SAMSYKLYGAM BOLSA ÝYLGYRDÝA 16.

151. Gyzlar iki topara bölünýärler. Biri arassaçyl, beýlekisi romantiklar. Ýagny birinji topar öýde tozan görse süpürýär, ýuwýar, arassalaýar. Ikinji topar bolsa şol tozana ýürejik çekýär. Üçünji topar üfläp ol tozany öýe ýaýradýar. Dördünji topar eli bilen tozany süpürüp elini aşak kakýar. Ýene bir topary tozany görüp hiçzadam edenok. A blat iki topardäl eken, ýene köp eken. Gyzlar gaty görmäň, bir bar eken, bir ýok eken...

152. Požarny gaty ýanýan ody öçürüp bilmedi, Bank ýandy we öz özünden kredit öçdi. Požarny dyza çöküp aglady.

153. Garaňky köçeden ýeke özüm ýöräp barýan. Birdenem biri:
- Eý gel bärik, puluň barmy?
+ Ýok
- A birden tapsam???
+ Tapmarsyň, sebäbi bar puluma pistolet satyn aldym, ondada pasportly.

154. Käbir adamlar bar. Olara şeýle sorag beresim gelýär. Gaty gyzykly sorag "Neme salawmaleýkim. Gaýrat etde kyn görmeseň aýdaýda! Beýnisiz ýaşamak kynmaý???"

155. Gyssagly satýan, reňki gara, içi gyzyl, ýeri aşgabat, ýyly 19, birinji eýesi siz bolýaňyz, gymmatdäl oňşars, modeli GALOŞ.

156. - Ýör çykaly, aýlanaly birýerlerik.
+ Ýok otur, sen entek kijijek(aýlygym bilen meň gürrüňüm)

157. Meň kakam meni gaty gowy görýär. Menem ony begendirjek bolup maşynyna köööööp ýürek çekdim. Ol begenip aglady

158. Zähmet sapagynda okuwçy ýalňyşyp zähmet-mugallymyň barmagyna çekiç bilen urdy. Mugallym göni "Blýäääääätttşşş" diýdi öýdýän.

159. Bişirýän makaronyň bişenligini nädip bilmeli? Aňsatjak. Pataloga zyňypgörýäň, ýelmeşip galsa iýibermeli.

160. Dostlar, ýaňy kakam "Kompýuteri öçürmeseň 5 minutdan ýüzüňi klawýatura süpürýän" diýdi. Innem äazwsžeşürdçtfýygbuhbijnokňömpl

Internet sahypalaryndan we durmuşdan taýýarlan: IDEALLIDER.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir