Men bezzatdym.
Ýok, kezzapdym.
Kejirdim.
Ne gündiz, ne gije dynç aldyň menden.
Öwütlerňi — söýgi bilen ýugrulan
Gulagymyň ýelesinden geçirdim.
Sen hiç y:njalmadyň,
Ynjaldyň menden.
Goňşy çagalaryň eden etmişin,
Asla kakamda-da geçirmedigňi,
Üstüne abanyp özge dogrulaň,
Otyrkamam başujunda etmişiň,
Meň ähli günämi geçirmediňmi?!
Bu dogrumy ýa ýalňyşmy — bilemok,
Belki, bolup bolýan däldir başgaça.
Öz dünýäňden ýene dünýä dogrubam,
(Häzir çynym aýdýan, häzir gülemok)
Eje, şu ejeler maňa tapmaça.
Özüm deý kelpeze kän duşup indi,
(Özümden kän esse beterlerem kän)
Özgelerden artyk söýlen ogullaň
Hiç kimçe-de bolmaýanna düşündim.
Ah, ýöne özüme düşünermikäm?!
Çünki çykyp howlymyzyň çäginden,
Özbaşdak durmuşa girenim bäri,
Bildim, hatarynda däl men gowulaň,
Meniň göwnüm, ýagşy-ýaman pälimem
Senden başgalara geregem däldi.
Hem-ä senden gaçyp gaýtdym, mähriban,
Hem seniň mähriňe zar boldum, eje.
Men — hem gaçan, hem ýanyňa howlugan,
Ýöne, barsam, adam bolmam ähtimal,
Ah, barsam, men küje, adamlyk küje!
Meni söýgiň üçin bagyşla, eje!..
Sapa Hommadow
“Meni söýgiň üçin bagyşla, eje!..”
-
DonMaxx
1 year ago
- Tuweleme +++
-
meri
1 year ago
- +++
-
soho
1 year ago
- berekella
-
Ahmedik_97
1 year ago
- Tolgundyran setirler...
17.06.2021, 7:20
-
Aygul nuralyyewa
1 year ago
- P1us+...@Shahyrana
-
Jeksparro
1 year ago
- Berekella @Pegas, galamyň ujy artylgy dursun... 😊
-
Nirvana
1 year ago
- Setire geçirilen ömür…
Berekella, ylhamyň joşup şular ýaly goşgularyň dowamy kän bolsun!
-
Wonderfull
1 year ago
- Hemme goşgularyň Bibişemi?
GaRa_TmyN 1 year ago- 👍👍👍👍👍👏👏👏 yazmasy kyn bolan duygular....