Içki syryň aýtma her bir namarda,
Syryň ile ýaýyp, paş eder seni.
Ogry-kezzap bilen obadaş bolma,
Malyňdan aýyryp, aç eder seni!

Sam-sam adam bilen oturma, turma,
Zynhar, namart bilen sen söhbet gurma.
Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme,
Barsaň, depesine täç eder seni!

Bir goç ýigit näzenine ýar bolsa,
Jemalyny bir görmäge zar bolsa.
Aralykda bir şum rakyp bar bolsa,
Ýagşy dostuň bilen öç eder seni!

Sopular ýaňylyp aýtmaz senany,
Säher tursaň, geçgeý barça günäni.
Aýtmawer gybat söz, etme zynany,
Dowzahyň oduna duş eder seni!

Magtymuly, ile ýaýdyň nesihat,
Zynhar, ýaman bilen bolmagyn ülpet.
Huda berse sagadatly bir perzent,
Garrygan çagyňda ýaş eder seni!

Edebiýat, Нежная леди tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir