Salam, Agşamyňyz haýyrly bolsun gadyrly agzalar!
Bu mowzugym hem Internetdäki bolýan wakalary agzap geçirmekçi.
*Bellik - Mowzugy halamasaňyz 👎 goýuň. Sebäbi hapa, paýyş sözler bilen kommentariýa jogap bermäň. Onda okaň, lezzet alyň.
1. Käbir saýtlarymyzyň Pikirler bölüminde bolar-bolgusyz bimany pikirleri ýazýan agzalarymyza gaty nerwi damarlarym oýnaýar. Ine serediň mysal üçin arada köp gezek duş geldim käbir saýtlaryň pikirler bölüminde agzalar saýtyň niresinde bolsa şony kopiýalap alýarlar we pikirler bölümine oklap siz radara düşdiňiz diýip oýun eden bolýalar. A how Türkmen wagtyňyzy bu oýnuňyza dowam etdirinçäňiz okaň, öwreniň, dörediň!
2. Ýenede käbir saýtlarymyzyň pikirler bölüminde duş gelýän ýöne bu seýräk-räk bolýan ýagdaý gepiň gysgasy käbir gyz agzalarymyz käbir gyz agzalara "Gowmy Aklym", "Janym gowmy özüň", "Kim göwnüňe degdi gülüm" ýaly kommentariýa ýazýan gyz agzalarymyz bar gynansakda. A how men mysal üçin şu saýtdaky bir oglan agzamyza "Janym" ýada "Aşkim" diýip ýüzlensem nähili bolar? (Toba etdim:)))
3. Ýene-de bir halamaýan häsiýetim, Bir gyz ýada oglan söýüşüp ahyrynda biri-birini taşlap gitseler statusyna "Söýenim başgasyny söýýär" we ş.m ýaly zatlary ýazýar. A How Türkmen uly iliň seniň söýgüliň seni söýýänini bilmekden başga işi ýokmy?
4. Iň masgaraçylykly ýeri hem arada bir saýta girdim welin sagat gije 11-lere bir gyz agzamyz Pikirler bölümine "Meniň söýgülim ýok" we "Meni söýýänem kok" diýip teswir ýazsa nädersiňiz? Bu häsiýet indi biziň türkmençiligimize gelişýän häsiýetmi?
Gepiň gysgasy meniň bu aýdanlarymy akyly-huşy ýerinde agzalar tassyklar. Gadyrly agzalar haýyş edýän mowzuga hapa, paýyş sözleri ýazmazlygyňyzy soraýaryn. Halasaňyz 👍 Halamasaňyz 👎 Mowzugy hem pozmaň!
Taýýarlan - Perhat Sabirovv
18.01.2021ý 23:32
Gynansakda saýtlardaky bolýan bolgusyzlykar (Şugünki mowzugymyň dowamy)
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- 👍👍👍mlds
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Ähli aýdanlaryňada goşulýan
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Ýöne Perhat häzir seniň ýu ýazan sözleriň köp gyzlar okap özüňi başarsana diýýäler
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Goldap kuwwatlaýanyňyza minnetdar!
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Meň synpymda şeýle bir gyzlar bar özü owadan türkmen gyzy ýöne häsiýeti umuman pözüne gelişmeýär
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Söhbet, Mena "It ürer - Kerwen geçer" diýip oňaýýan. Ýöne, şu käbir gyz agzalarymyz saýtlardaky ýalňyşlyklaryny düzetseler gowy bolardy. Gowy gyzlar hem bar aramyzda men ýok diýemok, Ine mysal üçin: @yekejam, @Men_ve_Sen, @Yowuz we ş.m
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- ýu *bu
pözüne *özüne
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Dogry aýtýaň o gepiňdede jan bar
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Häzirki şu bolýan zatlaryň körügi ýaşlarymyzy gipnozlap goýan - Internet söýgüsi!
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Umuman aýdanda şu hatlary okan adam biraz pikirlense öz ýalňyşlyklaryna düşüner diýip pikir edýän
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Mümkin
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Internet söýgüsidigi anyk,Aý her kim hem öz iýen somsasyna özü pul töleýär
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Şu saýtdada biri bardy ýalňyşmasam saňa aşyk bir gyz
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Haýsy gyz @aynura-my?
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Hawa edil şo,özü şo gyz seni bir gezek bolsada görüpdirmi ýa suratyňy görenmi
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Bolýa dos gijäň rahat bolsun ! Спокойной ночь
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Näme boldy? Uky tutýarmy, oturda!
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- @Aynura gelsek, bu hem özüniň jynsy islegini kanagatlandyrmak üçin meni saýlap alanlaryň biri. Sen birzady pikir et Söhbet nädip tanamadyk adamyňy söýüp biljek?
-
Yowuz
3 years ago
- heh perhat. Kop zat uytgap bare wapse uytgedi onler munyaly dalde nam ucn seyle bolyaka nadip onuni alyp bolar pikirlenip gorun. Nam ucn gyzlarymyz soyguden yandym diyerka nam ucn oglanlar gyzlar aldanyarka
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Salam hemmäňize,ertiriňiz haýyrly bolsun
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Perhat gije uka tutanok ýöne telefonymyňa ukusy tutdy,
@Ýowuz häzirki gyzlar wapşe üýtgedi käbirleri bar eger meniň söýýän ýigidim maňa öýlenmese öýüne gaçyp barýanda oturyberýän,bu gepler 9njy synp gyzyň aýdýan gepleri ýöne bar toba etdim özü meň synpdaşym ýöne ol wapşe oň ýalylara mal diýseň malyň gahary gelýä meni şuň ýalylara deňedi diýip
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Şeýle gyzlary görsem kähalarda gyz doganym ýoklygynada şükür edýän
-
Arzuwum
3 years ago
- menem seň diýenleriňi goldaýan
-
Dowlet Ashyrow
3 years ago
- +++++
-
FanB...
3 years ago
- Ahyr zamana golaylashyan bolaymasa. Alamatlara gornup ugrady
-
Black Wolf
3 years ago
- 👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍♾
-
yekejam.
3 years ago
- Hazirki oglan gyzlaryn kabiri añsyz.Entek gormedik hic bolmanda sesini esitmedik adamyna soyyan diyyaler.Meselem:(gaty gorsenizem yazyan suny) ine aynura nikli agzamyz(belki ozi daldir.Basga biri giryandir onun nikinden) Perhady soyyan diyya.Sha gyzy agzamyz Durmusy soyyan diyip mowzuk acypdy.Indi sizden sorayan nadip soyup bilyaniz gyzlar?Hey utananyzokmy bolsunyzdan?Oglanlar aljak diyeninde ene atanyz razy bolarmy sizi tanamayan uzak yerine.Balkan bilen Lebap size 2 koce dal.5minutda barar yaly.Sular yaly gyzlar ucin gowy gyzlarynam ady erbet bolya.Ay palan saytyn gyzlary ozi soz aytya,yada ol saytyn gyzlary oglan bolsa sûykenya diyen sozler gowy gyzlarynam abrayyny gacyrya.Gyzlar azajyk bolsada pikirlenin,durmusynyz,geljeginiz hakynda.1 gunum hos gunum etman.Belki sizi tanayan adamlaram bardyr sol saytlarda.Utanyn,bolshunyzdan utanyn.(belki meni yigrenersiniz su zatlary yazanym ucin :( )
-
Нежная леди
3 years ago
- ++++++
-
zeyno
3 years ago
- Aydanlaryna gosulyan @yekejam
-
Arzuwum
3 years ago
- @yekejam, ýekeje sözüňde-de ýalňyşaňok, dogry aýtýaň
DonMaxx 3 years ago- +++