mätäçdigini görkezmek, Oña sygynmak we ýalbarmak üçin ýaradyldy. Allatagalladan gelip we Muhammed aleýhisselamyñ bildiren ybadatlarynyñ hemmesi, ynsanlara peýdaly zatlardyr. Ynsanlara ýaradygy üçin emr edilendir. Ýogsam hiçbir ybadatyñ Allatagala peýdasy ýokdyr. Jan-teni bilen şükür edip, höwes bilen ybadat etmeli, doly boýun egip emirleri etmägä we gadaganlardan saklanmaga çalyşmalydyr. Allatagala hiçbir zada mätäç däldir. Gullaryna emir we gadaganlar bermek bilen mertebelendirdi. Her zada mätäç bolan biz gullar, bu beýik nygmata köp şükür etmegimiz, munyñ üçin hem emirleri etmägä jan-tenimiz bilen ýapyşmagymyz gerekdir. (73-nji Mektub)
Allatagala—her bir zadyñ sebäpsiz, şertsiz patyşasy, hemmämiziñ eýämizdir. Ähli ynsanlar Onuñ gullarydyr. Gullaryna beren her bir emri we her bir zady isleýşi ýaly ulanmagy, hemişe laýykdyr we peýdalydyr. Munda zulum ýokdyr. Guluñ Eýesinden emirleriñ, işleriñ sebäbini soramaga haky ýokdyr. Akylly kişi üçin mundan anyk zat ýokdyr.
Ähli ynsanlary Jähenneme salsa, soñsuz azap etse, kim näme diýip biler? Çünki Öz ýaradan , ýetişdiren mülküni ulanýar. Zulum diýer ýaly başgasynyñ mülki däldir. Emma ynsanlaryñ ulanýan, öwünýän mallary, mülkleri hakykatda olañky däldir, hemmesi Allatagalanyñkydyr. Aslynda biziñ bulara el uzatmagymyz, goşulmagymyz hakykatda zulum bolar. Allatagala bu dünýäniñ düzgün-nyzamy üçin we käbir peýdalara ýol görkezmek üçin, bulary bize mülk eýledi, hakykatda hemmesi Onuñkydyr. Onuñ üçin biziñ bulary, asyl Eýesiniñ mubah eden, rugsat bereni mukdar ulanmagymyz laýyk bolar. Muhammed Masum hezretleri şeýle buýurdy: —Allatagala ynsanlary öz erkine goýbermedi. Her isleglerini etmeklerine rugsat bermedi. Nebisleriniñ arzuwlaryna boýun bolmalaryny we şeýlelik bilen betbagtçylyklara gitmelerini islemedi. Rahat we bagtly ýaşamagy we soñsuz bagtyýarlyga gowuşmalary üçin gerek bolan peýdaly zatlary etmelerini emr etdi. Zyýanly zatlary etmelirini gadagan etdi. Bagtyýarlyga gowuşmak isleýän, dine uýmaga mejburdyr. Nebsiniñ we tebigatynyñ dine uýmaýan arzuwlaryny terk etmesi gerekdir. Dine uýmasa, eýesiniñ, ýaradanynyñ gazabyna, azabyna duçar bolar. Dine uýan gul, bagtly, rahat bolar. Eýesi ony söýer. Dünýä ekin ýeridir. Ekin meýdanyna ekinini ekmän, tohumlary iýip lezzet we sapa süren, hasyl almakdan mahrum galyşy ýaly, dünýäde ýaşanda waglaýyn lezzetlere, nebsiñ arzuwlaryny etmek bilen geçiren hem, ebedi nygmatlardan, soñsyz lezzetlerden mahrum bolar. Bu ýagdaý, akylly bolan kişiniñ kabul etjek zady däldir. Soñsyz lezzetlerden mahrum bolmaga sebäp bolan, wagtlaýyn we zyýanly lezzetleri saýlamaz. Dine uýmak üçin, ilki Ehli sünnet alymlarynyñ, Kurany Kerimden we Hadysy şeriflerden düşünip aýdan Akaide (akyda, ygtykada) uýgun iman etmek, soñra haram we gadagan edilen zatlary öwrenip bulardan saklanmaly, soñrada edilmesi emr edilen farzlary öwrenip ýerine ýetirmek gerekdir. Bulary etmäge Ybadat etmek diýilýär. Haramlardan saklanmaga Takwa diýilýär.

Şu ýazgyny ýazana,terjime edene, ýetirene,okana Allatagalanyň hidaýeti,rahmeti bolup iki dünýäsi abat bolsun ! Allah j.j olary beladan-beterden, howpdan-hatardan gorap özüniň razy bolan ýolunda boldurup ahyretlerini abat etsin !

Bilim, yyldyz. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir