Mümkünçilik bir deňiz bolsa,şol deňziň içine biziň halky batyryp goýsalarda hiç bir üýtgeşme bolmaýar.Sebäbi,biziň halkyn düşünjesi gaty pes.

Özümizi Afrikanyň jeňňeliginde ýaşaýan ösüşden yza galan bir taýpa bilen deňeşdirip göreliň.Ösen ýurtlar bilen deňeşdirende bizem şol taýpa ýaly.

Olimpiýada-da orun almagy ýa-da bir taslamany amala aşyryp bilmegi mümkünçilik diýseňiz ýalňyşýaňyz.Aklyňyz,aňyňyz,düşünjäňiz ösen hasap edýän bolsaňyz näme üçin şony başga zatlarda peýdalanyp bilmeýärsiniz?Mysal üçin:Oba-hojalygynda mal köpeltmek ýa-da ekin-dikinçilik etmek.Şony ýola goýup bilseňiz,puluň özi gelip durýar.Diplomsyz-zatsyz şolardan baýap ýören adamlaram köp.Şeýle alyp görsek mal köpeltmegem bir taslama,gawun-garpyz ekmek,söwda bilen meşgul bolmagam bir taslama.Taslama köp ýöne,şony amala aşyryp bilýän kelle az.

Isleýän adam mümkünçilik tapýar,islemedik bahana agtarýar.

Kitapdaky sözleri ýatlap aýdyp bilýän adam akylly däl,her bir kyn ýagdaýdan çykalga tapyp,öz işlerini ýola goýup bilýän adam akylly.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir