1. Eger ynsan köp, biderek we manysyz gürläni üçin pul tölemeli bolsa, onda ol beýle gürrüňlerden daşda durardy.

2. Alymdan nadanlyga garaşmaýşyň ýaly, nadandan
hem haýyr işe garaşma!

3. Ynsanyň ylym bilen gazanan gazanjy aýdymçynyň aýdym aýdyp ýa-da tansçynyň tans edip gazanan gazanjyndan köp esse lezzetlidir.

4.Eger kimdir birini öwseň, çendan aşa öwme, sebäbi ol saňa ýokardan sereder we seni pes adam hasap eder.

5. Eger sen ylma hyzmat edýän bolsaň, onda hiç haçan bu edýän işiňe ökünme. Sebäbi galan adamlar soň saňa hyzmat ederler.

6. Içigara, bahyl adamlar ejiz adamlardyr. Olaryň içigaralygyna şonuň ýaly jogap bermeli däldir.

7. Hiç kimiň ýanynda baýlygyň bilen öwünme! Sebäbi öwünjeňligiň peýdadan köp zyýan getirmegi ahmal.

8. Tagta münmän, «men hökümdar» diýme. Sebäbi
duşmanlaryň alyndan we hilesinden ýaňa, ol tagta ýetmezligiň mümkin.

9. Günäkär bolup kimdir birinden ötünç sorap, özüňden göwnüň hoş bolup begeneniňden, eden işiňe
gynanyp, ökünip aglanyň ýagşydyr.

10. Ýagşy bilen ýamanyň tapawudyny bilmedik, öwgi bilen sögünjiň tapawudyny hem bilmez.

Internet sahypalaryndan toplap paýlaşan - Perhat Sabirovv
Halan bolsaňyz kommentariýada pikirleriňizi ýazmagyňyzy soraýaryn!
9.01.2021ý 22:41

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir