Salam Talyplar.com-yñ Gadyrly agzalary we myhmanlary. Hemmäñiziñ agşamyñyz haýyrly bolsun.
Şu soragymy düýn konferensiýada hem beripdim welin kanagatlanarly jogap alyp bilmänligim sebäpli mowzugy açmaly boldum. Indi soraga geçsek:
Soñky wagtlar ýaş ýigit gyzlarymyz telefonlarynda selfi surada düşenlerinde ellerini her hili edip düşýärler. Ine mysal üçin elleriniñ hereketiniñ biri şu mowzukdaky suratdaky ýaly.
Indi şunuñ ýaly hereketler näme many añladýar?!
Bu hereketleriñ yzynda bir syr barmy?!
Hany onda pikirleriñizi kommentarýada ýazyp galdyryp bilersiñiz
Perhadik
25.02.2021ý 00:00
Jogaplanmadyk soraglarymyñ biri
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Suraty döwrebap görnüşde etýär diýmeseň
-
yashalym
3 years ago
- "V"ictory, ýeňiş.
-
Nirvana
3 years ago
- Anglýanyñ prezidendi Winston Churchill
ilkinji bolup sheyle dushýar. Manysy "parahatchylyk". 80-li ýyllardada moda bolupdyr. Bu yşarat barada birnäçe teoria bar...
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Bu yşaratyñ hakyky ady näme bileñizokmy?!
-
Nirvana
3 years ago
- yashalym6 minutes ago
Hakyky ady shu:
"V"ictory, ýeňiş.
-
yashalym
3 years ago
- Ikinjisi "L"oser ýagny rusçada лузер дийилени, başarynyksyz, zat oňňarmaýan diýmek. ikisindede barmaklaryň şekiline we baş harplara seret, goşa dyrnagyň içine aldym sen düşüner ýaly. Ikinjisi kişini kiçeldiji yşarat ýöne moda diýseň boljak. Beýleki tarapdan seretseň özüni kamera obýektiwiniň içine alýanada meňzeýär birneme.
-
yashalym
3 years ago
- Başga ňäme soragyň bar :))
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- 1-nji suratdaky 2sany gyzyñ edýän hereketini düşündireniñiz üçin minnetdar
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Wagtyñyz bolsa 2, 3, 4, 5, 6 suratlardaky hereketleri hem düşündirseñiz
-
yashalym
3 years ago
- 3,6 metal sazynyň yşaraty "M"
-
yashalym
3 years ago
- 5. "OK"
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- 3,6 Geñ görmäñ welin metal sazy näme?!
-
yashalym
3 years ago
- 2. Victory bolsa gerek
-
yashalym
3 years ago
- Dördünji sportmenleriň arasynda salamlaşmak yşaraty, gawai asylly. Şaka diýilýär.
-
yashalym
3 years ago
- Rock, wiktor tsoý ramstein we we müňlerçe sazandalar
-
yashalym
3 years ago
- Gitaraly kellesinj sallaýan uzyn saçly aýdymçylar
-
yashalym
3 years ago
- Elektro gitara
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Wagt tapyp jogap bereniñiz üçin minnetdar!
Beýleki agzalar siz näme pikirde?!
-
yashalym
3 years ago
- Pikir bolmasy üçin bilme gerek. Informasiýaň bolmany pikiriňi aýtsaň muňa spekulýasiýa diýilýär. Beýleki agzalardan dogry pikir aljagyňa ynanamok, spekulýasiýa alyp bilersiň.
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Hany görerisdä))
-
Tiko
3 years ago
- Ýokardaky agzalar dogry aýtýalar ýöne şolara diñe görünmek üçin owadanlyk üçin durulan hereketler. Bizem şolar ýalak hereketler edip surata düşýäs ýöne başga zady ýatlap düşemzok.
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- 204sany görülen emma beýleki agzalaryñ pikiri ýok
-
BeZZaT.
3 years ago
- Pikirim bolsa konferansda aydardym mena
-
soho
3 years ago
- Men:dâ surat açanok
Perhat Sabirovv 3 years ago- Esasy meni gyzyklandyrýany mowzugyñ suratyndaky 1-nji gyzyñ eliniñ hereketi