2014-nji ýylda Forbesdäki “ýeke bolmagy söýmek üçin 9 sebäp” atly makalada awtor söýgülisi ýa-da ýoldaşy bolmadyk adamlar özlerine we kariýeralaryna üns berip, özlerini ösdürip bilýändiklerini, şeýle hem olar çynlakaý gatnaşyga başlamazdan öň özlerini kämilleşdiresleri gelýändiklerini öňe sürdi.
2015-nji ýyldaky Bustle žurnalyndaky makalada kariýerasyny romantiki gatnaşyklardan ilerde tutýan adamlaryň has bagtly we üstünliklidigi, iň azyndan bagta we üstünlige has ýakyndygy ýazyldy.
Emma eger barlaglara ser salsak, barlaglar başga zat diýýär:
Gatnaşykda bolan adamlar has köp tölenýär. Iş wezipeleri has çalt ýokarlandyrylýar. Olar iň ýokarky orunlarda bolmaga has ýakyn bolýarlar; güýçli depginde ösen kompaniýalaryň eýeleriniň 70% telekeçilige başlanlarynda öýlenen/durmuşa çykan eken. Şeýle hem Fortune 1000 aýal CEO-larynyň 93%-i durmuşa çykan.
Hemmä mälim bolşy ýaly gatnaşygymyz we işimiz biri-birine täsirini ýetirýär. Ol negatiw (işleri sebäpli stresli bolan adamlar öýde özüne çekilip ýa-da gaharly bolup bilýär) ýa-da positiw (şol gün ýoldaşyndan hoş söz eşiden adamlar işde keýpleri we energiýalary köp bolup, has netijeli işläp bilýärler) bolup bilýär.
Elbetde, diňe statistika seredip ýa-da temany umumylaşdyryp takyk bir netijä gelip bolmaz, ýagdaý her bir adam üçin her döwürde başgarak bolmagy, hem-de munuň gysga möhletde we uzak möhletde faktorlaryň üýtgeýän bolmagy ahmal. Ýöne siz bu temada näme pikir edýärsiňiz? Siziň tejribeleriňize görä haýsysy nähili?
Söýgülisi ýa-da ýanýoldaşy bolan adamlar kariýeralarynda has üstünliklimi?
-
aynura
3 years ago
- Ideallider seň pikiriňçe gyz 18 ýaşda çyksa gowy bolup biler. A meň pikirim beýle däl, sebäbi ol ýaşda gyz çagalykdan ýaňy saýlanan, durmuşa taýýar bolmaýar. Dünýäde geçirilen barlaglara görä ir we kiçi ýaşda durmuş gurýan maşgalalarda uruş-sögüş, düşünişmezlik we aýrylyşmak köp bolýar. Bu diýmek, ir ýaşda toý etmeli däl diýmek, onsoňam indi enelerimiziň döwri ýok, ýada ol döwürdäki batyrgaý gyzlar ýok. Lälijek ösdürilip ýetişdirilen, özlerini oňaryp bilmeýän gyzlardyr, oglanlar bar. Onsaň olar nädip çaga ulaldyp bilerler?!
-
aynura
3 years ago
- Şonuň ýaly hem ol ýaşda nädip kariýerasynda üstünlikli bolup biler?
Bolmaz diýip pikir edýärin.
-
Mr_arsen.
3 years ago
- Men pikrimce oglan 28-30 aralykda oylense gyz hem 20-25 aralykda durmusa cyksa gowy
Hazirki yaslar 18 yasda durmush guryarlar... Bir yyldan cagalary bolyar... Ol yashda bolsa ne oglan nede gyz bu zatlara tayyar dal diyip hasaplayan mena
Bu hem men oz pikirim
-
Wonderfull
3 years ago
- Aynuran aydanlaryna goşulýan.
-
Xyivenia
3 years ago
- Menin pikirimce hem 18yas kici 24-25 aralygy gowy bolyamyka diyyan. Onki dowrun yaslary bilen hazirki dowrun yaslary den gelmeya
-
Mecnun
3 years ago
- ine men hazir 25 yashymda hijem oylenmek niyetim yok...birinji sebabi oz durmushumy gurmana we jogapkarcilik almana , 9 aydan son kaka bolmana tayyar dal , ikinjiden omrumi bile gecirmek isleyan gyzymy intak tapamok
-
LÄLEJIK_GYZ
3 years ago
- +++++++++++++++
-
yashalym
3 years ago
- Mecnun sizin omrunizi bile gecirmek isleyan gyzynyz nahili bolmaly eger syr bolmasa aydayyn
-
yashalym
3 years ago
- Nam ucindir hazirki yaslan kopusi durmus gurmana howlukyalar eyyam 22 yasda kop yaslar masgalaly
IDEALLIDER2 3 years ago- Meň pikirmçe oglan 25-den soň öýlense, gyz hem 18-den soň çyksa has gowy bolar. Gelejekde öz-durmuş barlaglarymda anyk-göz ýetirerin. Ýöne siziň "Takyk bir netijä gelip bolmaz" diýen setiriňiz ýene janlanar!