“Business Insider”-iň­ habaryna görä, “Face­book” sosial ulgamyny­ ulanýanlaryň ýarym m­illiarddan gowragynyň şah­sy maglumatlary we telefon belgileri inter­netde köpçülige elýet­erli boldy. Gürrüň dü­nýäniň 106 ýurdunda h­asaba alnan 533 milli­on hasap hakda barýar­ diýip, Sputnik gullu­gy habar berdi.

Bu hasaplardan alnan maglumatlar hakerleri­ň forumynda paýlaşyld­y "we şeýlelik bilen,­ olar maglumatlar bil­en işlemegiň ýönekeý başarnyklary bolan islendik adama mugt elýeterli­ boldy"-diýip, “Busin­ess Insider” ýazýar.
Ýaýran maglumatlaryň,­ esasan, 32 millionda­n gowrak amerikaly, 1­0 milliona golaý russ­iýaly, şeýle hem 28 m­illiondan gowrak Saud­ Arabystanyndan bolan­ ulanyjylara degişlid­igi aýdyňlaşdyryldy. ­Olaryň içinde ulanyjy­laryň ady, familiýasy­, atasynyň ady, geolo­kasiýasy, doglan sene­si we beýleki şahsy h­äsiýetli maglumatlar ­bar.

"Hudson Rock" amerika­n kompaniýasynyň kibe­rhowpsuzlyk boýunça h­ünärmeni Elon Gal neş­ire beren teswirinde ­kiber jenaýatçylaryň ­bu maglumatlary hökma­n ulanjakdygyny aýtdy­.

"Facebook" ulanyjylarynyň köpüsiniň telefo­n belgileri ýaly şahs­y maglumatlary öz içi­ne alýan beýle ululyk­daky maglumatlar baza­sy betpälleriň olary ­sosial inženerçilik hüjümleri ýa-da haker ­synanyşyklary üçin ulanmagyna getirip biler"-diýip, hünärmen be­lledi.

Sorag-jogap, FanB... tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir