Din hakynda adamlarda her hili garayyslar bar.Kabir adamlar dine din bilen yasayarlar kabirleri bolsa tersine.Eger biz turkmenler musulmsan bolmadyk bolsak Yslam dinine garaysymyz hahili bolardy? Yewropalylar yaly yigrener ya da arablar yaly soyermiydik? Dinler hakykatdanda agzybirligi isleyalermi? Israel bn Filistinin arasyndaky sowes din sebapli dalmi? Allatagala dan gorkmalymy ya da Allatagala sygynmalymy?
Din
-
prikolmyrat
15 years ago
- bolyada jogap berayeli, Türkmene yslamam gerek dal başga dinem, biz yagny gadymy Hunlar "Ary halk" yagny "arian nation" bolupdyrlar, bizin oz Gök Tanry diyip Hudayymyz bar, yeke tanry, yeke Huday, onun bütin "arilere" beren etmeli hökümleri bardyr. Türkmençiligin bütin kada kanunlary şol hökümlerden gelyandir, ar namys, gyz oglanyn toydan ön arassa bolmagy, beyleki moral kadalar, hemmesi bizin Türkmençiligimizde bar, dinimizem şol sygynmaly Hudayymyzam Gök Tanry! araplaryn çykaran yslamy, ya ewreylerin (jöhitlerin) orta atan iudaizm, hristiyançylygy bize gerek dal
-
Cwetocek
15 years ago
- Tuweleme!!!
-
prikolmyrat
15 years ago
- ylalaşyanmy men bilen güljagaz tüweleme diyipsin welin :)
-
Cwetocek
15 years ago
- Dusundirenin dogry bolsa ylalasyan elbetde
-
romanovich
15 years ago
- sen name hudayyn birnacedigini savunyanmi prikolmyrat
-
Yazlale
15 years ago
- Sizin haklinizin heyrani yslama garshy gitmek Pigamberimiz (S.W.a.) unutmak aklina geljek zat dal. ata-babalarymyz "Gok tanry" dinine uyan bolsalar, onda name uchin arablar gelende islami meyletin hic hili garshylyksyz kabul edipdirler. Allatagallanyn yoluna her bir insan oz janini feda etmage tayyar bolmaly ahyry.
-
Cwetocek
15 years ago
- Yazlale pikkin yazanlary yslama garsy gitmekmi? Pikki beyle bolsa sen b/n men ylalasmayan
-
gaplan
15 years ago
- prikolmyrat gok tanrylygyn manysyny dushundirip biljekmi??? ol yerde name halal name haram,gok tanrylyk bolanda name bolyar???kop hudaylylykmy?
-
Mumin
15 years ago
- prikolmyrat sen bu sozleri diymek bilen oyun edensin diyip pikir edyan we bu temalarda kan oyun etmezligi maslahat beryan. eger oyun dal bolsa welin........
-
prikolmyrat
15 years ago
- yazlale bir zady bilmani gürlemek erbet zadow, taryhdan habaryn yok yslamy garşylyksyz kabul edipdir diyyan, naçe sany Türkmen gerçeginin kellesi kesilip tomaşa üçin obalaryn töwereklerinde nayzanyn ujuna dikilip goyulanyny bilyanmi?
-
prikolmyrat
15 years ago
- yslam gylyç bilen getirilen hemme yere, birbirinizi söyün diyyan Huday birbirinizi gyryn diymezmika oytyan
-
Laplandiya
15 years ago
- ey prikolmyrat name diyyanow,naman gok tanrysy,name yuz sanak huday bamow,o wagtlar tkmler ot a,goge sygynypdyrlar,araplar gelip yaslamy yayradypdyrlar,gelenem gowy bolypdyr,name sen musulman dalmi,sen yslam dinine ynanmayanmy?
-
Laplandiya
15 years ago
- yslam gylych bn gelenok,yslam wagyz bn geldi,yslamda hichem zorluk yok,elbetde basyp alana yerine oz dinini dessuruny owredersinda,ol bolan soweshi yslam soweshi diyip bolmaza..
-
prikolmyrat
15 years ago
- laplandiya yüz sanak Huday bar diyen barmy, senem bir zatdan habaryn bolmany gepleyan, Gök Tanry yeke Huday, başga Huday bar diyilenok Gök Tanryjylykda, otparazlaryn düybünden baglanyşygy yok Göktanryjylyk bilen, yslamda name bar bolsa Göktanryjylykda 10 essesi bar, namanin Gök Tanrysy dal, sen ata baban dini ol, ilk din, sen ata baban Türkmen, arap dal
-
Laplandiya
15 years ago
- hany gok tanryjylykdan habar ber onda.yslam araplan dini dal,dost bilip goy,yslam hudayyn dini.
-
prikolmyrat
15 years ago
- gurhanda bara ilki salgyt goyun bermeseler söweş açyn diyip, dost yslamy hemme dini bilyan men, buddizmdan başlap, hristiyançylyk, iudeylik, otparazlyga çenli, Huday hiç haçanam öz yaradan bendelerine birbirinizi öldürün diymez, gurhanda bolsa bar beyle zat
-
Laplandiya
15 years ago
- dur dur,indi sen kurana yalnysh diyjek bolyanmy?sen ony pes dushunjelegin sebapli,sen sheyle dushunyan bolayma
-
Belarus
15 years ago
- prikolmyrat gurhanda donuz haram diyip yazylan yeri barmy?
-
prikolmyrat
15 years ago
- pes düşünjeli özün dost, men köp dinden pelsepeden habarym bar, sen hiç zatdan habaryn yok dine yslamy bilyansin, şon üçinem şondan başga dogry yokmuka öytyan, üytgeşik pikiri sygdyryp bilmani bolsan garşydaka at dakjak bolsan onda yene senin düşünjesizligin, jedelin manysam yok onda, şu yerde nokat goyaly
-
prikolmyrat
15 years ago
- bar
-
Belarus
15 years ago
- name ucin haram diyip hasaplanylyar shony dushundirip bilmezmin!!!
-
Laplandiya
15 years ago
- prikol sen kurany okadynmy,beyleki dinler bn ishim yok men,men oz dinimi bilyan..sen aytda,name kuran sen pikirnche yalnyshmy?o yerde hudayyn aydanlary bar?
-
Laplandiya
15 years ago
name ucin haram diyip hasaplanylyar shony dushundirip bilmezmin!!!
Belarus | 2010-05-05 07:04:47
google yaz kuranyn terjimesi,lyuboy dilde bar,taparasyn
-
prikolmyrat
15 years ago
- donuz bokdan başlap herhili zat, maslyk we ş.m. zatlar iyyar, şeydip etinde, bedeninde bir topar parazit, organiki madda zeper yetirip biljek zatlar yygnayar, olaram adamyn saglygy üçin zyyanly, birem hapa zatlarda jyn, arbak köp bolyar, mysal üçin boka, siydige jyn, arbak yapyşyar, hajathanalarda, banyalarda jyn kan bolyar, şonun üçinem şol hapalyklar haram hasaplanyar, netije bilen ony iyyan donuzam haram. hristiyan dininde hem gadagandy bir wagtlar, son üytgedildi, butin dinlere muna menzeş düşünjeler, gadymy "ved" kitaplaryndan gelendir, adamzada Gök Tanry tarapyndan berilen ylym bilim kitaby, yslamada şondan geçen kan zat, "vedlar kitaby" "ary halklaryna" berilen, Türkmenlerem Hunlardan gelyar, Hunlaram "ary" halk, orslaryn: ""ariyskaya naciya" diyyan zady
-
Laplandiya
15 years ago
- nirden tapyp bolya sho sen diyyan kitabyny,bolsa tkmchesi,bolmasada rusam turkem bolsa bolar aytsana,name onda prikol muhammet(s.a.w)bize kurany naili owretdika,sen dinin namay voobshe to?
-
sukomoto
15 years ago
- prikolmyradyň şerinden gaçyp, Hudaýa sygyndym.
Gadym ata-babalarymyzyň gök-taňry dini bolupdyr ýöne.
-
Laplandiya
15 years ago
- yok gadymy taryh bn ylalashyan menem ata babalarymyz ot a goge sygynypdyrlar,o bashga gurrun emma men prikolun yslam gylychyn usti bn geldi,shon usti bn owreildi diyenine garshy
-
sukomoto
15 years ago
- men öz pikirimi aýtsam, men musulman (elhamdulilla), ýöne din gylyç bilen getirildi diýip bilýän. belki başga ýoly bolan däldir.
-
Laplandiya
15 years ago
- yok suko yslam da zorluk yok,mena ilki wagyz nesihat bn aydylyamyka diyyan,yone elbetde araplar chozup alan son dine gecdik,dagam sen basyp alan yurduna oz dessurunu yenani owretmela bolarsyn sheylemi..
-
sukomoto
15 years ago
- türkmenler basyp alan ýerinde öz dessuryny öwretmändirler.
eger öwreden bolasdylar, hytaýdan müsüre we wena çenli türkmençe gürlärdiler.
-
Laplandiya
15 years ago
- suko mena yslam dinin gylych bn owredilyanini bilemok doss,emma wagtyn gechmegi bn her kim oz dilinde gurleya,we her kim bir dini saylap alypdyr.
-
prikolmyrat
15 years ago
- lapland sen öz dininem bilenok, gurhanda emir bar, allanyn emri, basyp alyn din yayyn diyip, gylyç bilen yayyn diyilmegi dalmi şol
-
Laplandiya
15 years ago
- ay goysanay,prikol name oturan yurdun ustune barynda sholary gylychdan gechirip yslama getirin diyyami,dagam basyp alan yurduna lyuboy zadam etdirersinda,sen bu diyishina musulmanlari shu wagtky terrorlaryn edishine dondurdinlay.
-
Toty
15 years ago
- Dinda zorluk yok ol din öñ bolan bolmagy mümkin häzir beyle däl islänizi edin yöne men Allahdan ba$ga hudayyn yokduguna ynanyan bizem onun gullary ol bize $unça gözellikleri bag$ edipdir bizem oña jogap etmelidiris
-
GaraBatyr
15 years ago
- salam dostlar siz namede davalashyp yorsunuz donur haram dal diyyanizmi? muhsulman bolup Allanyn kitabyna ynanyan bolsanyza ine Allah tagala oz kitabynda (Kur'an) Kerimde sheyle diyyar:
172-nji ayat: Ey iyman getiren (mu'min) benneler size tazmiz (halal) eden ryzyklarymyzdan iyin, eger siz Alla tagalaha gulluk edeyan bolsanyz ona shukur edein.
173-nji ayat: Allah size maslygy (damagy chalynman, haram olen),we gany,we donuz etini, we Allah tagaladan bashga birinin adyna damak chalynany (Kesileni) haram etdi.
sygyr surasy (2-nji sure) 172-173 ayat.
-
Mumin
15 years ago
- yslam dini in sonky din bolup, kurany kerimde hich hili uytgedilme girizilmeden bizin gunumize gelen kitapdyr. beyleki dinler bilen deneshdirmek asla bolmaz.beyleki kitaplar ynsanlar tarapyndan uytgedilen kop yerleri.
-
enayja
15 years ago
- Ing gozel din yslam dini!!!
-
Alem
15 years ago
- Bizin dinimiz yslam dini hazira yone ona garsylyk yok,oglanlar sunnetli bolsanyza sizinem ene atanyzyz su sadagasy boldugyma uyyalar,we hemme adatlarymyz su din esasynda yerine yetirilyar mena garsylygym yok.men musulmandygyma begenyan halal, arassa pak hem ynancly din!
-
Yazlale
15 years ago
- Bagyshlan Prikolmyrat siz nache okuwly bolsanyzam kop zatlary okamansynyz ya-da gyzyklanmansynyz Hezreti Alymyz Bayramala gelende Gorkut ata turkmen Turkmen derwezesini Ginden achypdyr. Ozuniz hazir musulman bolsanyz Islama garshy chykyarsynyz onda musulman bolmak size nama gerek.
-
Cwetocek
15 years ago
- Mena gaty din barada kop zat bilemokdm yone oz dinimizi bilmek owrenmek isleyan. Su yerden kop zady owrenmek mumkin eken...
-
prikolmyrat
15 years ago
- çagalykdan yslam öwredileni üçin, beyninize şol din guyulany üçin köp zada bir taraplayyn seredyaniz, ata babamyz "Gök Tanra" ynanypdyr, yslamada hemme kada kanunlar şol dinden gelen, hemme dinin atasy "gök tanryjylyk", yeke Huday bar "gök tanryjylkdada", ar namyslyk, ahlak pakligi, hemme zat bar bizin gadymdan gelyan ata babamyzyn dininde, öz milli dinin barka name etjek araplan çykaran dinini, öz dilinde Hudaya dileg edip bolyaka, name etjek düşünmeyan dilinde şeytani rajjim bismillah diyip, name Hhuday arapmy?
-
Toty
15 years ago
- Prikol nadyanan muny gök tanryny goysana indi Alla basga hudayam yok zadam
-
Toty
15 years ago
- Gara du$unduru$in üçin sag bol alladan gaytsyn
-
prikolmyrat
15 years ago
- araplar "gök tanra" "alla" diyyaler, hemmesem bir "huday" şonun, dost "gök tanryny" goy diyip öz geçmişine hormatsyzlyk, şanly ata baban ynanan "hudayy" ol, sen allany goy gaytam
-
Toty
15 years ago
- Men bularyn hemmesine du$unyan doga-dileg edilen asmana seredip aydylyar.indi ozatlary agsak alla $irk yaly bolya
-
Toty
15 years ago
- Sen bizden köp bilyansin beyik allanyñ gözellikleri barada gyzykly temana gara$yan
-
turkmentalyp
15 years ago
- salam prikolmyrat,
men bardaki yazgylary okadym. Sheyle soraglar emele gelyar:
1) Yslam dinii bn senin ata-babalarymyzyn diyyan dininin tapawudy name?
2) Name uchin tmler yslamy kabul edipdir, oz dinleri bar?
3) Name uchin tmler ozune musulman diyyarler, ata-babalarymyzyn dininden diyman?
Shu soraglara jogap bersen onda kabir zatlar ayan bolyar. Yogsam senin diyyan zatlaryn garyshyk, many chykarmak kyn.
-
prikolmyrat
15 years ago
- turkmentalyp:
1. tapawudy kan, yslam dininem hemme zady "gök tanryjylykdan" alan, barde tapawudyny düşündirip otursam iki günim gider, özün okap gör ata baban dinini
2. Türkmenler yslamy kabul etmedik, Türkmenler Türkmençilik kadalaryna göra yaşap "gök tanra" sygynan millet bolan, yslam Türkmen topragyna gylyç bilen getirilen
3. şuwagtky Türkmenler bolmandada musulman diyer habary yok bolsa, name üçin onda şuwagt gadymy egin eşiklerimizi geymani ewropeyski edip geyinyas name biz ewropeyismi? men ors diyip yören Türkmenem az dal
sana sorag:
name üçin biz öz dilimizi goyup düşünmeyan arapçada Hudaya sygynmaly, Huday arapmy?
-
Toty
15 years ago
- Allan halayan dili arap ahyrzaman dunya tazeden gurlanda hemmeler arapç gúrlar diyyarler
-
prikolmyrat
15 years ago
- skazka onyn toty, hudayyn dili yok, name üçin arapçany halapdyr ol, onda alla faşist bolyada, araplar beyik beylekiler lopuh, huday name milletparazmy?
-
Toty
15 years ago
- Egin e$ik barada aytsam musulman bolanyñ b/n tm geyinmeli diylen zat yok dine allan diyi$i yaly geyinmeli erkekler dyz b/n egnine çenli yapyk ayal ma$galalar bolsa hemme yeri yapyk men e$di$ime görä
-
turkmentalyp
15 years ago
- prikolmyrat,
1. Sen 2 gun alyar diyme-de mana ayday esasy tapawudyny. Yslam dinine hemme zat gok tanrychylykdan gelenini nirden bilyan, delillendir! Sonam Tanrynyn Gokdedigini nirden bilyan? Sana soralanda sen jogap bermek boljun, eger chyndanam sen ata-baba dinini owretmek borjun we onun yeke-tak hak dinligine gozun yeten bolsa! Men okajak bolsam senden sorap name edeyin.
2. Turkmenler yslamy meyletin kabul eden. Sen diyshin yaly gylych bn bolan bolsa onda hazir gylych yok, onda chykyber yslamdan. Muna sen: "Bolmanda-da ozune musulman diyer-da habary bolmasa" diymeginem mumkin. Yone ol gury aylanyp duran bosh sozden tapawudy yok.
3. Bu soragy kasha edipsin.Birnache zady garyshdyrypsyn. Entak egin-eshige yetemzok. Entak dinimizin ara-tapawudyny yagny yslam bn ata-baba dininin. Haysy hak shona goz yetireli.
Senin soragyna jogap:
Sebabi yslam hak din. Hudaydan gelen din. Bize yagny ahli ynsanlara Muhammed a.s. usti bilen Kurany Kerim iberen Beyik Allahyn adamlara yasap beren yoly. Sen yuzley gurrun etmesene, menem edeyinmi seninki yaly!? Onda menem diyjek: "Name Huday turkmenmi?". Beyle gurrunler bosh gurrunlerdir. Sen entak dile uns berme-de name hak name batyldygyna uns ber. Arap dilini bilmeyan bolsa owrenersinda. Kurana dushmeyan bolsan onda Kurany dushundiryan kitaby okabermeli. Sana hokman arapcha bilmeli diyyan yok. Namaz okajak bolsa arap dili araplar yaly bilmek gerek dal. Esasy name okayan manylaryny bilmek gerek, yogsam okadyn-okamadyn bir.
4) Name uchin bizin ata-baba dinimiz hak bolsa gun gechdikche yslam dini yagny ony kabul edyan durli milletler kopelyar. Ya gylych ulanylyarmy?
Sen entak kop zatdan habaryn yok oydyan Myrat dost. Godegräk yazan bolsam bagyshla, sana hich erbet niyetim yokdur.
-
prikolmyrat
15 years ago
- dost ony aytsan hemme dinem özüninka hak diyyar, iudeyligem biz saylanan halk bizin dinimiz hakykat diyyar, hristiyanlaram şey diyyar, buddistlaram, hemmeler, sen nirden bilyan yslamyn hak dindigini?
-
turkmentalyp
15 years ago
- Sen menden soradyn soragy menem sana jogap bermek borjum:
Muhammed a.s. pygamber hat-yazuwdan bash chykarmadyk bende bolan. O dowurlerde ylym hem osmedik. Bu taryh bilen sheyle subut edilen. Men sana bir ayat aydayyn, sen ozun oylan son.
Auzubillahimineshsheytanirrajim - Dashlanyp kowlan sheytanyn sherinden Allaha sygynyan.
Bismillahirrahmanirrahym - Rahman we Rahym bolan Allahyn ady bilen.
12. (Kasam ki), Biz ynsany (ýagny, Adam aleýhissalamy) palçygyň maňzyndan ýaratdyk.
13. Soňra ony (barça ynsanlary owal-a) mäkäm karargähdäki (ýagny, ýatgydaky) nufta (damja) – tohum etdik.
14. Soňra bu nuftadan (damjadan) lagta (goýy) gan ýaradyp ýaradyp, lagta gandan parça eti ýaradyp, parça etden süňklerini ýaradyp, bu süňklere et gapladyk, soňra (oňa jan girizip), owal başdaky bir damja suw nuftadan bütünleý başga bir janly zat peýda kyldyk. Bes, iň gözel ýaradyjy (ýagny, ýokdan bar ediji bolan) Allah bereketli, beýikdir.
Muminun süresi
Ine 1400 yyl ozal Kuranda yazylan ayatlat. Ynsanyn doreyish etaplary jikme-jik aydyp dur. Bugun munun dogrulygyny shu wagtky osen ylym tassyk edyar, yagny embriologlar. Muhammed muny ozunde yazyp bilerdimika?! Ya Muhammed a.s. laboratoriya ishler edip bildimika?! Muna menzesh ayat bashga men hak diyyan dinde barka?! Bu yekeje mysal. Kuran adam sozi bolan bolsa sho wagt Muhammed a.s. olenson yoguna yanardy. Yone yokardaky ayatdan gorulishi yaly kimin sozligine akylyny ishledyan adam ozi tassykk eder. Yogsa-da nebisjigine uyyar oturar.
Indi sen ayt:
Senin diyyan ata-baba hak diyyan dinin name esasda hak. Yagny haysy delil bn?
-
prikolmyrat
15 years ago
- injili okadynmy? okamansyn sebabi mundan beter ylmy subutnamalar injildede köp, gurhandaky köp rowayatlar injil bilen töwratdan alynan, bir profesor çykypdy yany yakynda, gurhanyn lyuboy ayatyny injil bilen töwratdan tapyp berip mysal getirip beren, gurhanyn injil bilen töwratdan göçürilen, subutnamasy bar, men diyemok, tassyk edenler bar
-
prikolmyrat
15 years ago
- "göktanryjylykdaky" ylmy açyşlary edilmedik indi edilmeli zatlary okap görsen, gurhan onu yanynda inisi bolup galar, eger dine önünden aydylan zatlara üns beryan bolsan, "göktanryjylygyn" "vedlar" kitabynda dine ylym dal hemme zat barada önünden aydylyp geçilen, ylym bilen meşgullanyanlaryn kellesem yetenok, lingwistikadan tut biologiya, himiya, antropologiya çenli islan zadyn bar, "ari" milletlerin ynanyan dini "göktanryjylyk" yönekey zat dal, düşünmage kelle gerek
-
turkmentalyp
15 years ago
- ay bor prikolmyrat,
senin diyyan zatlaryny men bilyan. edil shu yerde ikimizin aramyzda entak injilin gurruni gidenok. Ony ayratyn tema achmaly. Ol uzun tema. Ikimiz yslam we senin ata-baba diyyan dinin hakynda gidyar. Men senin diyyan zadyndan chekinyan diyip pikir etme! Esasy temadan chykmaly. Sen menin soran zatlarymy aytsana!
-
prikolmyrat
15 years ago
- gysgajasy dost sen dine yslam bilen yaşap yörüp dine gözyetimin dine yslam çyzygy içinde, üytgeşik pelsepe we dini ylym bilimler bar dünyade, olardan birem ata baban dini, gyzyklanyp görsen özün göz yetirersin namanin namedigine, mesele öran uly, din we pelsepe diyilyan zat barde 5 min. içinde düşündirip boljak zat dal
-
turkmentalyp
15 years ago
- myrat dost,
men korlugi gowy goremok. shol sebapden senin mana bershin yaly dal men. men her cheshmanem okap goren. men oz-erk islegim bilen name dogry bolsa kabul eden. Men sen bilen jedelleshjek dal, sebabi entak sen jedelin kanunlaryna gowy uyup jedel edenok. Shol sebapden sen bilen jedelleshmek peydasyz. Gynandyryjy hem sen menin esasy beren soraglaryma jogap bermedin. Zyyany yok, men bolmasam bashga biri berer o soraglary sana. 5 gunlap dushundirmek ya ozun oka diyip garshydashyna aydylanok. ony aytmak gaty yenil. o sozler peyda-da getirmeyar. shol aylanar durar sozler olar. bor dost shol sebapden shol soraglara gaty gowy tayyarlykly bol. Ozun oka diyme-de dushundirjek bol. aydyan zadyn hak bolsa adam 5 minutda-da dusher. Bu-da dost sana maslahat. Sana esasy dogruny bilmek, son saglyk Beyik Allah bersin. Sagbol.
-
Mumin
15 years ago
- prikolmyrat kuranda Allatagalanyn iberen injilem, towratam ondan onki ugradylan kitaplaram "biz ugratdyk" diyilya. Kuranam ondan onki kitaplaram yeke tak awtor tarapyndan yazylan , yslam onlary inkar edenok. senin diyshin yaly bu temany 5 minutda dushundirip bolanok.
"göktanryjylykdaky" ylmy açyşlary edilmedik indi edilmeli zatlary okap görsen, gurhan onu yanynda inisi bolup galar, eger dine önünden aydylan zatlara üns beryan bolsan, "göktanryjylygyn" "vedlar" kitabynda dine ylym dal hemme zat barada önünden aydylyp geçilen,
senin shu ata babalaryn uyan kitabynyn awtory kimka shonam aytsana men inkinji gezek duyyan.
beyle Kuranyn awtoryndan beyik kim barka bizem tanaly?????????
-
prikolmyrat
15 years ago
- mana yslamy we gurhany düşündirmanow men hemme dinden habarym bar diydima, "vedlaryn" awtory Huday, million yyllar bari "brahmanlar" tarapyndan agyzdan agyza berilip dini bilim, mundan 5 mün yyl ozal kitaplaşdyrylyar; 4 kitapdan ybarat: 1.Huday barada 2.saglyga degişli 3. maşgala we toplum 4. ylym
-
Mumin
15 years ago
- Shu wagt internetden brahmanlar barada okadym welin sheyle yazyk. terjime etmek ukybym yoklugy sebapli gysgaja esasyny yazayyn, mana shol yeterlikli boldy. Vedizmin esasy tanrylary Varuna,indra Agni we soma diyip yazylgy. bu din hindistanda ginden yayran.
Hemme dinlrin ichinde shuny saylap aldynmy?
-
prikolmyrat
15 years ago
- dost ginden gyzyklanmasan düşünmeyan o zatlara, varuna, indra olar yarym tanry, yagny Hudayyn hakimiyet beren perişdelerinden, tanry sözünin manysy uly, olaryn biri yerin düzgünlerine seredyar, beylekisi yene bir zada, yslamdada bar onun yaly perişdeler, olara huday tarapyndan güyç berileni üçin yarym tanry diyilyar, yagny perişde, bolmandada yeke tanryn yaradanlary olar, gysgajasy gök tanryjylygam monoteizme giryar
-
tgala
15 years ago
-
tgala
15 years ago
- psikolmyrat
munça zat ýazypsyň welin
beýle tarapa putýowka alar ýaly haýyş etsem haýsy dine ynanmaly men şonam ýazyp goýbersene
-
Cwetocek
15 years ago
- Tgala nadip bosh jogap ugratyanyz?
-
tgala
15 years ago
- boş däl ýöne bir problema boldy bilmedim
-
Cwetocek
15 years ago
- Hä dü$nikli
-
prikolmyrat
15 years ago
- tgala beyle tarapa putyowka men yanyma gel bereyin özüm, pul gerek o zatlara
-
tgala
15 years ago
- näçeräk pul gerek bolarka mukdarynam aýtsaň şoňa görä jemläýin. birem haýsy dinden oňaryp bolarka:-)
-
prikolmyrat
15 years ago
- dine men dinimden gidip bolyar, beyleki dinler sokup aldap gidip biler bara doss, koroçe başlangyç üçin 550 mün dollar yygna, ansat zatdyr öytyanmow o dünyaden jennetden yer almak, halem sana skidkaly baha şol, birem azrak haram işle, arzanrak bolar
-
tgala
15 years ago
- jennet seň ýokarda sanap geçen dinleň näçe sanysynda barka.seredip görsene.ýöne ata babalarymyza köp wagtdan bäri yslamda.menä ata babalarymyz samsykdyr öýdemok.seň ýaly köp okap dinlere seredip dogrusyny ýalňyşyny saýlandyrlara.indi hemmesiniňki ýalňyş seňki dogry bolýarmy?
-
prikolmyrat
15 years ago
- buddistlara name diyjek onda, şolaram ata babamyz ynanya diyip daşa ynanyp yörlera anha, buddistlaryn hemmesi wankmy onda?
-
tgala
15 years ago
- men ýada biziň halkymyzyň içinde ýada dünýädäki musulmanlaň içinde diňe sen dogryny bilýäňmi beýlekiler nädogry bolýamy indi?
-
prikolmyrat
15 years ago
- hawa
-
tgala
15 years ago
- onda saňa diýjek zadym ýok. birgün gelende wah diýmeseň bolýar
-
prikolmyrat
15 years ago
- wah
-
tgala
15 years ago
- wagty gelende gaty giç bolar şu wagt gury sözdür saňa
-
prikolmyrat
15 years ago
- dost hakyky din diyen zat yok yüregin ak palin arassa bolup gowy adam bolup Hudaya gulluk edip gezsen o dünyade dowzaha gitmejegin belli
-
prikolmyrat
15 years ago
- hemme dinem Hudaya alyp gidyan üytgeşik yol, senki yalnyş menki dogry diymek in yalnyş zat
-
enayja
15 years ago
- Adam ynanan zady ugryna agirt uly yalngyshlar edip biler..
-
arsen89
15 years ago
- romanovich,koroce,bilyan zadym palestina bn israelin arasynda urush din ustunde dal,yer ustunde.
-
arsen89
15 years ago
- allatagaladan hawwa gorkmaly,cunki onun gozi hemme yerde bar.
-
nauk
14 years ago
- ey way men dine kinolarda multiklerde ertekilerde eshityadim adam bu dunyaden kone dunya gecyanini. Asyl bardede bar ekena. Ay pirikolmyrat pirikol boljak bolmasana. Bir dunya gozun aylasana
-
makesh
14 years ago
- prikolmyrat sen niredenay dos sen yslam dinine beyle diymek bn gaty yalnyshywn dos. sonam yslam dinine garashy chykmam bolyacsenki men berip biljek maslahatym sana azajygam bolsa imanyny oyar dos. sheytanyn sozine gitme
prikolmyrat 15 years ago- dost biz namow profesormy munça soragyna jogap bereli, name bilmeyan bolsanyz soranow şu yerde bara