Biziň barymiz diýen ýaly maşgalada ösdük, ýetişdik we biziň barymyzyň gözümizde, maşgala diýen zat hökmany zat ýaly bolup görünýär. Emma bu hakykatdan hem şeýlemikä? 21-nji asyrda maşgalaň tutýan ýeri nähilikä? Maşgala diýen zat ilki bilen köpçüligi we sürüni aňladýar. Köpçülik bilen süri bolsa haýwanlaryň dünýäsinden gelen zatlar bolup durýar. Adam näçe akylly bolsada, adaty haýwandan uzaga gitmedi. Köpçülik we süri bolup ýaşamak, ilki durmuş adamlaryna diri galmak üçin zeruru bolupdyr, mysal üçin uly haýwanlary awlamak üçin bir näçe adam gerek. Köne döwür adamlara köpçülik bolup ýaşamak amatly bolupdyr. Soň adamzat ösüpdir we özgeripdir, adamlar ekerançylyk we çarwadarlyk bilen meşgullanyp başlapdyrlar. Ýeri işlemek üçin bolsa bir giden kömekçi gerek bolupdyr. Kömekçileri bolsa özüň dogurmasaň nireden aljak? Onsoň 100 ýyldan mundan öň, 10-15 çaga dogurýan maşgalalar şol sebäpden kän bolupdyr. Şol döwürler daýhanlara köp çaga dogurmak amatly bolupdyr, biziň döwürimizde bolsa daýhana kömekçi bolup döwrebap tehnikalar hyzmak edýär, köp çaga dogurmagyň zerurlygy ýok. Biziň döwrümizde welin eýýäm maşgala diýen zadyň zerurlygy ýok, sebäbi maşgala diýen zat hem öz boluşly kiçijek süriň bir görnüşi bolup durýar. Taryhdan belli bolşy ýaly, adamzat diňe kynçylyklary ýeňmek üçin süri diýen zady döredýär. Biziň döwrümizde bolsa hiç hili kynçylyk ýok diýen ýaly. Biziň döwrümizde indi, kynçylygy maşgalaň özi döredýär. Maşgalaly ýaşanyňdan ýeke özüň ýaşanyň müň esse gowy. Degişli ugurdan alymlaryň çaklamagyna görä, 21-nji asyrda maşgala diýen sistemaň öz özi dargap gitmeli, sebäbi adamlara maşgala gurmaga hiç hili zerurlyk ýok. Maşgala döwrebap durmuşyp hiç bir muşşakgatlaryny çözenok. Gaýtam oň tersine, adamyň durmuşyndaky muşakgatlaryň barsyny maşgala döredýär. Maşgala sistemaň ýuwaş ýuwaşdan ýitýänine biziň özümiz hem şaýat bolup durus. Biz şu wagt geçiş döwründe diýsek hem bolýar. Şu günler maşgala gurýanlaryň sany gün günden azalýar, ýalňyşyp maşgala guranlar bolsa, sähel sebäp bolsa aýrylyşmaň ugryna çykýarlar. Bolýan zatlara gyzlar ýa-da oglanlar günäkär däl. Bolýan zatlar jemgiýetiň ösüşiniň basgançaklarynyň biri. Mundan 30-40 ýyl mundan öň adamzada diri galmak üçin maşgala diýen zat zerurdy. Aýallar hojalygy ýöredýärdi, nahar bişirýärdi, öýe seredýärdiler, kir ýuwýardylar. Erkekler bolsa iýmitiň gözleginde bolýardylar. Şol döwürler aýal erkeksiz eklenip bilenokdy, erkege bolsa hojalygy ýöretmäge wagt ýokdy. Onsoň şeýle ýagdaýlar adamlary maşgala gurmaga iterýärdi. Indi welin bar zat üýtgedi, indi diňe ýekelikde ýaşamak amatly. Indi aýallar hiç hili kynçylyksyz öz özlerini ekläp bilýärler. Erkeklere bolsa indi hojalygy saklamak üçin aýal zerur däl. Öý hojalyk tehnikasy arkaýyn aýalyň ýerini tutyp bilýär. Onsaňam döwrebap ekanomika nesil öndürmek üçin uýgunlaşmadyk. Çagany dogurmak we ýetişdirmek üçin örän köp serişde zerur bolup durýar. Köne döwürüler, oba hojalyk şertlerinde, her bir çaga ene atasyna kömekçi bolsa, döwrebap şäher şertlerinde her bir çaga ene atasy üçin artykmaç ýük bolup durýar. Gepiň gysgasy eýýäm biziň döwrümizde maşgala diýen zat öz zerurlygyny ýitirdi, ýa-da ýitirip barýar. Ösen ýurtlarda ýaşlaryň hiç biri maşgala gurmaga howluganok, sebäbi maşgala gurmaga indi hiç hili zerurlyk ýok. Biziň barymyz maşgala atly sistemaň iň soňky demlerine tomaşa edýäris.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Sorag-jogap, kitapcy.ml tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir