bir türküň Ata Gowşudowyň meşhur eseri "perman" romany barada ýazan makalasyna gabat geldim. makalada, Ata Gowşudow, "Perman" romanynyň ykbaly we gökdepe söweşi barada gowja maglymatlar bar ekeni. Gysgaça mazmuny: * Ata gowşudow "perman" romanyny 1920-nji ýylda ýazyp başlaýar we 1939-njy ýylda tamamlaýar. * Ata gowşudow kitabyny tamamlap "sossialistik analiz guramasyna" tabşyrýar, barlag guramasy kitabyň barlag möhletini egleýärler we 1948-däki ýer titremede kitabyň köp sahypalarynyň zaýalanandygyny we ýitenligini aýtýalar. * "Perman" romany, gökdepe söweşi barada bolanlygy üçin çap edilmegine rugsat berilmäýär. * ondan soň Ata Gowşudow keselleýär we 1953-nji ýylda 50 ýaşynda aradan çykýar. * "Perman" romany 1989-njy ýylda, tamamlananyndan 60 ýyl soň, Nargylyç Hojageldiýewiň çapa taýýarlamagynda çap edilýär. * Nargylyç Hojageldiýewiň aýtmagyna görä asyl perman romany 1261 bolmaly emma asyl kitabyň 28-nji sahypadan 606-njy sahypa aralygyndaky 7 bölüm we 1202-nji sahypadan 1225-nji sahypa arasyndaky sahypalar aýyrlypdr. * asyl kitapdan Aýyrlan sahypalarda, "ilkinji gökdepe söweşinde terkmenleriň ýeňiş gazanmagy hakynda ýazylan" diýip çak edilýär. * çap edilen bölekde bolsa, ikinji gökdepe söweşi, ýagny ruslaryň ýeňişi gürrüň berilýär. * Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, Ata Gowşudowyň aradan çykanyndan 50 ýyl soň, onuň maşgalasyna milli medenýetimize eden hyzmatlary sebäpli döwlet medaly berilýär. Doly makala; Türkçe ses: ______________________________________________ Tarihi yağmalanan Bir Roman: Ferman - Birol Kul ______________________________________________

Köneler, CeriumOxide tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir