juma güni musulmanlar üçin bir baýram güni diýmekdir. juma namazy jemagat bilen okalýar. bu sebäep bilen, musulmanlar bir ýerde toplanýarlar, biri-birleri bilen ýakyndan tanyşmaga we görüşmäge pursat bolýar. şeýdip, her hepde musulmanlaryň bir ýerde toplanmagy aralaryndaky dostlugy, doganlygy, bileligi güýçlendirýär. Pygamberimiz(s.a.s.) şeýle diýýär: "üstünde günüň dogýan iň haýyrly gün juma günüdir. Adam aleýhissalam şol gün ýaradyldy, şol gün jennede goýuldy we şol gün jennetden çykaryldy." "juma gününde bir sagat bardyr, haýsy mömin(musulman) şol sagatda Allatagaladan bir dileg etse, Allatagala onuň dilegini kabul eder." hormatly musulman doganlar, hemmäňiziň juma baýramyňyz gutly, mübärek bolsun!!! okan juma namazlaryňyz Allatagalanyň keremli dergähinde kabul bolsun...

Köneler, şakird tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir