Ukladyňmy, dünýäm? Ýa henizem nem ýuwan gözleriňi bir nokada dikip, geçen günleri ölçerýäňmi?
Gör, bu durmuş bizi nädäýdi! Otursak-tursak oýumyza gelmejek ýagdaýlara duçar edip, göwünlerimizi, göwrelerimizi bir-birekden juda alyslara zyňyp taşlaýdy. Säherler kimin täp-tämiz ýüregiňi bimähreme baglap goýaýdy.
Aýtmasaňam, bilýärdim, duýýardym saňa juda ýakyndygymy — meni özüňe ýakyn görýändigiňi.
Haýran galýan! Sensiz göz öňüme getirip bilmedik günlerim aýlara, ýyllara, tutuş bir ömre öwrülip galdy. Agşam çyg düşen üzüm ýapraklary kimin negözel ýakymlydyň... Şapak deý gyzaranyňdaky ýaňaklaryň gözelligini men nämä deňäp bileýin ahyry! Kalbyň owadanlygy günäsiz çaganyň gözleri deý gözleriňde ap-aýdyň görnüp durmanmydy nä?!
Sen bagtyň hut özüdiň! Gaýmak ýaly göwnüň bardy... Üýtgeşik dünýäň, şahyrana ýüregiň bardy seniň... Meni birmahallar lezzetden püre-pür äleme ataran ol bakyşlaryň ömri şeýle gysga bolmalydymy?!
Ýatlamda damagyma lokga daş direlen ýaly bolýan. Gorkýan, ol daşyň eräp, keç ykballara bolan agym bolup, didämden ýaş damjalary bolup paýramagyndan...
Barybir, ýürek aglap dur. Diňdir-dä, diňdirip bilseň!
Sen maňa özge kalplara düşünmegi öwretdiň. Biz iki bolup, özgäň hasratyna gyýyldyk, şatlygyna guwandyk. Sebäbi biziň derdimiz, lebzimiz, ynamymyz, ýüregimiz birdi. Iki bolup bir dünýä bakdyk, bir ykbaly küýsedik. Bir ojagyň oduny ölçerjekdik...
Men saňa düşünýän. Hut şonuň üçinem seni ýazgaramok. Barybir, hawa, barybir, düýn düýnde galdy. Biz bu gün aýry-aýry durmuşly adamlar. Nirede, kim bilen, nähili ýaşasaňam, sag gez! Hiç haçan ýaňaklaryň şapak kimin gyzaryşlardan mahrum bolmasyn! Bu uzak ýollar näzikligiňe näziklik, ýakymyňa ýakym goşsun!
Seniň bagt saçylyp duran didaryňy görýänçäm, hoş!
Gündüň, özge kalby çoýmaňy gördüm,
Güňdüm, özge ýigdi söýmäňi gördüm.
Wah, ot aldym — lowlap-lowlap ot aldym,
Ýaňy başyňdaky öýmäňi gördüm...
Sapa HOMMADOW
Oýlanma...
-
Wonderfull
3 years ago
- Зачем любить кого-то чистой и истинной любовью, если такая любовь никому не нужна! В мире нет любви, только ложь и предательство. но я не знала ни о каком таком лекарстве что помогла бы заглушить боль!
-
Nirvana
3 years ago
- Nirede, kim bilen, nähili ýaşasaňam, sag gez! Hiç haçan ýaňaklaryň şapak kimin gyzaryşlardan mahrum bolmasyn!
👍👍
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- +++saol kop aglatdy mena :(
-
yyldyz.
3 years ago
- Ehhhh....
-
FanB...
3 years ago
- Durmusda bu
-
Lagly
3 years ago
- +++++
-
#dali
3 years ago
- Sapa Hommadow berekella!!
Xyivenia 3 years ago- Gowy eken gosgynyza gep yok Sapa aga
12.03.2021 21:56