Taryhda Hudaý bilen gönümel iş çalşan adamlar az däl. Beýik Allah bilen we onyň çaparlary (Perişdeler) bilen esasanda Pygamberler iş çalşmaly boldylar we belki biziň döwrümizde hem iş çalşýandyrlar? Allah bilen aragatnaşyga çykan adamyň iň ilkinji soragy bolsa, eger sen çyndan hem Hudaý bolýan bolsaň, subut et. Hudaýdan subutnama soran Pygamberler az däl, adam näme diýseň hem adamlygyna galýar we diňe öz gözlerine ynanýar. Dogrysy Hudaý hem subutnama soralany üçin känbir gaty görýäne meňzänok. Adamlaryň iň köp sanly soraýan subutnamasy bolsa ölüni direltmek. Pikirlenip görseň hiç bir jadygöýüň oňarmajak zady ölüni direltmek bolup durýar. Mukaddes kitaplarda ölüni direldilýän bölümler az däl. Beýik Allah özüniň kimdigini görkezmek üçin diňe bir ölüni direltmedi, ol başga hem gaýtalap bolmajak işler etdi. Ol işleriň barsyny gysgaça "Hudaýyň Alamatlary" diýilýär, rus dilinde bolsa "Znameniýa Boga" bolýar. Beýik Allah öz alamatlaryny diňe diri şaýatlar üçin görkezmedi, ol öz alamatlaryny biziň döwrümiz üçin hem goýup gitdi. Ol alamatlar biz ýaly adaty adamda, Allaha bolan ynamy berkitmek üçin zerur bolup durýar. Dogrymy aýtsam meň özüm hem aram aram Allaha bolan ynamymy ýitirýän, emma Oňa bolan ynamy berkitmäge maňa Hudaýyň alamatlary kömek edýär. Has dogrysy ol alamatlary kapyrlaryň ýalana çykarjak bolmasy. Zeminde haýsam bolsa bir güýç Allahyň bardygyna çyny bilen ynanýar we ony çyny bilen ýigrenýär. Ol güýç çyny bilen ýarym toslama zadyň garşysyna hiç haçan hem göreşmezdi, diýmek Allah hakykatdan hem bar. Allahyň özine garşy hiç zat edip bolanok,(oň arşyna ýadro raketalar ýetenok) emma oň alamatlaryna garşy hakykatdan hem göreşse bolýar. Allahyň alamatlaryny ýalana çykarmak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, çeper edebiýat, kinomatografiýa we resmi ylym hyzmat edýär. Indi bolsa alamatlaryň barsynda durup geçeli we şol alamata garşy görülýän çäräni tapjak bolalyň.
1) Iň birinji alamat Allahyň ölüni direldişi.
Bu alamata garşy bir giden kitap ýazyldy we bir giden kino düşürildi. Maňa belli bolan iň esasy kitap Frankinşteýniň wakasy bolmaly. Şol eseriň esasynda bir lukman ölen adamy direldýär, ýa-da ölen adamlaryň böleklerinde täze adam ýasaýar. Şol kitaba bolan gyzyklanmany reklammaň üsti bilen emeli usul bilen saklap otyrlar. Bu hereketleriň barsy Allahyň iň esasy alamatynyň güýjini gaçyrmak. Hamala adamyň özi ölüni direldip biljek ýaly, diňe azajyk ylym ýetenok. Frankinşteýn eseriň täsirinden soň, Allahyň ölüleri direltmegi eýýäm gyzykly bolup görünmeli däl. Frankinşteýdan başga Supermenyň direlmegi, zombylaryň direlmegi we başgada bir giden öňüňizden çykjak direlmeler.
2) Musa Pygamberiň gyzyl deňizi iki bölmegi. Bu alamata garşy söweş ylmy dünýäde alnyp barylýar. Siziň baryňyz suwyň gudraty barada her tüýsli ylmy zatlary eşden bolsaňyz gerek? Suw informasyýa saklaýar, sew bilen bar zat beýle ýönekeý däl, suw bilen bir zat düşnikli däl. Garaz suwyň daşynda alymlar bir tüýsli syr döredýärler. Şeýle ylmy işleri okan adam, irde giçde Musa Pygamberiň gyzyl deňizi iki bölşi barada bir zat okasa känbir geň galmaly dälde şeýle diýmeli: Bu ýerde Hudaýyň dahylly ýeri ýok, suw özünde informasyýany saklaýar, belki ol jadygöýüň hem diýenini edýändir? Alamatlara garşy göreşiň esasy düzgüni, adamlara hiç zady gönümel tekst bilen aýtmaly däl, adamlaryň özleri pikir ýöredip şol ugra ýetmeli. Şeýle etseň adamlar öz tapan pikirlerine gowy ynanýarlar, gönümel aýdylan pikir bir tüýsli ýat pikir ýaly bolup eşdilýär.
3) Musa Pygamberiň hasasy. Musa Pygamber Faraonyň ýanyna baranda, oňa Hudaýyň alamatyny görkezende oň hasasy ýylana öwrülýär. Ýöne barybir Musa Pygambere ynanman oňa jadygöý diýýärler. Eger gowja üns berseňiz biziň şu döwürmizde käbir kinolarda we multfilimlerde jadygöýleriň elinde ýylanyň keşbinde bolan hasa tutdyrýarlar. Eli ýylan görnüşde hasaly jadygöý meň ýadyma diňe Alladin multfilimdäki Jafar atly wezir düşýär. Garaz Ýylana öwrülýän hasa we ýylan şekilli hasalaryň barsynyň telewizorda peýda bolmagy, Allaha garşy göreşýän azaşanlaryň biziň beýnimize Musa Pygamberi jadygöý hökmünde görkezmäge synanşmagy.
4) Anabiýoz ýa-da uzaga giden uky. Kerimi Kuranda Beýik Allah 4-5 sany adamy we bir köpegi, bir näçe müň ýyllap gowakda ýatar ýaly edip olary öz alamaty hökmünde görkezýär. Şol topar adamlar özleriniň şonça ýyl ýatanlaryndan özleri hem bihabar bolýarlar. Döwrebap haramlar bolsa çeper edebiýatyň we fantastikaň üsti bilen "Anabiýoz" atly fantastiki bir düşünjäni girizdiler. Hamala uzak planetalara uçmak üçin adamlary Anabiýoz uka didirseň bolýar. Hakykatda bolsa bu zatlaryň barsy ýalan. Bu zatlaryň ýeke täk maksady Allahyň alamatlaryny adamlaryň edip bilýändigine ynandyrjak bolmak.
5) Kakasyz çaga dogurmak. Bize mälim bolşy ýaly Bibi Merýem Ysa Pygamberi hiç hili erkeksiz dogurýar we öz alamatlarynyň birine öwürýär. Bu alamata garşy köp zat aýdyp biljek däl, ýöne diňe meň bilýänim Haruki Murakamiň 2 sany eserinde, erkesiz çaga dogurýan aýallar barada gürrüň berilýär. Ondan başga köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde jynsy gatnaşyksyz dogyran gyzlar barada bir topar buşlykly habarlary eşitseň bolýar. Mysal üçin oglan bilen gyzyň içgi geýimini bir kir ýuwýan maşynda ýuwypdyrlar we gyz göwreli bolupdyr, ýenede bir oglanyň jyns suwuklygy baseýka düşüpdir we şol baseýka suwa giren gyzlar göwreli bolupdyrlar. Erkeksiz çaga galmaň başga bir mysaly meň ýadymda ýok.
6) Ysa Pygamberden adamlar asmandan balyk indirmegi soraýarlar, ol bolsa Allaha ýüz tutýar. Allah bolsa razylaşýarda şeýle diýýär: —Eger balykdan soň adamlaryň ýüreginde ynam bolmasa, men olardan gowja edip soraryn. Eger kim Ysa Pygamber barada kino gören bolsa, ol hiç zat ýok ýerden balyk alýan we adamlara berýän ýerini bilýändir. Biziň döwrümizde bolsa bu alamata garşy ylym bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleri göreşýär. Ylym aýtmagyna görä uly ahy tupanlar suwuň düýbinden balyk sürüsini göterip adamlaryň üstine ýagşyny gürrüň berýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolsa şeýle ýagdaýlar boldy diýýärler.
Allahyň alamatlarynyň şu wagyt ýadyma düşenjeleri şular. Alamatlaryň barsy Kerimi Kuranda bar we olary ýalana çykarjak bolýanlaryň hereketlerini mas mediýada görseň bolýar.
Hudaý bolýan bolsaň subut et!!!
-
Гость
3 years ago
- Ýüregme jüňk bolaýdy.Sag boluň!
-
Pegas
3 years ago
- Jedelli mesele. Bizde ýöne sowatly dini alymlar ýok diýerlik. Meň tanaýanlarymyň ählisi dini fanatik.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Pegas+++
22.06.2021, 7:15
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Bashga NO COMMENT!
7:16
-
Khanture
3 years ago
- Dini alymlar bar. Seň hyýalyňda fanatikdir. Ganatyňy keserin şu.... :))) Ýönekeý at bolup galarsyň!
-
Panturkist
3 years ago
- Ýazanlaryňda azajyk subutnama, fakt bolarmyka diýip okadym ýöne ýene şol ertekileri ýazypsyň senem. Bu rowaýatlara şeýle-de dine ynanýanlar ynanýar. Esasy zat bir zada subutnamasyz ynanmaýan adamlara düşündirip bilmek. Mysal üçin deňiziň iki ýarylmagy ýa-da hasanyň ýylana öwrülmegini bir dine ynanmaýana ýa-da mukaddes kitaplaryň hudaýyň däl-de adamlaryň ýazan kitabydygyny aýdýan adamlara nädip subut etjek? Ýa-da Merýemiň zyna etmän Musany gyz halyna dogurandygyny nädip subut etjek?
-
Khanture
3 years ago
- Ýa-da Merýemiň zyna etmän Musany gyz halyna dogurandygyny nädip subut etjek?
Musa dal Isa. Senem birzatlar diyjek bolyang welin colasyp yorusing. Sen yalyny dine Alla yole getirer.
-
Panturkist
3 years ago
- @Khanture, atlarda ýalňyşlyk sypyp biler, awtor düşüner. Bir-de, belkem sen bilýän dälsiň ýöne bilimde bir pikiri ýa-da gipotezany subut etmek jogapkärçiligi şol gipotezany orta goýanyň boýnunda.
-
Adalat19
3 years ago
- @Panturkist, Allahyň özi öz döreden zadyna, (adama) öziniň bardygyny subut edip bilmeýän ýerinde menä milt hem etjek däl. Tak çto kim ynanasy gelse ynansyn, ynanasy gelmese halany etsin. Meň temada aýdan zatlarymy bolsa, ähli kişi şonsyz hem bilýär, men diňe bar zady öz tekjelerinde goýuşdyrdym.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Khanture, Adalat19, shu chaka chenli bize owredilen, owredilyan we owrediljek dini maglumatlar taryh yaly owredildi, owredilyar, owrediler. Meselem, ahli dini wakalar bize kitaplaryn usti bilen yetirilyar, makow yaly ynanmagam bizin borjumyz. Ol aslyetinde bolanmy, bolmadykmy, ol bolsa bize malim dal. Bilmeli dal, ynanmaly... Real subutnamalar bilen, hich zady owrenmedik, gormedik.
22.06.2021, 14:16.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Ylymdaky kop maglumatlary bolsa, realda hem goryaris, name diyende-de, dindaki maglumatlardan ylymdaky maglumatlar ynanarly...
Tak, chto, sizinem janynyz sag bolsun!
14:20
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Bashga NO COMMENT!
14:22
-
Jeksparro
3 years ago
- Nuh pygamberiň tupanynam bir zada gabat getirip ýazmaly ekeniň!
-
Jeksparro
3 years ago
- @khanture, Allaha bolan şübhäň bar bolsa başda ynanmalam däl ekeniň. Ikiýüzlilik etjek bolsaň...
-
Jeksparro
3 years ago
- 6) Ysa Pygamberden adamlar asmandan balyk indirmegi soraýarlar, ol bolsa Allaha ýüz tutýar. Allah bolsa razylaşýarda şeýle diýýär: —Eger balykdan soň adamlaryň ýüreginde ynam bolmasa, men olardan gowja edip soraryn. Eger kim Ysa Pygamber barada kino gören bolsa, ol hiç zat ýok ýerden balyk alýan we adamlara berýän ýerini bilýändir. Biziň döwrümizde bolsa bu alamata garşy ylym bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleri göreşýär. Ylym aýtmagyna görä uly ahy tupanlar suwuň düýbinden balyk sürüsini göterip adamlaryň üstine ýagşyny gürrüň berýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolsa şeýle ýagdaýlar boldy diýýärler.
Tötänleýin bolýan zatlary näme üçin dine baglanyşdyrjak bolýanyňyza düşünýän däldirin...
Şol Isa pygamberiň gytçylyk wagtynda doga dileg etmegi we şol wagt asmandan balyk köpelmegi ýaly gudratlary tötänleýin wagtda bolup geçäýdimikä? Meň pikiriçe ýok. Sebäbi ol ýerdäki adamlar şaýat. Balygyň nähili ýol bilen köpelendigine...
Açlyk wagty, garaşylýan wagty asmandan balyk ýagmasa peýdasy näme dokçulykda balyk ýaganynyň...
Ylym şuny düşündirip beräýsin...
-
Jeksparro
3 years ago
- Frankinşteýniň bölek ölen adamlaryň parçalaryndan adam direltdi diýdiňmi!?
Bir ölüp giden adamyny enjamsyz, elektrik togy bilen direltmek bilen Isa pygamberiň bir ölen adamyny direltmeginde tapawut görmez derejede şolar ýaly giç zat bileňizokmy?
Bularyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bolýandygyny ýadyňyzdan çykarman...
-
Jeksparro
3 years ago
- Galan düşündirişlere bolsa syn berip biljek däl... Sebäbi ylymly professorlar deňäp bilmedi hiç bir pygamberiň eden zadyny. Adalat-19, sen bolsa oturan ýeriňde terslin-oňlyn zatlar ýazyp hiç zat bolmadyk ýaly bir zatlar ýazypsyň. Olam bolmandyr. Gynanýaryn....
-
Jeksparro
3 years ago
- Khanture 1 day ago
Kop sag bolun agam, ateizmi biraz owreenmek maksady bilen ateistik yutub kanal yzarlapdym w Allaha shubhelenip baslapdym. Shuny yorite sizden sorayyn diyp yordum. Yene bir Allanyn gudratyna seret! Men soramazdan ozuniz blog goydynyz!!!
Şu teswiriňe näme jogap berjegimi bilmedim @Khanture. Bu ýerde ýene bir sapar darmaňlaýly diňe öňüňdäki bir metr aralygy görüp bilýändigiňi subut etdiň...
Sen ynansaňam ynanmasaňam, samsyk ýazgylar diýip hasap etseňem Arazbaý Öräýewiň ''Täleýnama'' kitabyndaky öz ýylyň hakynda /Bars ýyly/ ýene bir sapar okap gör. Şol astrologiýa ylymy seniň samsyk hem diňe özdiýenli kejir, kejeňekdigiňi subut edýär. Beýlekileriň pikirine gulak asmaýan kesir biridigiňi aýdyp berýär. Okap gör şony...
😁
-
Adalat19
3 years ago
- @Jek serçe, men diňe umumy düşünjelleri bermäge synanşdym, (hemişeki ýaly). Düşünjek adam eýýäm düşünendir, düşinmeýäne welin hiç kim düşündirip bilmez. Öň hem aýdyşym ýaly her bir adam ähli zady bilýär, sebäbi hemme kişide göz gulak bar, ýöne bilinýän zatlary bir tertibe salmak gerek, menem şony etjek bolýan, tertibe saljak bolýan, a şeýle alaňda hiç hili gizlin zat aýdamok...
-
Adalat19
3 years ago
- @Jek serçe....seň bir tüýsli şahsy ýigrenjiň bar ýaly bolup dur, ýa-da göwnümemi? Eger bir ýerlerde göwniňe degen bolsam bagyşla...
Khanture 3 years ago- Kop sag bolun agam, ateizmi biraz owreenmek maksady bilen ateistik yutub kanal yzarlapdym w Allaha shubhelenip baslapdym. Shuny yorite sizden sorayyn diyp yordum. Yene bir Allanyn gudratyna seret! Men soramazdan ozuniz blog goydynyz!!!