önler aydylypdy; din tiryekdir we gowşak adamlar üçin din hökmany zerurdyr, diylip. bu "din yaman zat bolsa-da, kabir kemakyllary kontrol etmekde gaty köp peydasy bolyar" manysyna gelyar. mysal 1, teroristler. teroristlerin köpüsi öz düşünjelerini dinden alyar. yagny taliban, el-kaide, hemmesi özlerine arassa musulman diyyarler. Yagny dinin beren gurhanyny okayalar, şolardan ayet saylap, yaş nesli aldap, öz erbet maksatlarynda ulanyarlar. Yagny dinin ahmiyedi gaty uly teroristlerde. Bir yerde okadym, talibanlaryn okuw yerlerinde, ilkinji 2-3 yyllap, dine hadys we gurhan okadylyan eken. ahli gyzlardan daşda saklayan ekenler, we ş.m. zatlar. yagny dini ulanyandyklary, güyçlerini dinden alyandyklary görnüp duran zat. Sonra ol yetişen teroristler gidyar, öz üstüne bomba goyyar, gityar, beslandaky yada başga yerdaki yaly, günasizler bilen bile adamlary öldüryarler. sebabi olaryn beyniçe, düşünjesine göra, olar ölseler, şehit bolyamyşlar, jennetde periler bilen bile boljaklarmyş. yagny gorkusyz bolyalar. dünyaden yüz öwüryaler. ine şu yerde dinin nahili tiryekdigi belli. geçen yyl aşgabatda 12-15 esgeri öldüren ajdaryn hem narkomandygyny yatladasym gelyar. seredip görseniz, terorist bilen narkoman menzeşdir. narkoman güyjüni tiryekden alyar, terorist dinden, esasan hem yslam dininden. mysal 2, goyunlaşdyrmak. adamlary goyunlaşdyrmakda hem dinin gaty uly peydasy bar. dine uyyanlaryn köpüsine seretsen, mollalara, özünden ulylara sylagy, yallakylygy yokary derejedir, önünde yatyalar, enilyaler, guyrugyny göteryaler, çayyny ylgap getiryaler. başlaryndaka körakyllyk bilen bagly bolyarlar. yene bir zat, olara erbet zat edilse, yagny hakyny iyseler, onda olara şuny öwredaymeli; "şükür et!" naçe erbet yagdaya gelaysinler, "mundanam erbedi bolup bilerdi" diyip şükür edip gezyaler. yagny akyly ulanmaly yerinde, akylsyzlygy saylap "şükür" diyilyar. hudaya ynanmayan adamlar gaty köp dünyade, köplenjem, yokarlarda başlyklar, alymlar dinsiz bolyar. pes, aşakdakylar köplenç dine uyyarlar, yeke-tak umytlary huday. mysal 3. yagşylyk adamkarçilik, arassalyk. bir dinçi yagşylyk etse, şony etmekdaki maksady, adamçylyk dal, ol dünyade aljak sowgady üçindir. yagny dinçilerin edyan yagşylyklary garşylykly yagşylyk. meselem ol birine sadaka beryan bolsa, yetimi doyuryan bolsa, onyn içindaki ses, jennedi pikirlenmekden, yagny "bu yerde sogap etsem, garşylygyny anyrda alaryn". emma dinsiz yagşylygy arassa we pak bolyar. sebabi ol jennede ynanmayar şona garamazdan hem yagşylyk edyar, söwdegare menzeş dinçiler yaly yagşylyk edenoklar. bir asylly, terbiyeli dinçi gyz, dinçi oglan görseniz, olarynam düşünjesi: "barde azajyk jydayyn, sonra jennetde keyp baryny ederis." Emma bir dinsiz terbiyeli, ahlakly bolsa, onyn ahlaklylygy, düşünjesinden, aklynyn yokarlygyndan, pakliginden, arassalygyndandyr. sebabi onyn bar elindaki ömrü 60-70 yyl, şona garamazdan dinsiz arassa, ahlakly, terbiyeli bolsa, onda ol size göra hem ing yokary adam dalmi? berekella diyilmeli adam dalmi? ine dostlar, doganlar, men sizin hemmanizin ilki bilen-a arassa, ahlakly, terbiyeli, yagşylyk söyer bolmagynyzy isleyan. ikinji bilenem, bu yagşylyklary, arassylygy, garşylyksyz etmeginizi isleyarin. doly okanynyz üçin sagbolyn.
Din, dinsiz, dinçi..
-
Panturkist
15 years ago
- Erkin666 näme adamlary dinlerinden dändirjek bolýaňmy? prikol ekeniň ;)
-
ata
15 years ago
- Allanyn salamy yene Allaha ynanlara bolsun mowzugyn eyesi bolan atdash we familiyadash!
Shu yerdaki sorag ya pikir alyshygyn barada gerekli jogaplary alarmykan diyyan wagtyn gecmegi bilen. Hic kim jogap bermese welin, men bilyanjelerimden pylcarmykam diyyan.
Shu yere geleinden bari shol kilcerip otyrsyn din barada. Elbetde, bir wagt bularyn bary ucin hasp bermeli bolarsyn we ynanyan ya-da ynanmayan Allahyn sana layyk yagdayy, elbetde, berer. Shonda aklyn dogry ishlap bashlar welin, ol wagdam gic bolar.
Ozun dine dini gomup yatyrsyn welin, taze agzalyk ady bolan "erkin66" almagyn hem bir zatlary-ha yatladyar. Hristiyan ynanjyna gora "666, 777, 999" yaly ka sanlar sheytana degishli edilip gorkezilyar. Ya senem sheytan bn shertynama baglanyshdynmy hak dinleri, ayratynam Yslamyyeti kiceltsen sheyle zat berjek..." we sh.m.?! Mumkin, okayan yerindaki ka jogapkar ynsanlar(prof, doc, rektor, gurama jogapkarleri, topar yolbashcylary we sh.m.) wada zat berdimi bir zatlary?!
Tmolympiadda we barde ilki bir at ulan, sonam olary tiz-tizden uytget - shumy sen yzarlayan yolun oz maksadyny amala ashyrmak ucin?!
Agza we myhmanlar, onun onki we shu wagtky atlaryny yazayyn her 2 sahypakylary ucinem:
1- Ga1taman;
2- Che;
3- Ga1taman-che;
4- Ga1taman Balani;
5- Myrat;
6- Orazdurdy;
Onun bn hem kanagatlanman taze ulanyjy atlaryny aldy, olaram tmolympiad we bardakisi:
1- jemshit;
2- erkin666
Hawa, ynha-da, sheylerak oglan.
Ilki shu zatlara bir goz yetireli.
Sonam, gaty shilkeriberse, ynanjymyz barada has hem sarkastiki yazgylar yazyp bashlasa, onda tmolympiaddaky bir mowzugyn, yagny,
"Jemşit"(erkin666) atly agza barada pikirleriňiz?! ady bn bir mowzuk acsakmykak diyyan. Bizin maslahatlarymyz tasir etmese-de, in azyndan bu babatda jogapkarlerin "maslahaty" tar edermika diyyan.
Onun birgiden soraglaryna, aslynda, jogap berlipdi, ona yekeje mysal hem http://www.tmolympiad.org/?q=node/3544 atly mowzukda bolmaly.
Garaz, erkin666, sen shu mowzugy we geleninden bari shuna menzesh mowzuklaryny name maksat bn acyarsyn?!
BIz musulmanlaryn:
1- ustunden gulmek;
2- kiceltmek;
3- yansylamak;
4- ynjytmak. we sh.m. zatlar ucinmi?!
Ya, cyndanam, bir zatlar owrenmek ucinmi?!
Owrenjek bolsan, shu zatlary yazmak ucin gerekli wagtdan has az wagt hem sana yeterlik bolmaly dalmi?! Yslam barada gozleg gecirdim kop diyyan?! Bular yetmedimi?!
Sen we sen yazgylaryn ucin gynanyan we belli mukdarda hem gaharlanyan, yone elden zat gelenook-da!
Biribardan sana ynsap we hidayet dileyan, Myrat!
Bellik: Men onki agzalardan ata. soz beripdim sahypalara girjek dal diyip. Yone shu erkin666-yn acyan mowzuklaryna cydaman, hazirlikce shu agzalyk atdan girdim. Muny ulanjak dal, yone yene sebapkar hetden ashyp bashlasa, gerekli goren jogabymy berermikam diyyan!
Yazgy uzyn boldy. Ka gowy agzalary hem birahat eden bolsam, otunc sorayan!
Agzadyr myhmanlara salam we dileg bn hem-de
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"
-
bond
15 years ago
- adam olim hakynda bir az pikir etse,bu dunya bir bary yogy 50-70 yyllyk gelyanine dushunse,oljek wagtlary aljyrap alla birdir muhammet onun resuludyr la ilaha illah diyip oz shahadatyny aydyp bashlayar bizde hachanda 40 dan gechenson namaza bashlayarlar esasanam alla yok diyyanler oluminin yakynlandygyny duyup bashlan son allanyn onundaki borchlary yerine yetirip bashlayarlar,gorkunjundan shondan son ta shona chenli bolsa hezil edyarler umuman toba giych gelyar ay borda hazir jan sag wagty hosh gaygy yok hezillik hachanda oljek wagty hemme zat yadyna dushyar.
-
pln
15 years ago
- salam erkin! seni gmailde chatda tapyp bilmedimlay. giryanmay aram aram otaylaryk? kyn gormesen bir girende guk diysene
-
muslimah
15 years ago
Agzadyr myhmanlara salam we dileg bn hem-de
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"
myratweli | 2009-04-25 08:44:14
waleykum salam,sag bol beren adreslering uchin ,indi aydyng boldy hemme zat,erkine kop akylly adamlar gowuja dushundirselerde onga aydyshyng dasha aydan yalak ekeni,gurhandaky bir ayat yadyma dushya:Allah adamy dogry yola salmasa hich kim ony salyp bilmez,yagny biz nache synanyshsakda allah islemese bir kopuk ekeni,bizden alladan yalngysh yoly sechenleri dogry yola gonukdirmek dilek etmane galyar,bashga yazjak zadym yok,sebabi bir kopuk,ol bari owrenmane dalde jedelleshmane gelyan adamlaryng biri,menem beyle adamlar bilen ish salyshamok
-
abcxx90
15 years ago
- erkin666.sen ateist bolsaňam bu saýta olar yaly zatlar yazmasan govy bolar.dogry gaty aşyry dinçi bolmagam, hudaysyzlygam govy zat däl.allajana şükür dinsiz adamlardan däl.
-
pln
15 years ago
- ol ateist dal
-
abcxx90
15 years ago
- kim onda yazgylary şoňa meňzeyär.
-
cendrillon
15 years ago
- dogry yola salmak? siz nireden bilyaniz sizin yolunyzyn dogrulygyny? her kim uchin ozuninki dogry.
eger erkin bilen bile yashamak/gatnashmak hiyalynyz bolmasa onun kime,nama ynananyndan size gelyan ziyan name? name uchin ony "duzetmek" isleyaniz?
erkin yazgylarynda yslamdan chykyn,mana eyerin diyenok,oz pikirlerini yazya,ozi onlanok,onlamadyk zatlarynam forumda beyan edya;
eger govnunize yaramasa ona sogup yazmak gerek dal,ozunin edishi yaly hapa sozsuz,argumentli jogaplar berin;
ona garshy sogunchler yazmagynyz sizem shol talibanlardan tapavutlandyranok;
ish salyshmak islemeseniz ,yazgylaryna jogap berman; erkin666 sizin ish salyshmak islemediginiz uchin ozuni bagtsyz sayip,depressiya dusher oydemok;
P.S.erkin666,gyzykly yazyan,dovam et,men okayan yazgylaryny;
-
turkmentalyp
15 years ago
- erkin bn hich kiminem ishi yok onun islam bn ishi bar. Erkin yerde bityan ota ynansa-da hich kimin ishi yok. Onun achyan temalarynyn kopusi islamy negatiwlemek ybarat. Ona kop adamlar islamy 2+2=4 bolshy gaty aydyn edip dushundirdiler. Islam negatiwlenyaka musulmanlar goyun yaly agzyny achyp aldadyp oturmayar. Oz dinine eye chykyar. Owrenjek adam dawno owrenerdi. Mundan son dushunmejek bolsa talybanlar dal turkmenlerde-de onun kellesini aljak bar. Musulman nirde bolsa-da musulman isle owgan bolsun isle-de turkmen. Shonun yazjak zadyny gaty pikirlenip yazmasam dine islamda dal her yerde kyn yagdaya dushersin. Chaga yaly kellane name gelse yazyp oturmaly dal. Musulman elbetde aldmaly dal, aldanmalam dal. Ikisem guna ish.
-
ata
15 years ago
- Cendrillon, şu mowzukda esasy jogap berjekleriň biri men bolarmykam diýýän. Beýlekilerem beerler, oňa hiç-hili garşylygym ýok.
Indi seň ýazgyňa gelsek: Men-ä oňa söwemok. Adam ýaly jogap berýän. Ýöne ýokardaky ýazgymda 2 sany link berdim, şol ýerlerde-de degişli linkler bar erkiniň dinimiz, ynanjymyz, mukaddes saýýan zatlarymyz barada sarkastiki ýazgylaryny beýan edýän we jogap niýetinde ýazylan ýazgylar.
Sen ony we ýazgylaryny goldaýaň - belki-de, hakykatdanam, bilmeýäniň üçindir Yslam barada kä zatlary. Ol bilibem şeýdýär. Şoňa razy däl men we güljek bolmagyna garşy. Şoň şu agzalyk ady we Jemşit ady bn Yslam barada gowy ýazýan ýazgylaryny görkezip biljekmi?! Diňe gömüp ýatyr-a.
Saňa haýyş, ilki ýokarky iki linki oka, onsoň düşünersiň. Eger şonda-da kanagatlanmasaň, onda sen çyn manyda öwrenmek isleýän bolsaň, onda men Yslam dini barada soraglaryňa päk niýet bn we başardygymdan jogap berjek. Bu babatda Şakird, muslimah, hoshowaz we beýleki güýçli agzalaram ýadaman-ýaltaman jogap berermikä diýýän.
Garaz, maňa söwsün, ýöne ynanjyma, ýagny, Yslam dinine we Mukaddes kabul edýän zatlarymyz bolan Kuran, Melekler, Pygamberlerimiz, Ahyret, Kysmat we ş.m. zatlara sarkastiki ýazgylary bn gülmesin!
Erbet zat isleýäsmi ýa?! Bizi birahat etmesin, biziň ony, barybir, birahat edesimiz gelenok!
Erkine şu ýerde söwýüp, agyzdyr-ellerini hapalaýanlary men hem goldamok. Oňky ýaly söwünçsiz ýazmagy ündeýän iň azyndan.
Häzirlikçe bular, ýöne şu ýagdaý barada turkmenedebiýaty.çom sahypasyndaky ýazgylaryma şu ýere geçireýin,soň gerekli bolan ýagdaýda jogaplara geçerin, enşallah!
Sag boluň!
-
ata
15 years ago
- ýokarda
" ýöne şu ýagdaý barada turkmenedebiýaty.çom sahypasyndaky ýazgylaryma şu ýere geçireýin,soň gerekli bolan ýagdaýda jogaplara geçerin, enşallah!"
3 bölümden ybarat edip goýmakçy, Ynha:
Salam agzalar we myhmanlar!
Şu talyplar sahypasynyň men hem öňler işjeň/aktiw agzasydym, ýöne häzir diňeje myhmany.
Sahypada bolup geçýän kä düşünişmezliklere gynansam, içindäki şeýle gowy, ahlakly, ynançly, bilimli we ş.m. oňat häsiýetdir aýratynlyklara eýe bolan köp sanly agzalaryň peýdaly ýazgylaryna bolsa, diýseň, guwanýaryn! Olara mundan soň hem bu babatda gaýrat, yhlas we başarnyk dileýärin!
Türkçede bir söz bar:"Gowy zatlaryň zyýanly päsgelçilikleri köp bolar" diýip. Türkmenlerde hem:"Miweli agaç daşlanar" diýip bir nakyl bar. Sahypadaky miweli agzalaryň paýhasly maslahatlaryna gelýän zyýanly daşlar, olary ruhdan we yhlasdan düşürmesin!
Men sahypadaky şol oňat agzalardan käbirlerini gönüden-göni şu ýerde belläp geçeýin:
A- Ynanç taýdan ýazgydyr maslahatlaryny iň gowy görýänlerim:
1- Hoshowaz;
2- Şakird;
3- Muslimah;
4- Asylly;
5- Agayunus;
6- Oýlanma.
we ş.m.
B- Edebiýat we taryh taýdan:
1- Ýadan;
2- Saýlanan2;
3- Garabekewul;
4- Harmandali;
5- Lider.
we ş.m.
Ç- Umumy pikir barada:
1- Btp;
2- Serjon;
3- Shahyr;
4- Oýlanma;
5- Maxat;
6- CeriumOxide.
we ş.m.
Garaz, ýene adyny ýazmadyk birnäçe güýçli agzalara diýjek zadym:
Erbetlikleriň hemişe özüni görkezýän wagty, gowy zatlaryň hem hemişe usul we mukdar babatda özüne mahsus/degişli beýany dowam etmeli.
Bu ýagdaý üçin bolsa, elbetde, sabyr we yhlas hemişe gerekli bolýar. Şu ýagdaýy we bu babatda peýdaly agzalary başarnykly etmegini Beýik Biribardan dilemek bn,
-
ata
15 years ago
- 2- Ýene bir zat:
Meň ýazgylarymyň aglabasy dini we ahlak taýdan bolmaly.
Şol mynasybetli-de, ynanjymyzyň (Yslam dini) üstünenden gülmek isleýän agza(lara) we ýazgylaryna bolsa gynanýan.
Az sanly-da bolsa, kä agzalar öz ulanyjy atlaryny üýtgedip, bet pygallaryny dynuwsyz ýazyp durýarlar. At berip durjak däl, öz(ler)ini bilýändir(ler). Ynha, şeýle agzalaryň ýazýan ýazgylaryna pitiwa etmeli däl bir tarapdan-a. Ikinjidenem, eger beýleki agzalara zyýan beriljegi äşgär bolsa, onda oňa degişli jogap berilse gowy, pikirimçe. Eger hetden aşsa welin, sahypanyň jogapkärlerine ýüz tutulsa gowy bolarmyka diýýän.
Şeýle agzalara-da Biribardan iman we gözel ahlak dilegi bn!
-
ata
15 years ago
- Öňki güýçli agzalar barada men öz pikirimi ýene talyplarda beýan edipdim, ynha, salgysy:
iň aktiw agzalar
Olaryň sanawy hem bardyr şol link/sepde. Elbetde, yzlaryna dolanyp gelseler we dürli mowzuklarda öz peýdaly pikirlerini beýan etseler iň amatlysy welin, haýsydyr bir saý-sebäp bilen girýän ýa-da girip bilýän däldirler-dä! Haýyrlysy/bähbitlisi bolsun, enşallah!
Tehniki taýdan bolsa, sahypa wagtyň geçmegi bn has hem özgerip, ha s hem gyzykly bolarmyka diýýän "gapjyk, bukja" we ş.m. aýratynlyklarynyň hem işläp başlamagy arkaly.
Bu babatda Farabi, Shahyr we Muhacir-e başarnyk dileýän we şunça gowy zatlaryň paýlaşylmagyna sebäp bolanlary üçin, olara ägirt uly minnetdarlyk bildirýärin!
Sag boluň!
-
ata
15 years ago
dogry yola salmak?
Meň-ä beýle bir niýetim ýok. Agzalaňkam ýokmyka diýýän ony tanansoňlar. Beýlekilerem düşündimikä diýýän oňa täsir edip bolmajagyny. Bu babatda degişli aýat we hadyslar bar, ýöne bärä goýup oturjak däl. Oň ýoly özüne, biziň ýolumyz(ynanjymyz) hem özümize (Kafirun, 108/6)
siz nireden bilyaniz sizin yolunyzyn dogrulygyny?
Ynsanlary ýaradan Biribaryň buýruklaryna tabyn bolanymyz üçin, muňa delil Fatiha süresi.
her kim uchin ozuninki dogry.
Goşulýan.
eger erkin bilen bile yashamak/gatnashmak hiyalynyz bolmasa onun kime,nama ynananyndan size gelyan ziyan name?
Bu barada ýokarda link beripdim, ýene goýýan, şol ýerde şeýle oňat düşündirildi bu ýagdaý:hakykatyň beýany we netije
name uchin ony "duzetmek" isleyaniz?
Düzetmekden geçen-le, ynanjymyza gülüp, bärdäki müňlerçe agzadyr myhman bolan musulman bendelerini ynjytmasyn. Ýokarda-da belläp geçdim köp ýerde. Oňa yrsaraýan zadym ýog-a!
erkin yazgylarynda yslamdan chykyn,mana eyerin diyenok,oz pikirlerini yazya,ozi onlanok,onlamadyk zatlarynam forumda beyan edya;
Oňlamasa-da gülmesin bar-a! Hetjikläp, her nokat we oturyna çenli garalap ýatyr. Dogrumy onsoň?! Senem ýa doly okaman, ýa-da ýagdaýa düşünmän goldaýaň onuň ýazgylaryny. Ýa senem gülmek isleýäňmi biziň ynanjymyzyň üstünden?!
eger govnunize yaramasa ona sogup yazmak gerek dal,ozunin edishi yaly hapa sozsuz,argumentli jogaplar berin;
Söwemok we argumentli jogap hem berýän, ýöne niýeti erbet bolansoň, oňa düşündiriş ýa maslahat ýokaýýamy?! Söwýänleri goldamok, ahlakly jogap bermeklerini haýyş we arzuw edýän.
ona garshy sogunchler yazmagynyz sizem shol talibanlardan tapavutlandyranok;
Deňeşdirmäň agyr bolupdyr. “Ýewropaň kä şäherlerindäki ynsanlar ýaly bolup...” diýip, bir zatlar çyrşasam, nä dereje agyr boljagyny bilýän, şoň üçinem diýmek islämok – bulam ýekeje mysal şol deňeşdirmäň ýerliksiz we agyrlygy barada.
ish salyshmak islemeseniz ,yazgylaryna jogap berman; erkin666 sizin ish salyshmak islemediginiz uchin ozuni bagtsyz sayip,depressiya dusher oydemok;
Depressiýa düşmejegi belli-le, gör-ä, heşelle kakýar her şeýle mowzuklarynda bize güleni üçin. Oň niýeti öjükdirmek we gülmek, onsoň gel-de jogap berme oňa! A-how, jan dogan, ünsliräk okasaň oň ähli açan blogdyr ýazgylaryny, şonda gözüň ýeter-ä! Aý, bolýar-da. Indi ýaltanjak däl. Jogap berjek. Öňem taýýar jogaplarym kän tmolympiadda. Kopy-paste-iň jany sag bolsun. Menden garamat gitdi.
P.S.erkin666,gyzykly yazyan,dovam et,men okayan yazgylaryny;
Bulam adaty ýagdaý, batyrgaýlygyň üçinem gutlaýan! Ýöne saňa-da haýyş – ýazgylara dogry düşünjek bolaý! Ynanjymyza gülmeklerini islemäý! Oňa ýüzlendiom ýokarda ýüzlenjegimi hem-de kä soraglar arkaly!
Agyr ýazan bolsam bagyşla, uýam!
-
cendrillon
15 years ago
Ol bilibem şeýdýär.
a name uchin sen razylashyp bilenok shu fakt bilen: belki ol bilip,ovrenip din yalnysh diyen netija gelendir? senki tersine bolupdyr:ovrenip ynanypsyn,a ol ovrenip ynanmasyny goyupdyr;
forumdaky kop temalarda agzalaryn pikirleri den gelenok;dinem shol temalaryn biri,pikirlerin den gelmezligi,ve kabirlerin oz garshylygyny beyan etmegi(edip bilmegi) normal zat;
ata,sen soguba yazmadyn,yone 666 sheytana menzeya,sheytana gulluk edyamin yaly sozlerem senin derejane pes gelya;islesen her sozi bir tarapa chekip,erbetlige menzedip bolya;
erkin666 dine garayshyny beyan etmek uchin sarkastik kritika ulanya,yone name uchin ona ozi yaly edip jogap berip bilyan yok...
-
cendrillon
15 years ago
- ata,talibanlar zorluk ulanyalar,yokardaky kabirlerinin hapa sozleri zorluk dalmi eysem?
-
abcxx90
15 years ago
- ynanmayan adamy zorlap dinçi etjekmi.666 ynananok. yone her kim bir dusunjede bolyar.menem musurman yone dinçi dal.
-
ata
15 years ago
ata,talibanlar zorluk ulanyalar,yokardaky kabirlerinin hapa sozleri zorluk dalmi eysem?
onda senem bize garşy çykýaň, senem talibanlardan kemiň ýok ekeni, Çendi!
-
ata
15 years ago
- aslynda, ýazjak däldim, ýöne täsirini görkezmek üçin ýazdym ýokatrdaky ýazgymy.
Seň ýazgyňdan soň şuny bildirmelidim, ýöne öňünden bildirmegi müwessa bildim.
Beýleki ýazgylaryňa soň jogap berjek, häzir başga etmeli işlerim bar gyssaglyrak.
-
muslimah
15 years ago
a name uchin sen razylashyp bilenok shu fakt bilen: belki ol bilip,ovrenip din yalnysh diyen netija gelendir? senki tersine bolupdyr:ovrenip ynanypsyn,a ol ovrenip ynanmasyny goyupdyr;
men razylashmasamam onung pikirine hormat goyardym hachanda ol yslamy yazgarma kontekstde yazmadyk bolsady ongada shular mysal bolup biler:
"din yaman zat bolsa-da, kabir kemakyllary kontrol etmekde gaty köp peydasy bolyar" manysyna gelyar.
forumdaky kop temalarda agzalaryn pikirleri den gelenok;dinem shol temalaryn biri,pikirlerin den gelmezligi,ve kabirlerin oz garshylygyny beyan etmegi(edip bilmegi) normal zat;
normal zat ylalashmamazlyk, yone ustungden gulup yazmaklyk normal zat dal,onda menem shey diysem normal bolarmy erkining ahli musulmanlary bir ramka sokup baryny terrorist kem akylly edip gorkezse menem onda ahli dine uymayanlara:
narkoman,ogry,hich kime hormat goymayan,ene atasyny hormatlamayan,we kabir agzyma alasym gelmeyan sozleri yazsam we hemme gowy erbetleri bir ramka sokup yazsam bolarda onda olam pikirlering deng gelmemezligida onda?!yok elbetde beyle dal,biz beyle yazgylar yazamzok sebabi shol hemme adamyng erbet gowularyng deng daldigine akylymyz yetyar allaha shukur,yone erkin diyen agzamyz hemme musulmanlar bir,terrorist kem akylly yagdayda goryar
-
muslimah
15 years ago
önler aydylypdy; din tiryekdir we gowşak adamlar üçin din hökmany zerurdyr, diylip.
din tiryek bolsa goy sening dushunjengde tiryek bolsun,yone dine uyyanlar gowshak adam dalde gaytam ich dunya tarapdan guychli adamlar,sebabi sen ozungden yokarda birini goyup onga ybadat etmek,gunde 5 wagtyna wagt tapyp namaz okamak,erbetliklerden dash durup,haramdan dash durmaklyk her kime bashardanok.
emma dinsiz yagşylygy arassa we pak bolyar. sebabi ol jennede ynanmayar şona garamazdan hem yagşylyk edyar, söwdegare menzeş dinçiler yaly yagşylyk edenoklar.
sen ejenge onung seni shu dereja getireni uchin minnetdarlygyngy bildirjek bolup senenm onga garran wagty seretseng,ol pak yagshylyk adamchylyk bolmazmydy?ine dindar adamam edil sheyle ejeng seni nahili dunya indiren bolsa,Allaham bizi shu dunya yaratdy,shu dereja getirdi,bizem oz minnetdarlygymyzy gorkezjek bolup beyleki bendelerine sadaka bersek ol arassa yagshylyk bolmazmy?onda senem ejenge serteseng arassa yagshylyk bolmazda sening diyyaning shongamy barya?
aslynda men shu zatlary hich yazmajaktym ,yone bilesim gelyan zat sening bu yazgylar arkaly maksadyng name?yslam yalngysh din diymekmi?eger seni sheyle owreden bolsalar,belki yaman adamlara dushansyng ong yone barde yazgarmagyng sebabi name?men sanga ong shu soraglary kop beripdim emma sen jogap berengok,eger yalngysh diyip pikir etseng shu dini goy sening pikir edishing yaly bolsun yone beylekileri zaherlemeging name?bizem seni ynandyryp bilmers senem bizi edil sheyle,onda bu dawa jenjel name gerek?bu gowne degishmeging sen pikiringche adamchylykmy?sen yoone adamchylygy agzayang sen ozung aytsana sen pikiringche adamchylyk sozi sen uchin name manyny beryar?adamlara kem akyl diymekmi sen uchin adamchylyk?
-
Jara
15 years ago
- salam gadyrly talyplar.com'uň agzalary!!!
hemmäňizi giçden giç ýagşy sag aman yaşap yörsünüz mü???
bu erkin666 ady bilen watandaşymyzyň açan bu mowzuguny halamadym ýöne yenede şol oglana hormat goýýan gadyrly weliýýew adamlaň göwnüne degmejek bol seň göwnüňe degseler girere ýer däl deşik tapmarsyň we näme üçün mowzuk achyp ortadan ýitýän hemishe diyen sozun arkasynda dursan gowy bolar sen şu ýazan zatlaryňy öz mähriban ejeňe we ataňa okatsam emdiren halal südünü saňa halal etmezler borda bu mowzuk ýazmak bilen gutorup bolmaýar...
hä bu arada ata aga şular ýali adamlar bilen meşgul bolýannygyňyz üçün sizi gollaýan alla size güç kuwwat bersin (men mc'iň adamy) muslumah uyam sizede allaň özü güç kuwwat bersin ýene birgezek hemmäňiziň gijäňiz rahat bolsun saglykda görşeliň...
-
chopan
15 years ago
- munça aydilip-yazilan zatdan son bir zatlar diymek biderek yere söz zayalamak bolaymasa.
-
Fat4l!ty
15 years ago
- bu haramzada öz dushunyan dilinde gowja jogap yazjakdym weli, tuweleme, muslimah oran jaydar jogap beripdirler.. ellerinize saglyk..
-
traveller
15 years ago
- dostlar!!
erkin666 diylen agza, unsini ozune cekmek ucin shunun yali yazgilari yazyar.bu da psihologiya biliminde ozune uns cekmegin bir gornushi. schizophrene yali bir kesel.
salawmaleykim diyip gecaymesek indi, zakol bolduk shonun yali yazgilarindan.
-
şakird
15 years ago
- akmaga iň gowy jogap, dymmakdyr...
-
traveller
15 years ago
- kellä bir pikir geldi.
daway erkin666`in agzalygynyň ayrilmagini sese goyalin.
herkimin herhili temada yazmaga hak hukugy bar yone bu hak-hukuk unlimited dal.
esasan hem bashgalarini birahat edyan bolsa.
Yewropada freedom of speech nahili osen hem bolsa, halkyn ynanclari yali meselelerde media dykkatly hereket edya.karakitura krizisinde muny gorensiniz. kop media agzalari muny goldamanlygyny ykrar etdi.
-
muslimah
15 years ago
dostlar!!
erkin666 diylen agza, unsini ozune cekmek ucin shunun yali yazgilari yazyar.bu da psihologiya biliminde ozune uns cekmegin bir gornushi. schizophrene yali bir kesel.
salawmaleykim diyip gecaymesek indi, zakol bolduk shonun yali yazgilarindan.
traveller | 2009-04-26 04:09:15
dogrusy meningem kellame shol pikirler geldi shonung yazgylaryny okap,belki ol ongler erbet adamlara dushandyr ozune"musulman"diyen adamlara,shonung uchinem yslam dinini yigrench dorandir,belkam ozune uns chekjek bolyandyr,eger songkysy bolsa,ol belkam yash wagty yeterlik mukdarda ene atadan uns almanlygyna sebabem bolup biler,yone edil sheyle diyip bilemok,bu mening chak edishim,eger sheyle bolsa onga boldugynnan komek etmelimika diyyan biz,yone onung beyle ozuni alyp barshy hem hich hili ramka syganok
-
hakykat1
15 years ago
- muslimah gowy yazyan.
-
Erkin666
15 years ago
- ilki bilen gaty üns bilen okanlygynyz üçin sagbolun adamlar.
beyle tasirleyji adamdygymy bilemokdym. :)
myratweli dogan, senem hoşgeldin talyplara.
yokarda yazanlarym öz pikirlerim, yagny kellamin içindakiler, isle ony kabul edin, isle etman öz işiniz, herkimin zyyansyz düşünjelere ynanmagyna haky bar.
dinin üstünden gülmek diyipsiniz.
şeyle yazypdym yokarda:
bu "din yaman zat bolsa-da, kabir kemakyllary kontrol etmekde gaty köp peydasy bolyar" manysyna gelyar.
barde hamana, musulmanlar kemakyl diyen zadym, meselem adamlaryn arasynda kemakyllar bardyr, şolary dinin üsti bilen ansat kontrol edip bolyar diyjek boldygym. yagny sizin talibanlar kemakyl dal-de, eysem name? olaryn alyan güyji nirden dinden, köp terorisde seretsen, yslam dinindendir.
elbetde dinde gowy adamlar köp, dinsizlerde de kemakyllar köp. olary men aytmasamam özüniz aydyp otyrsynyz.
muslimah, "ejesi kakasy terbiye berip bilmandir" manysynda zatlaryn gaty sögünç yaly.
men sizin hiçinizin şahyslary bilen gyzyklanmadym; ne ejeniz, ne doganlarynyz. dineje bolşynyyz bilen gyzyklandym. adym, familyam nama derkar? öldürjekmin? baryn öldürin şol oglany myrat weli diyilyani, tapyn öldürin. mana name, ondan?!
edyan hereketlerinize üns berin,
sizin edyaniniz, menin yazyanlaryma adam yaly jogap bermekden geçen, dineje yok etjek bolmakdan ybarat. şumy musulmanlaryn haly?! utanyn!
-
Erkin666
15 years ago
- name üçin dine yamanlap yazyaryn?
isleyan, kanunda gadagan dal dami?! hökman öwmelimi?
birje sesem garşysyna gidende, şony kabul edip bilenzokmy?
sizin düşünjelerin absolyut dogrymy?! yok!
nabelli!
onda name, hemme zady garanti yaly gürlap otyrsynyz.
din, ynançdyr,
men şu wagt, özümin dünyade ing gowy adamdygyma ynanyp, sonra, meni dünyade ing gowy diyip pikir etmeyanleri yamanlasam yok etjek bolsam nahili manyly bolar?!
-
Erkin666
15 years ago
- oylanma; men erkin666, we yokardaky aydylan niklerin hiçisini özüm diyip kabul edemok.
men pygamberin porno kinosyny çekemok, beyle sylagsyzlyk eder yaly.
men dine dinin kemçiliklerini aytyan. sizem dinin gowy taraplaryny aydyn.
bu herkimin haky.
-
Erkin666
15 years ago
- oylanma; yazanymy tazeden okap gör, düşnükli türkmen dilinde yazypdym. :)
-
Erkin666
15 years ago
- oylanma, :) dogry syn edipsin.
men kabul edemok, yagny men dal!
-
Erkin666
15 years ago
- oylanma; bu senin diyyanin.
"sen gyzmy, oglanmy?" diylende, men oglan diyse, "balagyny açyp görkez, men ynanamok" diylişi bolyar.
men moderlere beyle rugsat beremok.
şu diyenlerimden sonra, isle mana ynanyn, isle ynanman.
yöne şahsy maglumatlarymy rugsat beremok.
-
muslimah
15 years ago
- erkin sening pozisiyanga dushundim,ilka yazjagyngy yazyp,yzyndanda men eyle diyjek bolmadym,eyle-beyle sozleri ulanyang,sanga negotiw soz yazsalara halangok ozungem bolsa bize sheyle zatlary yazyang,mena sanga sening diyyan zatlaryngyng yarysynyda yazmadym,dingeje"belki"ene atasy yeterlik mukdarda 'terbiye' dalde "uns" "wnimaniye" beren daldir diyen "chak" bilen yazdym,senem gor halamadyng mening yazanlarymy,men ony bilgeshleyin yazdym,reaksiyangy bilmek uchin,goryangmi gaharlanyan ekening,men ondada sen yaly kemakyl we sh.m sozleri ulanmadym,sening gaharyng geldi,ine bizingem bizing dinimize dil yetirseng bizing gaharymyz geler,shonung uchin sen oz pikiringi yazsang menem onda munnan beylak gownunge degyanem bolsa kabir hakykaty yazyberjek,shahsy bolsun umumy bolsun,sebabi bize kemakyl diymek men uchun shahsy gelyar sho sozler
-
Erkin666
15 years ago
- muslimah, kemakyl diyen yerimi görkezay, we nadip şol netija geldin??
men kemakyllaryn dine uyyandygyny aytdym!
bularyn 2si tapawytly.
men sen ejene, atana söz diydimmi?
senem men dinsizligime menin yokardaky yazan zatlarym yaly yazay, hiç hili gaharym gelmez.
-
muslimah
15 years ago
men sen ejene, atana söz diydimmi?
Erkin666 | 2009-04-26 06:50:29
seningem eje atanga soz diyyan adam yok
-
muslimah
15 years ago
- sen mening soragyma hali jogap yazmadyng name uchin beyle negatiw bar sende din barada,erbet adamlara dushanyng uchinmi,ya dining erbetligine goz yetirening uchinmi?mumkin bolsa shol soraga jogap yazsang
-
muslimah
15 years ago
- mening sorayshymyng sebabi,belki sanga dini erbet tarapdan gorkezendirler,eger sheyle bolsa elimden geldiginnen hakyky dini sanga tanyshdyrmana synanyshjakdym eger isleseng,eger sen okap owrenen song erbetligine goz yetiren bolsang onda yenede belki yalngysh yerlerden din barada bilim gozlansing,egerem bu yazgylaryng arkasynda bashga adamlaryng dini yazgarmak aksady bolsa onda men bari munnan beylak yazgy yazjagam dal,yagny tolky yokmyka diyyan,sholaryng haysysyna degishli bu negotiwlik?
-
muslimah
15 years ago
men bolmanam senden ony soramok!
men saňa dogryny soraýan!
ýöne ýokardaky deliller ýaman göýçli erkin!
ойланма | 2009-04-26 06:53:50
oylanma eyleng beyleng sozlerinnen halam dushunmedingmi kiming kimdigini,elbetde aytmaz men shol oglan diyip,eshitjek bolyan jogabyngy almazmykang diyip pikir edyan,ya agzynnan eshitjek diyseng bashga gurrung,yone eger shol oglan bolayan yagdaydada ol howa men shol lakamlary ulanypdym diyip aytmazmyka diyyan
-
Erkin666
15 years ago
- salam, gadyrly muslimah gyz;
eger men dinde negatiwlik göryan, yazyan bolsam, bu şony şeyle pikir edenligim üçindir.
yeterlik derejede okadym, öwrendim, musulmanlaryn ing gowylaryny tanadym, ing gowy diyilyanler bilen köp bile yaşadym, köp söhbetdeş boldym.
türkmenler menin pikrimçe ing gowy musulmanlar.
ejem-dademem arassa ing gowy musulmanlardan.
dini düşünjelerimem şolaryn netijesi.
men senden hiç-hili zat talap edemok.
yagny senden kömek islamok, özümi kömege mataç adam yaly duyamok.
maksadym adamlara dogrylary öwretmek, öz pikirlerimi paylaşmak. hiçkime kabul etdirjek bolamok, dineje okasalar begenerin. senem okanyn üçin sagbol.
-
cendrillon
15 years ago
onda men moderlerden we adminlerden sorajak!
oylanma,name moder yada adminlerin agzalaryn shahsy infolaryny bermage haklary barmy?
bu yeri forum,anonimlik uchin her kim islan nicki bilen yazya;eger erkin barada infolary ayan etmeli bolsa,onda hemme agzalaryn anonim saklamak isleyan zatlaryny yazmaly;
bu saytyn adminlerin senin soraglaryna jogap bermezliklerini umyt edyan;
-
Erkin666
15 years ago
- belli alym (belki einstein):
1. pes adamlar , adamlaryn şahsy bilen gyzyklanar; gybatyny ederler.
2. yönekey adamlar, wakalar bilen gyzyklanar, wakalaryn gepini ederler.
3. yokary adamlar; düşünje bilen gyzyklanar, düşünje bilen oylanyşarlar.
düşünyanler üçin, elbetde köp yşarat bardyr. gurhandan :)
-
muslimah
15 years ago
maksadym adamlara dogrylary öwretmek, öz pikirlerimi paylaşmak. hiçkime kabul etdirjek bolamok, dineje okasalar begenerin. senem okanyn üçin sagbol.
Erkin666 | 2009-04-26 07:06:45
waleykum salam,onda diymek okap owrenip din yalngysh netija gelipsing,ing gowy musulmanlar bilen yashan bolsang,men onga kynchylyk bilen ynanyan dining yalngyshlygyna goz yetireninge,bolyada,sen name pikir etseng shony ediber,bizden sanga duydurmak
-
cendrillon
15 years ago
onda senem bize garşy çykýaň, senem talibanlardan kemiň ýok ekeni, Çendi!
aslynda, ýazjak däldim, ýöne täsirini görkezmek üçin ýazdym ýokatrdaky ýazgymy.
ata,islaninche yaz,ozume degishli hasap edemok,shon uchin gaharymam gelenok;
birinjidena sen uchin daldi ol diyenim,yone bu soz sana degishli bolmasa name uchin sana tasir edya?
Bulam adaty ýagdaý, batyrgaýlygyň üçinem gutlaýan!
sarkazmy senem edip bilyar ekenin,goryamin?
erkinin pikirlerine simpatiyam dine din uchin dal,bashga-da kop temalarda;
sonam siz onun yazgylarynda "gulmek,yansa almak" goryaniz,a men okap dushunen zadym: erkin govy ahlakly adam bolmak uchin dine ynanyp namaz okamak hokman dal diyya, pikiri bilen razylashyan;
dine dahyly bolmadyk,omrunde metjide(serkov'a)baryp gormedik,dovzah,jennet barada pikirlenmedik adamam govy adamyn hataryna girip,erbetliklerden dashda durup biler;
govy bolmak dine bagly dal,adamyn ozune bagly;
-
bond
15 years ago
- men hayran her kim ozuni duzetse nahili gowy bolardy yone ol gaty kyn ozuni duzetmekden kyn zat yok.shonun u/n shu dawalar bolyar.
-
bond
15 years ago
- men hayran her kim ozuni duzetse nahili gowy bolardy yone ol gaty kyn ozuni duzetmekden kyn zat yok.shonun u/n shu dawalar bolyar.
-
nabelli
15 years ago
- ey erkin666 myn namemin name uchin menin nickimi aytdyn, koshek sendabir. nameow barini bulashdyryp, balota edip yorsun. yada senem satanistlerin bir gornushumin?
onsonam shu din diyilyan zat barada bilyan gurlesinde gayrat edip, bilmeyan dymsyn.
-
bond
15 years ago
- men hayran her kim ozuni duzetse nahili gowy bolardy yone ol gaty kyn ozuni duzetmekden kyn zat yok.shonun u/n shu dawalar bolyar
-
nabelli
15 years ago
- bond diriminow nahili yagdaylar?
-
bond
15 years ago
- hudaya shukur sen nenen ish guychler gowumy?
-
Erkin666
15 years ago
- nabelli; sen agza hökmünde dal-de, tema boyunça türkmençe söz bolan nabelli sözüni ulandym.
belli zat we nabelli zat diyilyandir-a..
düşünensin.
-
bond
15 years ago
- men hayran her kim ozuni duzetse nahili gowy bolardy yone ol gaty kyn ozuni duzetmekden kyn zat yok.shonun u/n shu dawalar bolyar
-
nabelli
15 years ago
- onda nabelli diyip yzyndanam yuzlenme goyma, yogsa men birhili boluberyanow, indikine gayym bol, yogsa bir bedre ganynam gechmen
-
dereksiz
15 years ago
- ey durak sen name angliyada terbiye alanmy samsykmy sen haysy dine uyyan sen musulmanmy.....???? sen shulkary elin bn yazdynmy???? sen duran akmak ekeninlay.... bashga siyer yaly sozem goymadyna hatyny yygnap goy tuwaletde ulanarsyn.........???? chotga utanmadyn natdin dini tiyege denedin yene etdin..... sena vapshe dereksiz eken...... yok bol chyk bu saytdan.....
-
nabelli
15 years ago
- beterinden betri bar diyyaler weli, dereksiz dost, ony gorup ozunden gechdin oydyan?...
:-)
olar yalylara name diymeli bilyanmi?!
turkmenlerimiz diyipdir-a, it uyrer kerwen gecher, bir dalinin guya atan bir dashyny on akylly chykaryp bilmez diyip...
jogap yazjaklara onunden aydyan: "gijilewigi bar adam gashynar"
-
dereksiz
15 years ago
- nabelli dost yone bul tkm dalmika diyyan , sebabi tkm hich wagt oz dinine dil yetirmez.... bunun pikiri tema achyp oz temasyna kop zat yazdyrjak bolyar...yone name mbolsada gowy jogaba okayandyr oydemok..kem akyl.......
-
ata
15 years ago
Ol bilibem şeýdýär.
a name uchin sen razylashyp bilenok shu fakt bilen: belki ol bilip,ovrenip din yalnysh diyen netija gelendir? senki tersine bolupdyr:ovrenip ynanypsyn,a ol ovrenip ynanmasyny goyupdyr;
forumdaky kop temalarda agzalaryn pikirleri den gelenok;dinem shol temalaryn biri,pikirlerin den gelmezligi,ve kabirlerin oz garshylygyny beyan etmegi(edip bilmegi) normal zat;
Cendrillon, näme üçin özüňe gereklije ýerini alyp, meni ýalňyş çykarjak bolýaň?! Yzynam alaýmaly ekeniň-dä degişli ýer hökmünde. Ýaltanan bolsaň, ynha, özüm goýaýyn ýene:
Ol bilibem şeýdýär. Şoňa razy däl men we güljek bolmagyna garşy. Şoň şu agzalyk ady we Jemşit ady bn Yslam barada gowy ýazýan ýazgylaryny görkezip biljekmi?! Diňe gömüp ýatyr-a...
aşagyndanam şeýle ýazypdym:
Düzetmekden geçen-le, ynanjymyza gülüp, bärdäki müňlerçe agzadyr myhman bolan musulman bendelerini ynjytmasyn. Ýokarda-da belläp geçdim köp ýerde...Garaz, maňa söwsün, ýöne ynanjyma, ýagny, Yslam dinine we Mukaddes kabul edýän zatlarymyz bolan Kuran, Melekler, Pygamberlerimiz, Ahyret, Kysmat we ş.m. zatlara sarkastiki ýazgylary bn gülmesin!
Erbet zat isleýäsmi ýa?! Bizi birahat etmesin, biziň ony, barybir, birahat edesimiz gelenok! ..
ata,sen soguba yazmadyn,yone 666 sheytana menzeya,sheytana gulluk edyamin yaly sozlerem senin derejane pes gelya;islesen her sozi bir tarapa chekip,erbetlige menzedip bolya;
Men ol ýerde sorag soradym. Ýa ýalňyş düşündiňmi?! Agzalyk adynyň yzyna "666" goýmagynyň sebäbi hökmünde we hristiýanlyga görä näme manysynyň barlygyny ýazdym.
Men we meň ýalykary ýa-da az-kem söwünýänleri talibanlara ýa-da teroristlere deňemäňem seniň pesligiňi görkezýär onda!
erkin666 dine garayshyny beyan etmek uchin sarkastik kritika ulanya,yone name uchin ona ozi yaly edip jogap berip bilyan yok...
cendrillon
Şol sarkastiki kritikany ulanýany üçin janygyp otyryn-da men öňden bäri. Gülmesin-ow ynanjymyza! Men aşakda goýjak näme üçin şeýdip janygyp otyryşymy. Beren linkimi okamansyň, sebäbi tmolympiadda senem söwüşenleriň biri we ol ýere barmak islemeýän bolup bilersiň!
-
ata
15 years ago
- ynha, meň ýokardakylary ýazmakdaky maksadym:
Hawa, ýokardaky ýazgylara ýazan jogaplarymyň daşyndan, ýene 1 ýazgy ýazaýyn diýdim şu mowzugy açmagymyň sebäbi hökmünde.
Jemşit öte geçdi dinimizi ýaňsylama babatda. Oň ynanmaýany dert däl welin, ýöne ýaňsylamagy, ynanjymyzy we bizi peseltmegi hetden aşmaklyk bolýar. Oňa-da "dur!" diýýän ýok. Ýazan ýazgylary okalsa-da "towugyna tok!" diýýän ýok gerekli mukdarda. Onsoň oňa kä ýagdaýlary öwüt-ündew edildi, olam täsir etmedi, şol köne heňine dowam etdi. Ynha, şoň üçinem şu mowzugy açdym.
Açdym, sebäbi, özüm-ä ynanýan hakykatlarymy sözüň doly manysy bn amala aşyryp bilmesemem, iň azyndan edip bilenjelerimi edeýin diýip dyrjaşýaryn. Bärde-de şoňa laýyklykda ýazgylar ýazmaga çalyşýan. Muňa-da ýene Jemşit "agzalary şeýdip uýutmak/uklatmak" diýýär. Gysgaçasy, dinimiziň kada-kanunlaryny emele getirýän aýat we hadyslara görä 1 ýagdaýy beýan edeýin aşakda öňki ýazgylarymy hem ulanyp:
Bir hadysda:“Erbetligi görübem dymyp we ony göz-görtele mahabatlandyran hem-de ynsanlary oňa gönükdiren günüňiz, halyňyz niçiksi bolar!? “ diýilýär. Pygamberimiz ýene bir hadysynda sahabalaryna dünýä we ahyret barada dini maglumatlary we iň möhüm maksat barada gürrüň berýärkä, geljekde şol maksadyň ýerine ýetirilmedigi wagty, başlaryna gelip biljek bela-beterler we gorkunç azaplaryň boljagyndan habar berýärdi:
"Iki gatly bir gämi deňizde syýahat edýär, aşakda käbir adamlar, yokarky gatda-da käbir adamlar bar, aşakdakylaryn suwy gutaryp, yokardakylara:
-Bizin suwymyz gutardy, gaminin duybini deşip, denizden suw almakçy bolýarys! - diýseler, yokarky gatdaky adamlar bu ýagdaýa rugsat berseler, onda aşakdakylar, gämini deşip, birinjiden-a, içip bolmajak ajy, duzly suw alarlar, ikinjidenem, gäminiň suwa batmagyna sebäp bolarlar. Anha, şonda diňe aşakdakylar däl, eýsem-de bolsa, hakykaty aýtman, olaryň säwliklerine garşy çykmadyk ýokarkylaram olar bilen bile suwa batar we gark bolar! "
Niýetim hadys bn şu ýagdaýy aýan etmek, dinimiziň ýaňsylanmagyna zat diýilmezliginiň, geljekde has beter ýaňsylanmagyna sebäp bolup biljegi zerarly, şahsyndan milletine çenli şeýle ýagdaýa oňat usul bn garşy çykmagymyzy bildirip, onuň amala aşyrylmagyny umyt we dileg etmek.
Ýokarda ýazylan ýazgylara goşmaça: usulyna görä “emri bil maruf, nehýi anil münker”-i, ýagny, “haýyr işleri ynsanlara düşündirip gowy görkezmek we amal etmeklerine sebäp bolmak, erbetlikleri hem düşündirip, olardan ynsanlary uzaklaşdyrmagy” aýatlar hem-de hadyslar ündeýär. Birem, şeýle we has beter wejeralyklara (dini ýaňsyýana jogap bermezlik hem muň içinde bolmaly, pikirimçe) göz ýumup gezmegiň netijesini sahabalaryna beýan edip bolan Allahyň ilçisi Allaha kasam edip, ýene-de Allahyň şu sözlerini aýtdy:"Jelalyma ant bolsun, bu ýagdaýa gelen jemgyýetiň içine (hemme zady öňüne alyp, syryp-süpürip barýan) sil kimin pitneleri salybererin!"
Ynha, ýokardaky hadysly mysalda görşümiz ýaly, Pygamber käri bolan hakykaty ynsanlara beýan etme wezipesi we ýagdaýy bolmasa, gelinjek netijaniň nähili eymenç we elhençligi ýüze çykýar. Islenmese-de burun sokmaklyk hökmünde kabul edilip biler, netijäniň möçberi üçin, ýöne USULYNA GÖRÄ şeýle garşy çykmaklyk kazylyk däl-de, hakykatlary ýatlatmak, haýany we namysy goramagy ündemek hem kabul edilip biler! Bu babatda bir hadysda şu çäre beýan edilýär:
” Eger bir mömin erbet bir ýagdaýa duş gelse, şol ýagdaýy 3 ýagdaý arkaly duzetjek bolmaly:
1-Güýji ýetyan bolsa, eli bilen (ara girip garşy çykmaly);
2-Oňa güýji ýetmese dili bilen (aýdyp goýdurmaly);
3-Oňa-da güýji ýetmese yuregiň bilen (şol ýagdaýy (we edýäni) ýigrenmeli). Bu bolsa, imanyn iň pes mertebesidir.”
Giňişleýin okamak üçin degişli link aşakda:
Ahyrzamanaahlagy barada bir hadys
Men şolaň 2-nji we 3-njisine güýjim ýetýär. Ilki ikinjisni synap gördüm näçe wagtlap, soň täsir etmänsiň 3-njä geçdim şu wagt. Ýöne ynajymyza hüjüm eden wagty, oňa gerekli jogaby bermegi hem borç bilýän men-ä özüme, şoň üçinem ýazyp otyryn şunça ýazgyny.
Hemmämiz üçin ynsanlara hemişe oňayly bir ýagdaýyny tapyp, hakykaty beýan etmek hem-de
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"
-
ata
15 years ago
ata,islaninche yaz,ozume degishli hasap edemok,shon uchin gaharymam gelenok;
birinjidena sen uchin daldi ol diyenim,yone bu soz sana degishli bolmasa name uchin sana tasir edya?
Sebäbi, her bir kiçi sebäpden, hata söwünç zerarly hem bolsa, bir musulmany göni teroriste deňäp başlamagyň. Meň kiçi sälwigim üçin hem edip bilersiň şu ýagdaýy.
Şuny saňa aýdaýyn:
"Diniň teroristi bolmaz, teroristiň hem dini." Muny beýik Yslam alymy M.Fethullah Gülen diýen bolmaly we örän dogry diýipdir. Milliýet gazedindäki söhbetdeşliginde geçäýýärdi öýdýän.
Erkiniň teroristler bn dinimizi baglanyşdyrjak bolýany ýokarda äşgärkä, senem gelip oňa şol bir usul bn goldaw berýäň we bu örän agyr ýagdaý meň üçin-ä.
Seň Biribara we Onuň diýýän zatlaryna ynanjyň bar ýa ýoklugyny takyk bilemok, ýöne güleňogam şuňa - ynha, men şuňa begenýän. A myrat weli bolsa ýadaman-ýaltaman gülýär we şyltak baryny atyp bilýär - bulam kabul edip boljak ýagdaý däl biz musulmanlar üçin!
Düşüneňokmy şuňa?!
Bulam adaty ýagdaý, batyrgaýlygyň üçinem gutlaýan!
sarkazmy senem edip bilyar ekenin,goryamin?
erkinin pikirlerine simpatiyam dine din uchin dal,bashga-da kop temalarda;
Sarkazm munyň niresinde, Sendrillon?! Men-ä päk niýet bn seni goldaýan we erkiniň daşynda bir özüň bolmagyňa garamazdan, berk durup öz pikiriňe mertlerçe beýan edýäň, gelip senem maşa şyltak atjak bolýaňmy?!
Saňa gelşenok bu ýagdaý! Oň pikirdir ýazgylaryna simpatiýa duýuber. Inkär edýän ýok muny, öňem okadym şeýle ýazgyňy oň üçin. Meň derdim ol däl - ynanjymyza gülünmezligi.
sonam siz onun yazgylarynda "gulmek,yansa almak" goryaniz,a men okap dushunen zadym: erkin govy ahlakly adam bolmak uchin dine ynanyp namaz okamak hokman dal diyya, pikiri bilen razylashyan;
Oň dinimiz barada ýazan ähli ýazgylaryny sypdyrman okap weýagdaýa sözüň doly manysy bn düşünen bolsadyň, onda beýle diýmezdiň!
Gülmegiňem ötesine geçýär. Ýokarda ýazypdym uzynrak, indi ýazmaýyn. Gerek diýseň welin, ýene bir gezek giňişräk we deliller bn aýdyp beräýerin!
dine dahyly bolmadyk,omrunde metjide(serkov'a)baryp gormedik,dovzah,jennet barada pikirlenmedik adamam govy adamyn hataryna girip,erbetliklerden dashda durup biler;
govy bolmak dine bagly dal,adamyn ozune bagly;cendrillon
hawa, şuňa goşulýan, ýöne gowy adam ynançsyzam bolsa, ynanýanlaryň dinine poh guýup ýörmez hemişe.
Munyňdä säwlik ýok, säwlik gülüp, pese düşürjek bolmagynda. Muňa mysallar onlap bar delilleri bn.
-
ata
15 years ago
- Anyways, men saňa janygyp düşündirýän şu zatlary, Sendi! Çünki, düşündirenime degjegini bilýän. Sen Ýewropaň bir ýurdunda ýaşap ýören bir türkmen zenany. Enşallah, çagaňa guwanyp ýaşap ýörensiňdir. Indi men şu din bn baglanşykda bir zady aýtmak isleýän:
Dini maglumatlar käbirlerimiz üçin şeýle adaty görnüp biler, ýöne haçanda biziň gönüden-göni şahsymyz bn baglanşykly bolaýan ýagdaýynda, onda örän pikirlendiriji ýagdaýa gelýär. Dogjak çagamyza at dakjak bolamyzda seçmek isleýän adymyz ýa atdaş bir ynsanyň täleýi barada aýdylýan maglumatlar nähili bizi özüne çekýän bolsa, şeýle-de dini maglumatlar hem çekýär we täsirli bolýar. Mysal özümde kän. Diýeli, men sallah, ýöne gysga wagtda öýlendim we belli wagt soňam çagam boldy. Allah gijinden we haýyrlysyndan bersin welin, Çaga ýitgisi bolaýsa, maňa we geljekki gelnime nähili kyn bolar?!
Ölüm hakykaty bar dünýewi hem dini taýdan. Şuň netijesine nädip çydam edip bolar?! Ýöne din näme diýýär: "Size we ähli mü’minlere buşdulyk hökmünde Gurhanyň Wakya süresinde şeýle diýilýär: “Ebedi bir durmuşa eýe bolan çagalar.” Bu aýatyň syry we manysy şeýledir: “mü’minleriň ýaşyna ýetmän (kablel bülug) wepat eden çagalaryň Jennetde (uçmah) ebedi, örän eýjejik, Jennete laýyk ýagdaýda hemişelik çaga bolup galjaklary hem-de ene-atasynyň gujaklarynda ebedi şatlyk hazynalary boljaklary, “Jennetde her-hili näz-nygmat bar, ýöne ‘tenasül’ (jynsy gatnaşyk) ýeri bolmany üçin, çagaň başyny sypamak we öpmek bolmaýanyny” aýdýanlaryň hökümleriniň hakykat däldigi hem-de bu dünýäde zähmetli, muşakgatly on ýyl çaga söýgüsine derek, iman ehliniň(mü’minleriň) zähmetsiz, arassa we muşakgatsyz milýardlarça ýyldan has köp ebedi öwlat/çaga söýgüsine eýe boljagy aýdyňdyr.”
Ynha, şu ýagdaý bize teselli berer. Geljege ýene ynam bn garamagymyza goltgy berer. Onsoňam, bu ýagdaý hemme gowy görýänlerimize degişli. Ejemiz, kakamyz, ýanýoldaşymyz, çagalarymyz, doganlarymyz, gowy görýän ynsanlarymyz we ş.m. üçinem. Bu barada bolsa Pygamberimiziň aýdan "bir hadysy bar: "Ynsan söýýän adamlary bilen hemişe birlikdedir!"
Doly okamak üçin ýokarky linke basaýyň!
Garaz, din tirýek däl! Hadys beýany bn "Din nesihatdyr" tutana. Din ynsana huzur, rahatlyk berýär. Din ynsanlara adalat getirýär we ş.m. Şu zatlary gysgaça pikir edip görsek tarap tutmanjyk.
Bolýar-da, maksatdan uzaklaşýan bolmagym mümkin, ýöne bir pikir bermek we pikirlendirmek üçin ýazdym, enşallah, ýalňyş zat eden däldirin!
-
ata
15 years ago
- Degişli bolansoň bärä-de goýmakçy. Men ýokarda beren linkimde Hermiona atly bir gyza şeýle ýazypdym:
"Indi saňa we seň ýaly pikir edýänlere möhüm bir ýagdaýymy aýtmakçy:
Meň we bärdäki köp sanly agzalaryň ynançlaryny ýaňsylamasynlar!
Maşgalama degmezlik bn meň şahsyma gelip 1 agza söwsün, agyr ýazgy bn gaýtargy bersem, gel-de ýüzüme tüýkür! Ýöne ynanjyma ýetse welin, onda ýagdaý başgaça bolar.
Jemşidem ynanjymyza ýetdi, oň bn hem çäklenmän, her gören ýerinde ýazdy, ýazmaga-da dowam edýär.
Düşünýäň dämi ýagdaýa?! Men şoňa çydamok. Şoň üçinem "çäre göreliň!" diýip ündeýän.
Mundanam dänmeýän eger Jemşit şeýtmegine dowam etse!
Bellik: Jemşit=erkin666
-
ata
15 years ago
- ýokarda erkine söwüp ýazýanlar üçin bir ýüzlenme:
Näme üçin agzyňyzy ýa eliňizi hapalap dursuňyz?! Medeniýetli düşündirip ýa aýdyp bolanokmy?! Men-ä goldamok şu hapa söz we söwünç bn jogap gaýtarylmagyny.
Şu ýagdaý üçin hemmäňize agras we merhemetli bolmagy ündeýän we dileýän!
-
ata
15 years ago
- Erkin, seň kä ýazgylaryňa iş edinip jogap ýazjak, enşallah, her ikimize-de peýdasy bolar.
1-name üçin dine yamanlap yazyaryn?
isleyan, kanunda gadagan dal dami?! hökman öwmelimi?
birje sesem garşysyna gidende, şony kabul edip bilenzokmy?
Öz keýpiňe görä müňlerçe bolan biz musulman türknenleriň ynanjyna garşy gidip, käýerlerde gülüp peseltmekden keýp alýaň-da onda?! "Gadagan däl" diýip, etjegiňi edip ýörsüň-le! Meň şu ýagdaý sebäpli, sabrym gutardy. Şoň üçinem şeýle teklip edipdim agzalara:
"Dini mowzuklar boýunça, onuň ýazgylaryna garşy meň-ä sabyr käsäm püre-pür boldy. Çäre görülmese, ýene şol oýnaklap ýazmagyna dowam eder ol. Ýöne şu mowzugy açmagymyň sebäbi, indi bu işiň çynyrganyny ýaňzytmak. Jogapkärlere ýagdaýy bildirmek we oňa bu babatda degişli duýduryşyň berilmegi, eger onam tutmasa, wagtlaýyn uzaklaşdyrylmagy we ş.m. zatlary ündemek meňki. Şu ýagdaýy talyplar sahypasynyň 6-njy maddasy hökmünde girizilmegini teklip edýän bir agza çykmazmyka?! Men-ä täze mowzuk açmajak bolýan we şu ýerden çykmajak bolýan.
Men dost sahypada açypdym we moderator bolan Mergen şeýle ýazypdy netijede täze karary:
"No Profanity. Yagny, adamlarym mukaddes kabul edyan zatlaryna hormatsyzlyk, chyzykdan ashakda deneshdirmeler etmek GADAGAN!!"
2-sizin düşünjelerin absolyut dogrymy?! yok!
nabelli!
onda name, hemme zady garanti yaly gürlap otyrsynyz.
Hawa, absolýut dogry! Biz däl, bizi we seni ýaradan Allah garantiýa berýär. Bizem ony saňa ýatladýas ýa düşündirýäs. Bir ýerde sen Allaha ynanýanyňy(iman edýäniňi) ýazypdyň öýdýän ýalňyşmasam. Şu ýagdaýda şoň garantiýasyna-da ynanaýmaly sen?! Ynha, ýene bir delil Kurandan mallarymyz we janlarymyz arkaly eden amallarymyzyň deregine Allahyň wada berýän jenneti, ýagny, baky höziri barada söwda we netijesi barada:
"... Allah muny Töwratda, İnjilde we Kuranda takyk ýagdaýda wada berendir. Allahdan has gowy sözüni tutan başga kim bar?! (hiç kim, elbetde.)
Şeýle bolsa, onda eden bu söwdaňyz sebäpli begeniň! Ynha, şu beýik başarnykdyr(gazançdyr)!" (Toba süresi, 9/111)
3-din, ynançdyr,
Hawa, şeýle. Ýöne iň ýokarda seň ýazyşyň we ynanyşyň ýaly "din tirýek" däl! Hadys beýany bn "Din nesihatdyr" tutana. Din ynsana huzur, rahatlyk berýär. Din ynsana baky we lezzetli bir durmuşy wada edýär içindäki kanunlary amala aşyran ýagdaýyňda. Din ynsanlara adalat getirýär we ş.m.
Çünki dini Allah iberdi biz ynsanlara, ýagny, Öz ýaradanlaryna. Bu babatda Onuň Öz beýanyndan bir delil hem:"Men jynlary we ynsanlary (başga zada däl) diňe maňa ybadat etsinler diýip ýaratdym!" diýýär, ýagny, Gurhanda biz ynsanlary (shol sanda, jynlary hem)yaradyp dunya yuzune ibermeginin yeke-tak maksadyny (Ishlap ryzyk(ryzkyn 9/10-y sowdadadyr-hadys) gazanmagyn, bu dunyade Pygamber sunneti bolan oylenmegin, oylenip hayirly cagalara eye bolmagyn we sh.m. shahsy adatlaryn dashynda) yene Ozuni(Allany) tanap O'na doly tabyn bolmagymyzy we Ozune ybadat etmegimiz hokmunde tanadyar. Mundan onunca bolsa, yene Gurhanda Onun Ozi (Alla) Adam atadan kiyamatyn gopjagy wagta cenli gelip-gecjek ynsanlaryn ruhlaryny yaradyp, Ruhlar Aleminde ynsanlardan shol maksat boyunca soz alanyny we bizi yer yuzune iberenini aydyar. Mundan dashary, butun kainaty yaradyp, yer yuzundaki Oz Halypasy bolan biz ynsanlara beyleki mahluklary komekci hokmunde beripdir. Bizi her-hili naz-nygmatlar bn doyuryar. Mashgala, caga, baylyk we sh.m. nygmatlar beryar. Ozune yokarda yazylan maksada layiklykda yashan bendelerine, Jennetde baky bir lezzet hodurlapdir. Ynha, shular we sanap bolmajak sheyle uly nygmatlara shukur we sag bolsun hokmunde, hem-de Baky Jenneti, Jemalullahy we Pygamberimizi gonshulugy gazanmagyn caresi, shol maksada layiklykda yashamak. Dunya ishlerimizin yanyndan Allanyn boynumyza borc goyan parz ybadatlaryny yerine yetirmek bizin maksadymyz. Alla bizi yaratdy, shol sebapli Ol bizi bizden we hemme zatdan has onat bilyar, shol sebapli bu dunyade biz ynsanlaryn name eden wagtymyz ozumiz ucin in amatly we peydaly boljagyny Ol bilyar, we etmeli zatlary Gurhanda Pygamberi arkaly bize dushundiryar.
4-men şu wagt, özümin dünyade ing gowy adamdygyma ynanyp, sonra, meni dünyade ing gowy diyip pikir etmeyanleri yamanlasam yok etjek bolsam nahili manyly bolar?!
Bir zady/ynanjy/adamy iň gowy diýip kabul etmezlik başga, şol adama/ynanja/zada şyltak baryny atyp, ýalňyş maglumat, delil getirip garalap, üstünden gülüp, peseltmek başga ýagdaý, erkin! Şoň üçins saňa şunça ýazylyp, derdinip otyrys! Söwýänleri goldamok. "nähili musulman-a bular?!" diýmekdenem gutulyp bilemok olara-da. Hasap bermeli bolar-a bir gün bu zatlar üçin. Seň hakyňa girýäler şeýle etmek bn we köp zat ýitirýänlerden habarlary ýok ýaly göwnüme bolmasa?!
Seret, seň diýýäniň demokratiýa, ýagny, söz azatlygy bolmaly şu ýokardaky ýazgyň bn düşünişime görä. Eger şeýle bolsa, onda al saňa agzalara ýazan öňki ýazgylarymdan birnäçe jogap:
"Bärde demokratiýa bolsun! Muňa garşy däl, ýöne biri "demokratiýa" diýip, biziň serhedimizi çeýnäp/basgylap geçse, onda ol demokrätiýa bolmaýar. Biziň şoň netijesinde hakymyzy talap etmegimizi we ynanç serhedimizi ätläp geçjek bolýan duşmana gaýtawul bermegimizi demokrätiýa dälmi eýsem?!
...
Hawa, hemmeler üçin bu ýeriniň gapysy açyk, ýöne köp sanly agzalaryň ynançlaryna dil ýetirmek arkaly, hetden aşýan degişli kä agza, meselem, mowzugyň açylmagynyň sebäpkärine şol ýagdaýdan düzelmejek bolsa, duýduryş ýa jeza bermek hem wajyp, pikirimçe.
...
Men oňa "ýazmasyn" diýemok, ýöne diňe dinimizi, şol sebäpli-de, bizi ynjydyjy ýazgylaryny ýazmasyn diýip näçe gezek aýtdym, dilime tüý bitse-de, bar 1 köpük bolýar her gezeginde. Ahyr-soňy şu mowzugy açmaly boldum, görşüňiz ýaly!
Ýeter-ow indi munça edeni."
-
ata
15 years ago
belli alym (belki einstein):
1. pes adamlar , adamlaryn şahsy bilen gyzyklanar; gybatyny ederler.
2. yönekey adamlar, wakalar bilen gyzyklanar, wakalaryn gepini ederler.
3. yokary adamlar; düşünje bilen gyzyklanar, düşünje bilen oylanyşarlar.
düşünyanler üçin, elbetde köp yşarat bardyr. (gurhandan )
degişgen ekeniň-ow. Örän jaýdar ýazypsyň :)
Düşündim.Mümkin, şeýledir hem, ýöne sebäbini aýdaýyn şu ýagdaýyň:
Şu ýerde ýazýan agzalara ilki ýazgyň eýesiniň pikir dünýäsi barada maglumat bermekdi we azda-kände tanyşdyrmak. Netijede kä agzalar şu ýagdaýy bilibem, saňa söwmeli däldi, medeniýetlije jogap bermelidiler. Bir musulmana söwmek ýa urjak bolmak gelişenok, çünki hadysda many taýdan şeýle öwüt bar:"(Kämil manyda) musulman elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän ynsandyr!"
Ýöne senem müňlerçe musulmanyň mukaddes hasaplaýan zatlaryna we ynançlaryna gülmek arkaly, ýokardaky ýazgynyň dogrulygyny tassykladyň-la aňry ýany bn.
-
ata
15 years ago
akmaga iň gowy jogap, dymmakdyr...
şakird
Salam Şakird!
Goşulamok muňa! Näme üçinligini hem aýdypdym ýokarrakda .
Goşmaça maglymat hem aýdaýyn:
"şu ýerde "täzelikde" agza bolan erkin666 diýip 1 agza bar. Şonuň açýan mowzuklary we ýazýan ýazgylary dini taýdan kabul edilip bolmajak ýagdaýda agyr we şu ýerdäki agzalaryň hemmesiniň diýen ýaly ynanýan mukaddes zatlarynyň üstünden gülüji bolýar, umuman. Onuň degişli mowzuk we ýazgylaryna link berip, ýene 1 gezek ýüregiňizi bulamak islämok.
Onuň barada size men hem 1 teklip etjekdim şeýleräk:"Onuň ýazgylaryna hiç jogap bermäň, goý, özi ýazsyn, özi okasyn we rahatlasyn we ş.m." diýen manyda. Ýöne beýdeniň bn hem bolar ýaly däl. Çünki, ol şol mukaddes zatlara ynanmazlyk bn, her gören ýerinde olaň, şeýlelik bn hem biziň üstümizden gülýär. Herr näçe "şahsa ýetemok" diýse-de, şahsy ýetmegiňem ötesine geçýär hem-de bir däl, müňlerçe şahys hem bu ýagdaýyň içinde. Şoň üçin men teklibimi şu ýere ýazmakçy:
"Erkin666 atly agza barada shikayat haty;
Oz kelpez ahenli teswirleri arkali aglabasy musulman bolan bu sayt agzalarinin dini ynanclarinin ustunden gulyandigini; ozuche onayli her pursatda kop agzalarin shol ynanclarinin ustunden poh guymagi ozuche keyp hasaplayandigini we bu yagdayi bashga-bashga otaglar acip, gayta-gayta yerine yetiryandigini nazarda tutup:
Yokarda ady agzalan agzanin (hazirlikce) saytdan mohletleyin uzaklashdirilmagini, eger şonda-da oňa bu tär täsir etmese, doly uzaklaşdyrylmagyny teklip edyarin!
Garaz, şunça güleni ýetdi meň üçin-ä!"
Şeýlelik bn men hem traveller atly agzanyň teklibini goldaýan. Traweller, men hem UK-da häzir, mailiňi ýazsana maňa. Saňa aýtjak zatlarym bar. Meniň mailim bolsa şu mowzukda bardyr. Mailiňe garaşýan gysga wagtda!
Muslimah, jigim, ýazgylaryň üçin, berekellah!
Näçe telpek goýsaňam azdyr! Yhlasyňa-da, berekellah! Biribar senden razy bolsun we Öz jemalyna tomaşa edýän Pygamber goňşusy bolan salyh bendeleriniň hataryna goşsun! Ämin!
Jara, senem meni öwen ýaly bolupsyň :) Biribar dileg hökmünde kabul etsin-dä şol ýazgyňy! Minnetdar!
-
ata
15 years ago
- Salam bond!
Ilki bilen-ä, Watanymyza gidýän ekeniň, şu ýagdaýda Ýoluň ak, Ýoldaşyň Hak bolsun!
Ikinjidenem,
bu talyp.com dini commy?. diýibem mowzuk açan ekeniň sitatadaky ýazgyň bn baglanşykda. Jogap, elbetde, "ýok!", ýöne ol ýerdäki düşünişmezlikler dini ýazgylar ýa ynsanlar ýa ülkeler tarapyndan çykýan ýaly edip görkezäýipsiň öýdýän?! Şeýle bolsa, onda bu pikiriň ýalňyş!
Sered-ä, dine uýýanlar çykarýamy ýa uýmaýan şu jedel ýa düşünişmezligi?! Jogap belli dälmi?! Din diýip jedel edip ýörenleri men hem goldamok! Ýöne dine ynanmaýan halynda ýöne din barada peseldiji mowzuk açyp ýören ýa ýörenler sebäp bolýar şu ýagdaýa. Şol mowzugyňda gerekli jogaplar berlipdir onuň daşyndan, senem soň ýapan ekeniň, minnetdar!
Garaz, seň ýokarky ýazgyňa goşulýan, ýagny:
her kim ozuni duzetse nahili gowy bolardy yone ol gaty kyn ozuni duzetmekden kyn zat yok
ýöne aşakdaky ýazgyňa welin, belli möçberde goşulýan:
shonun u/n shu dawalar bolyar.
bond
sebäbi şu ýazgymda hem bar!
Hormat bn,
atamyrat
-
ýadan.
15 years ago
- men bir zada hayran galdym.
erkin, sening pikiring ya şahsyng mening üçin gaty bir möhüm dal.
yone sening men hiç kiming şahsyna dil yetirmedim diyip şahysdanam öte gidip köp sanly adamlaryng wyjdanyna hüjüm edipsing.
munyng dindarlygy bir yana goyaly, ynsanlyga-da sygmayar.
manga dogry düşünmegingi umyt edyan.
-
abcxx90
15 years ago
- şu movzugy, diňe bu däl erkin666 yazan hemme movzuklaryny, biziň tanyş professorymyz bar şoňa baryny okap terjime edip berdim.ol tm-çe düşünmän soň.gayta ola hemmesini şeyle halady.akylly,düşünjeli oglan eken diyyär.
erkin666.şo professor adymdan saňa berekella aýt diydi.menem aytyan berekella.
beyleki agzalar gaty gormek yok.
-
ýadan.
15 years ago
- sanga şuny yatladyp goyayyn.
türkmen aşa dindaram dal,dinsizem dal.şu günki güne çenli dinlering aslyndan daş düşman,ata baba dap dessurlaryny kamilleşdirip we ösdürip gelipdir.biz haçanda özümizi doly derejede açyp we tanap bilsek, ana şonda hakyky türkmen yoluny dabaralndyrarys.ondan barde dal.biz şol dereja galyançak ençeme "izm"lering elindaki oyunjagy bolarys.(ataezm,fundamentalizm,komunizm we ş.m.)
-
abcxx90
15 years ago
- gaty dindar bolmak mençe govy zat däl şo.dinsiz bolmagam.aşry dinçi bolmak araplarda,eyranlarda,maleyziyada göreňizokmy hiç hili svabodnylyk yok.islegin yaly yaşatmana berenoklar.
yadan:hazir sana şo yurtlara gidip şolaryn yasaysy yaly yasa diseler yasarmydyn?erkekleri uzyn koynekli,ayallary gara yapyk koynekli.o dunyede gezip yoren yaly bolmazmy.
-
ata
15 years ago
şu movzugy, diňe bu däl erkin666 yazan hemme movzuklaryny, biziň tanyş professorymyz bar şoňa baryny okap terjime edip berdim.
bäý-bä, ýadamadyňmy?!
Şonça zat okabam, ýene ýalňyş netijä geleniňe gynandym. Seňem erkine goşulyp, biz musulmanlaryň we ynanýan mukaddes zatlarymyza gülýäniňe gynandym!
ol tm-çe düşünmän soň.gayta ola hemmesini şeyle halady.akylly,düşünjeli oglan eken diyyär.
näçe professorlaram dinden, Pygamberden nesibini almadyk. Diýmek, şol prof-yňyzam olardan biri ekeni. Jansyz daş we agaçlar dile gelip, Pygamberimizi we dini tassyklaýar, ýöne janly ynsan bolan prof-lar we ýene-ýeneler tassyklanok, ynha, şulam iň täsin we gynandyryjy ýeri.
erkin666.şo professor adymdan saňa berekella aýt diydi.menem aytyan berekella.
Prof hem "berekellah" diýýän bolsa, onda olam Allaha ynanýar ekeni, ýöne diniň üstünden hem gülýän ekeni, ediljek erkin-dä.
Bu hem adaty, elbetde.
beyleki agzalar gaty gormek yok.
men-ä gaty göremok, ýöne gaty gynandym. Asylly, bilimli bir türkmen gyzynyň öz gözbaşyny dinden alýan türkmençiligine garşy gitmegi we gülmegi - bu diýseň eýmenç we gynandyryjy ýagdaý!
gaty dindar bolmak mençe govy zat däl şo.
muň niresinde erbetlik bar?!
dinsiz bolmagam.
muňa deliller köp. Iň esasy hem baky hözirden mahrum bolmak.
aşry dinçi bolmakaraplarda,eyranlarda,maleyziyada göreňizokmy hiç hili svabodnylyk yok.islegin yaly yaşatmana berenoklar.
seň dine bakyşyň şumy ýa?!
Näme Türkiýede ýa Türkmenistanda hiç musulman görmediňmi?! Şol ýerde-de ähli musulmanlar zor bn öz ynançlaryna tabyn bolup amal edýärlermi?! Seret, dinde säwlik ýok, ynsanlarda we syýasatlary üçin dini perde edinýän Yslam ülkelerinde welin bar hem-de birnäçesi! Sen adamlara ýa başga zatlara seredip baha berme! Baha berjek bolsaň Allahy dogry tanap, Kurany okap, Pygamberiň hadyslaryny okap, onsoň belli karara gel - has amatly bolar!
yadan:hazir sana şo yurtlara gidip şolaryn yasaysy yaly yasa diseler yasarmydyn?erkekleri uzyn koynekli,ayallary gara yapyk koynekli.o dunyede gezip yoren yaly bolmazmy.
abcxx90
Yslam bul däl, abcxx90!
Şeýle düşünýäniňe we şoň üçin şeýdýäniňe, diýseň, gynandym!
-
abcxx90
15 years ago
- myratweli.
men musurmançylygyn dinin ustunden gulemok nereden çykardyn muny.onsaňam men o professoryn adyndan yazdym.dini barada menem bilyan.yone dini barada soňky vagtlar köp movzuk açylyar.borla şu dini barada köp jedellesesip gelenok.her molla öz bilenini okayar diyipdirler.
-
ýadan.
15 years ago
- "yadan:hazir sana şo yurtlara gidip şolaryn yasaysy yaly yasa diseler yasarmydyn?erkekleri uzyn koynekli,ayallary gara yapyk koynekli.o dunyede gezip yoren yaly bolmazmy.
abcxx90 | 2009-04-26 16:14:50"
bu soragy name üçin manga soradyng.men nirede bolsamda türkmen bolup yaşardym.
sening o dünye bardaky garayşynga hayran galdym. ol dünyede agzayan yurtlaryngda geyinişleri yaly geyinilyandigini nama esaslandyryang.
Türkmen bolup ýaşaryn seň üstüňde,
Buýsanyp gadymdan gelýän aslymga.
Türkmen bolup ýatmak miýesser etsin
Eý, türkmen topragy, seniň astyňda..
-
Fat4l!ty
15 years ago
myratweli.
men musurmançylygyn dinin ustunden gulemok nereden çykardyn muny.musurmançylykdäl, musulmançylyk!!!
ata aga, tuweleme, daş edipsiň..:)
-
ýadan.
15 years ago
- mynajat
Eý, alla, eý, alla...
Dostdan eýledim heder,
duşmanymdan elheder,
Bu nä zaman, eý, alla,
Aman-aman, eý, alla!
Aglap aýdan mynajatym
senden gaýry kim eşider?!
Haramyň haky tylla,
Halalyňky hyllylla!..
Hyllylla!
Hyllylla!
Ykbalsyza medet ber,
Ykrarsyza messep ber,
Ynsapsyza mesheb ber,
Kanagat ber, sabyr ber,
Eý, alla, eý, alla,
Mundan artyk çydara
Ýogsa daşdan bagyr ber!
Galandar bolaý diýsem,
gider ýaly ýolum ýok,
diwana bolaý diýsem,
nädip göwnüm awlaryn,
Düýn piweden gähnän ýerim
bu gün metjidim sanyp,
taňrym saňa sygynyp,
ýeri, neneň aglaryn?!
Eý, alla, eý, alla,
Indi sensiz hyllalla,
Indi çensiz hyllalla.
Melgun bolan gülleýär.
Öňümden çykýar şeýtan:
Sag gözünde gülle bar,
Solunda bolsa tylla...
Ak bäbegin kerçedip düşürşi deý jelebiň,
Ýok etdiler ruhumyzdan ýetmiş ýylda seni alla!
Ynha indem diýýärler, bulaşdyryp kelebin:
Ynansaň, halha, allaň,
Ynansaň, metjit, halha!
Gyz-gelin halal bolsun,
Ýigitler aman bolsun,
Bir ajap zaman bolsun.
Delalat ber entäne.
Maňa köp zat gerek däl,
Umyt bir ber ertäme,
eý,alla, eý alla!
Eý, alla, eý, alla,
Alamat ber, nirde sen?
Ýogsa taňry etjekler uçýan-uçmaýan jamy.
Kalbym – taňryň metjidi,
öz ornuňa gir-de sen
Köwsana gursagymda mesgen tutan şeýtany!
Eý, alla,eý ,alla,
-
muslimah
15 years ago
Muslimah, jigim, ýazgylaryň üçin, berekellah!
Näçe telpek goýsaňam azdyr! Yhlasyňa-da, berekellah! Biribar senden razy bolsun we Öz jemalyna tomaşa edýän Pygamber goňşusy bolan salyh bendeleriniň hataryna goşsun! Ämin!
myratweli | 2009-04-26 14:51:51
sag bol gowy dileklering uchin,sizing hemmangizede sheyle dilegler,amin!
Onuň barada size men hem 1 teklip etjekdim şeýleräk:"Onuň ýazgylaryna hiç jogap bermäň, goý, özi ýazsyn, özi okasyn we rahatlasyn we ş.m." diýen manyda.
myratweli | 2009-04-26 14:51:51
menem shu teklibe doly goshulyan,sebabi beyle jedel etmeging geregi yok,onung maksady adamlary ojeshdirmek,onga aydylmadyk zat galmady,biz etmeli ishi etdik,galanynam ignor etmekden bashga gowy zat yok,shunga mengzesh achylan ahli mowzuklaryda sheydip ignor etmeli
-
dokmacy
15 years ago
- ýadan goşgyň-a gowy eken. Berekella!
erkin i hem erkinligine goýalyň, näme aýdanyň bilen erkin üýtgäsi ýa biziň üýtgäsimiz ýok.
-
jankaka
15 years ago
- erkin azatlyk swoboda hurruyet bularyn arasynda hirhili baglansyk bar yalila diymek azatlyk radiosy bn we turkiyedeki haramzada hurruyet gazedi bn bagly bolyada we bularam CYDD gini hyzmatkarleri diymek erkin sen kimdigin belli boldy
-
jankaka
15 years ago
- ata aga kop sag bolunj bize aydara zat galmady payini beripsinz erkinnnnnnnnnnnn neressanin yatan yeri yagty bolsun diyaymesek basga name diyeli
-
jankaka
15 years ago
- erkin ylga yetis turkan saylan gelnejeni icerik aljak bolyarlar sonra sana kim burs bersin ylga
-
Erkin666
15 years ago
- turkan saylan kim? name edipdir? ony tanamok.
eger okuwçylara stipendiya beryan bolsa, gonşy temadaky, f.gülen bilen name tapawydy bar? 2sem "adam tayyarlayar" dalmi?
-
bond
15 years ago
- myratweli aga toyest menden kichi ekeniniz inim diysemem bolyar, men sizin yazgynyzy tagam tanadyma adynyzy aytmasanyzam ,indi birhili aklym yeten yaly bolandyryn agzalara degemok onki yaly gitjek wagtym gygyrshyp yormayin diyyan ,umuman ishler guychler gowudura?sag ishlap yoren bolsanyz bolyar .ya nesip nesip nesip bolsa sizem oz watanymyzda ishlarsiniz ishshallasa saglyk bolsun hemma oz watanyna gulluk etmek nesip etsin herna ,sizin yazgylarynyza ayratyn hormat goyyaryn.
-
jankaka
15 years ago
- birisi sen yali adam tayarlayar beylekisi adam yali adam tayarlayar
-
jankaka
15 years ago
- eerrrrrrrrrrrrrrrkkkin nnneressee
-
ata
15 years ago
- Salam Jankaka!
Beýtmeli däl ekeniň! Her nämeçi hem bolsa, takyk bilmän bir zat diýmek dogry hem däl. Ýadan örän dogry belläpdir bu barada "birine bir zat diýseň, ýa diýen ýa-da diýlen şolardan biri bolar" manysynda. Olam hadys bolmaly. Garaz, pikirlenip ýazsaň begenjek-dä. Seň ýaly biriniň ýalňyşmagy gowy we dogry däl! Soň başgalar näme diýer?!
Bolýar-da, enşallah, maňa düşünensiňdir!
Salam Bond, sen maňa maildenem öz hakyky adyňy we ýaşyňy ýazmadyň-a?! Gitmäkäň ýazaýmaly ekeniň bärä ýa mailime B-)
Mailde ýa bärde aýtasaňam, Hyraýda okanyň belli bolýar welin, şol näbelli adamlygyňy gorap saklaýaň-da umuman :)
Şeýle gorkýaňmy 1 zatdan :) Bolýar-da, kän flud etmäýin!
Erkin666, sen bolsa bärdäki köp degişli ýazgylary(my) okap, iň azyndan hormat goýarsyň diýip arzuw we dileg edýärin ynanjymyz barada!
Şony dilemek bn!
-
şakird
15 years ago
- biraz öz pikirlerimi goşaýsam diýýän şu taýyk...
erkin agzamyza laýyk jogaplar berlipdir, men beýleki agzalara-da birazajyk sözüm bar.
ýagny, käbir agzalar dini bloklara girip her hili ýazgylar ýazýarlar; 'diňe dini temalar bolup otyr', 'bizar bolduk dini temalardan', 'bu saýt dini saýtmy?'....
şol agzalara; "hormatly agzalar, gaýrat ediň, biri-birimize hormat goýalyň, biri-birimizi sylalyň. eger, bizar bolsaňyz, gaty aňsat; girmäň!! sizi gyzyklandyranokmy? girmäňem, okamaňam, ýazgy ýazmaňam.. hä, bu buýruk ýa-da emir däl, ýöne haýyş. özüm barada aýtsam, men, futbol ýa-da rep bilen kän bir gyzyklanamok, şonuň üçinem, eger ýazgynyň ady 'rep' ýa-da 'futbol' bolsa-ha, asla giremok, giräýenimde-de, okasam okaýan ýöne ýazgy ýazamok, sebäbi meni gyzyklandyranok.. menem edil siz ýaly '22 samsyga bir topuň yzynda 90 minutlap ylgap, dünýäniň puluny gazanýar, näçe millionlap samsyklar(!) bolsa, özlerine ýekeje gram peýdasy bolmadyk bu futbol diýilýän kesel üçin ýatman, iýmän, içmän şolara seredip otyrlar', ýa-da 'iki-üç sany samsyga agzyna geleni diýýär, ýekeje gram manysam ýok, rep diýşen bolup, özlerini bir iş başarýandyryn öýdýär, bir topar fanlaram olar üçin bir-birinde ne eje goýýalar ne-de bajy..' ýaly ýazgylar ýazsam, elbet-de ýakmaz ol ýerdäki ýazgy ýazýanlara.. esasanam bu din diýilýä zat, oýunjak zat däl. dine ynanmaýanlar üçin känbir manysy bolman biler, emma musulman agzalar üçin, dini hemme zatdan, hat-da eje-kakasyndanam ýokary görýän agzalar üçin manysy gaty ulydyr. emma hakykatdanam soragy bar bolan agzalar, din hakynda şübheleri bolan agzalar, edebine görä, hiç kimi ynjytman sorap bilerler, jogap berjeklerem hökman tapylar."
derdimi düşündirip bilendirin diýip umyt edýän..
-
hasrat
15 years ago
- Hemmanizin jogabyna hormat goyyan.
-
muslimah
15 years ago
- shakird,ichimdaki sozleri yazdyng,aydylanlara doly goshulyan
-
halaçly
15 years ago
- erkinj sen o yazanlaryny git de ejene ayt. barde senin akylyna mataç ynsanlar yok. okey
-
milliyetçi
15 years ago
ata aga kop sag bolunj bize aydara zat galmady payini beripsinz erkinnnnnnnnnnnn neressanin yatan yeri yagty bolsun diyaymesek basga name diyeli
jankaka | 2009-04-27 05:34:52
jankaka, erkin66 - näme ýogalaýdymy? imanly bolsun bende! ýöne, ölmäkä kelemesini bir çöwrüp ýetişdimik-ä neresse?
onuň, 3-i, 7-si, aýy, 40-y haçan borka? bir görnüp gaýtmaly öz-ä...
-
SerJon
15 years ago
- Ay mena ashy berilende gorunayjek :-) [oyun edyanoow, gownunize alyp yormang]
-
ata
15 years ago
- Salam traweller!
Şu mowzukda ýokarrakda pikiriňi goldapdym we saňa mail ýazmagyňy haýyş edipdim
mailime .
Gaýrat etsene!
-
Sserik83
14 years ago
- Allam sizin hemmanize gujur-gayrat berip InshaAllah watanymyza gelenizde bile oturyshyp turalyn, aytjak zadym gaty kan size. Amin ya Rebbil Alemin
-
shaka
14 years ago
- Ämin
Komendant2 15 years ago- 666-arwahyn nushany. Senem yada 5 burchly yyldyzyñ ortasynda durup, arkaña chybyk bilen yelmetyanlerdemi? Arkan gelleryea bolup gidendir suratlardan yana. Yokarky ertekini alda eplap got#ne sok.