Men şu gün özümçe pikirlendim: “Şu Talyplar.com diýen saýta şunça wagt sarp edip, jan edip näme gördüm? Biderek wagty boş geçirmedimmikäm?..” Aslynda gowy sorag. Her kim özüçe şu soragy berse gowy, internet barada, edebiýat, sungat, dünýä ylymlary, TV barada, kompýuter oýunlary, durmuş, söýgi, dostluk barada... Onsoň bir gazanan gowy zatlarymy özümçe kelläme getirdim. Sizem pikirleriňizi goşuberiň.

Meňkiler:
1. Dost gazandym! Dostluk meniň üçin gaty beýik zat! Özümiň “dostum” diýip biljek adamlarymy gazandym. Olaryň köpüsi aga, köpüsi ini, köpüsi uýa, köpüsem deň-duşum ýaş boýunça. Ýene birem... Umuman, DOST!
2. Tanyşlyk gazandym. Meniň her tanyşanym dostum bolan däldir bärde, köpüsi gaty görendir, köpüsi ýigrenendir... Ýöne tanyşlygam gowy zat.
3. Häsiýetim AZAJYK gowulaşdymyka diýýän)) Hawa, öň mundan hasam beterdi. Şu wagt köne temalara seretdim... Baýbo-o-ow... pytradyp, oňuşman, hasam biderek ekenim. Häzir ýuwaşadym. Ýa kesellänim bäri şeýle boldummy, nämemi?!)) Aý, garaz, men öňkä görä azajyk köpçüligiň adamy boldum.
4. Köp bilmeýän zatlarymy bildim.
5. Wagtymy mundan has erbet saýtlarda geçirmekden goradym. Azyndan, adamlara peýdaly zatlary ýazdyk, okadyk...

Ine, şeýleräk. Başga +laryny sizem ýazyberiň!

Sorag-jogap, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir