Degişme

Mowzuk: Lýubow ýa-da söýgi
Kostýa 15.11.2030

Söýgi – bu haçanda biri seniň üçin iýjek bolup duran somsasyny bile bölüşse. Beýle adamlar indi seýrek duş gelýär. Hakykatdan söýen adam, gijelerine ýatman size suwjuk we bolgusyz sms-leri ugradýandyr. Sebäbi ol beýnisi bilen pikir etmeýär. Söýen adam diňe ýüregi bilen pikir edýär, ýöne ol başartmaýar. Sebäbi ýürekde olar ýaly funksiýa ýok. Söýen adamy tanamak üçin onuň hereketlerine üns bermeli. Olar ýöräp barýan wagytlary ýerde hapa suw bolsa-da, tezek bolsa-da, kanalizasiýaň lýugy açyk duran bolsa-da üstünden basyp geçýärler. Sebäbi olaryň gözleri açyk wagtynda-da, diňe öz söýen ýarlaryny görýärler.

Teswirler

Dýumowyçga
Örän ajaýyp mowzuk. Ýetirip duruň +2 plýus

Traktr
Bular ýaly samsyk mowzugy birinji gezek okap görýän -1 minus

Asmangül
Dogry aýdylan. Söýen adamyň duýgulary Ummanyň köpürjikleri ýaly gözel dünýäniň şemala gaýyp duran ýapraklardaky damjalara meňzeşdir. Sebäbi, her bir ýnsanda atomyň emele getirýän garmonlaryň, bägüliň ysy ýaly sepleşmeleriň biologiki çesmesiniň resmileşdirilen söýgi duýgusy bolup geçýär. +5 plýus

Dýumowyçga
Asmangül, ylalaşýan +1 plýus
_________________________

Mowzuk: Ýatlamalar
Mersedes 15.11.2030

Hiňňiligiň bady ýaly şemalyň,
Geçip gitdi duýgylarym bat alyp.
Uçup barýar durnalaryň mysaly,
Ýuwaş-ýuwaş ganat kakyp, wagt salyp.

Ýöräp barýar dälileriň jenaby,
Görüň indi, kime galar çopanlar?!
Parlap duran tut agajyň ýapragy,
Garaşyp dur ýetip bilmän galanlar.

Teswirler

Dýumowyçga
Örän ajaýyp goşgy. Ýetirip duruň +2 plýus

Şompul
Örän manyly ýazylypdyr. Galamyň ujy ýiti bolsun +1 plýus

Asmangül
Parlap duran tut agajyň ýapragy,
Garaşyp dur ýetip bilmän galanlar.
Şeýle duýgulary bize ýetireniň üçin minnetdar. +5 plýus

Gatyk
Men-ä hiç sözünede düşünmedim [color=cac8e9]0[/color]

Mersedes
Gatyk, başyňdan geçmedik duýgulara entek düşünip bilmersiň +3 plýus
_________________________

Mowzuk: Dogry aýdylanlar
Paparimskiý 16.11.2030

1.Suwy kän gaýnatsaňyz bugaryp gutarýandyr.
2.Ýagy gaty gyzdyryp, üstüne-de suw guýsaňyz, aşhanaňyz ot alar.
3.Öňler Aşgabatda goňur serçeler ýaşapdyr eken.
4.Adamyň öňünden gara pişik geçse, hiç zadam bolmaýar eken.
5.Gadym zamanlarda, ösümliklere himiýa goşmanam ösdürip bilýän ekenler.
6.Kagyzlar agaçdan ýasalýar.
7.Birwagytlar adamlar matematikany öz aňy, pikiri bilen çözmegi başarypdyrlar.
8.Birmahallar adamlar gyrantdan akýan suwy içipdirler.
9.Gadym zamanlarda, derman içmeýän sagdyn adamlar bolupdyr.
10.Birwagytlar gatygy süýtden ýasapdyrlar.

Teswirler

Dýumowyçga
Örän ajaýyp mowzuk. Ýetirip duruň +2 plýus

Transformer
Bolmajak zatlar [color=cac8e9]+3[/color] plýus

Asmangül
Adamyň öňünden gara pişigiň geçen wagty betbagtlyga uçraýandygy ylmyň üsti bilen subut edildi. Suwy kän gaýnadamyzda onuň gutarýandygy hemmä mälim zat. Sebäbi biz ony gaýnadanymyzdan soň käsä ýa-da çäýnege guýýarys. Ýekeje dogry aýdylan zadam görmedim mowzukda +8 plýus

Şypbyk
Asmangül, hoplayan. Sutten gatyk yamalyantyga wapse bodmadak zat +2 plýus
_________________________

Mowzuk: Jon Kukuruzyň edermenligi (bolan waka)
Akyllyböwrek 16.11.2030

Tomas Skler Florida ştatynda “Ballgay” atly balnisada skoryý pomoş ulagy sürýärdi. 2030-njy ýylyň 3-nji aprelinde şol balnisa Jon Kukuruz atly milýarder jaň edip:
– Maňa syroçno tiz kömek gerek. Meň garnyma galam sokdylar – diýip, zordan seslenip adresini berdi. Ol iş otagynda eken. Tomas Skler çizburgerini iýip, pepsikolasyny içip bolan badyna ulaga münüp, Jon Kukuruzy halas etmek üçin ulaga münüp ugraýar. Ýolda Tomas Skleriň öňünden gedaý çykyp päsgel berip başlaýar. Tomas ony öňünden aýyrmak üçin signala basýar. Ýöne gedaý ony goýbermejek bolup, elindäki çörekli torba bilen Tomasyň janyna kast etjek bolýar. Tomas öz janyny we esasanam Jon Kukuruzyň janyny halas etmek üçin, gedaýyň üstünden ulagy bilen basyp geçmeli bolýar. Tomas ýoluny dowam edip durka, ýene-de öňünden päsgelçilik döreýär. Ýollar dyknyşyk bolup ugraýar. Tomas betbagtlyga uçran Jon Kukuruzy iň soňky demine goýmazlyk üçin ol dyknyşygy öz ulagynyň abatlygyna kast edip, ýoldaky päsgel berýän ulaglary kakyp geçmeli bolýar. Ýoluň dyknyşyk bolmagyna sebäpkär bolanam swetaforlaryň işlemän galanlygy bolup çykýar. Tomas Skler barmaly ýerine ýetýär. Polisiýa işgärlerem şol ýere geldiler. Jon Kukuruz zordan dem alyp ýerde ýatyrdy. Ony galam bilen ýaralan owadan kätibi bolsa ýarym ýalaňaç, bir eli bolsa gol gandaly bilen äpet demir ystoluň aýagyna baglanygy eken.
Jon Kukuruzyň garnyna galam 10 sm sünjülipdir eken. Galam onuň semizligi sebäpli garyn ýagyndan geçip, garyn myşsasyna ýetjek bolupdyr eken. Polisiýa işgärleri derňeme işlerini geçirenlerinde, onuň ganynda spirtnoý we narkotiki serişdelerini ulanandygyny görkezdi. Jon Kukuruzyň kätibi oňa zorluk bilen spirtnoý içgileri içirip, narkotiki serişdelerini sanjym bilen damarlaryndan urup, zorluk bilen jynsy gatnaşygyny etjek bolupdyr eken. Jon Kukuruz mertlerçe özüni ele alyp, kätibine garşylyk görkezende, kätibi onuň garnyna galam bilen urupdyr eken. Jon Kukuruz şonda-da onuň elini gol gandaly bilen ullakan demir ystola baglamagy başardy-da, tiz kömege we polisiýa jaň edipdir. Kätibi bolsa polisiýa işgärleri we skoryý pomoş gelip bilmez ýaly, öz adamlaryna habar edipdir. Ýoldaky gedaýam şonuň ugradan adamy olup çykýar, swetaforlaryň näsazlyklary hem şonuň ugradan adamlary sebäpli blup çykýar.

Teswirler

Dýumowyçga
Örän ajaýyp waka. Ýetirip duruň +2 plýus

Asmangül
Ýaşasaň her zat görjegaý. Tomas Skleriň ýetişenem gowy zat. Ýogsa nebir gowy adam dünýeden ötjek eken. Kätibiniň zalymlygy üçin ölüm jezasam azdyr. +4 plýus

Transformer
Ynanyp bilemok menä bu waka. Nämüçin owadan kätip ol çişigi zorlasynaý? 0

Mersedes
Transformer, mowzukda aýdyp dura polisiýa işgärleriniň derňemegi bilen subut edilendigi +2 plýus
_________________________

Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir