Salam, Virtual-daky tanyş dost-ýarlar.
Soňky wagtlar kä ýerlerde eşidýärin welin doňuz etinde adamyñ aňyna ýaramaz, azgynçylygy täsir edýan madda barmyş. Soň şoňa göra ony iýmek haram iýseň azyp başlaýarsyn diýýärler. Indi sorag:
Yslam dininde doňuz eti harammy?
Sizden geljek kommentariýalara sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn...
Harammy ýada Halal
-
Rakuten
4 years ago
- Onsoñam Olaryñ damagyny çalman öldürilýär. Beyleki mallaryñ bolsa damagy çalynýar gany çykarylýar.
Meniñ düşünşimä şeýleräk.
-
wagt
4 years ago
- Iýibersene )
-
wagt
4 years ago
- Men-ä kabanyñ eti bolsa hezil edip iýjek. Dagyñ ot-çöpüni iýip, çeşme suwuny içip ýören mes haýwan.
A doñuz bolsa başga gep, öz jojugyny iýýä, öz pohuny iýýä, ýeri onsoñ oñ nämesi peýdaly bolsun?
-
wagt
4 years ago
- Öñler (5-10 ýaşlarymyzda-da) daglarymyzda süri-süri kaban (ýekegapan) bolardy. Indi ne kaban goýdular, ne keýik... ne towşan goýdular, ne käkilik...
Tebigatyñ enesini uwlatdylar...
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @wagt, Bize myhmançylyga geläýiň. Ýaglyja goýun etinden kebap taýýarlap bereýin. (Ýekegapan bolmasa hem)
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @Rakuten, Pikiriňi goldaýan dost.
Doňuzyň iýmeýän zady ýok @wagt agzamyzyň aýdyşy ýaly mundan 2ýyl öň doňuzyň öz çagasyny iýenini öz gözüm bilen gördüm öööööö-ö
-
Panturkist
4 years ago
- 1) Doňuz we ýekegapan eti Yslamda haram.
2) "Gäwüş gaýtaranok" ýa-da "iýen zady 4 sagatdan soň etine siňýar" ýaly komentariýalar ýalňyş, her haýwanyň öz siňdiriş usuly we tizligi bar. Käbir haýwanlar siňdirmek üçin gäwüş gaýtarmaly bolýar, käbirleri bolsa şonsuzam siňdirip bilýär. Doňuz etini zyýanlydygy barada hiç-hili subutnama ýok.
-
wagt
4 years ago
- @perhat, mürähediñe sag bol, men goýun etini iýemok, dawleniýany uçurýar...
-
wagt
4 years ago
- Maslyk, gan, doñuz eti, Alladan başgasynyñ adyna kesilen et haramdyr.
Şeýle-de, ol-a doñuz eken... ulularymyz "bissimilasyz" iýseñ berre guzyñ etem haramdyr diýerdiler...
-
MrOKaS
4 years ago
- Yslamda donuz etinin haram diyilyaninin asyl sebabi "donuz" diylyan haywan onler adam bolan we eden bir gunasi sebabli gargys gazanyp ynsan kesbinden donuz kesbine gecen. Anyk name guna edeninema bilyardim welin edil su wagt yadymda yok. Sonun ucin Yslamda donuz etini iymeklik adamyn etini iymeklik yaly bahalanyarmyka diyyan.
-
wagt
4 years ago
- Doñuz etiniñ medisinada subut edilen zyýanlary:
- Doñuz eti aşa ýagly bolýar. Iýlende, ol ýag gana geçýär. Şeýlelikde, gan ýag damjajyklary bilen dolýar. Gandaky bu çakdanaşa ýag gan aýlanyşymyzyñ, dan damarlarymyzyñ gysylmagyna, gan basyşynyñ üýtgemegine we infarkt geçirmegiñize sebäp bolup biler.
Şeýle-de doñuz ýagynyñ düzüminde sutoksin diýilýän zäherli maddalar bar, organizmiñize aralaşan bu zäherli maddalaryñ daşaryk çykmagy üçin lenfomanyñ (angina mäzi) gereginden artyk işlemegi gerek. Bu bolsa, esasanam kämillik ýaşyna ýetmedik çagalarda lenfoma mäzleriniñ sowuklamasyna we çişmegine getirýär. Näsag çaganyñ bokurdak-boýun bölegi adaty däl şekilde çişip, göýä doñuzyñ boýnuna meñzeýär. Şonuñ üçin bu kesele "doñuz keseli" (skrofuloz) diýilýär.
Keseliñ güýjemegi bilen ählo lenfomalar hapalanyp (iriñläp) çişýär. Gyzgynyñyz galýar, agyryñyz güýçlenýär, howply ýagdaý orta çykyp bilýär.
-
wagt
4 years ago
- - Doñuz etinde çakdanaşa sümüksöw (şepbeşik) birikdirijiler (cоедини́тельная ткань) bar, onuñ etiniñ düzüminde kükürt hem köp. Şol sebäpli doñuz etini iýeniñizde organizimiñize gereginden artyk kükürt kabul edip bilersiñiz. Bu gereginden artyklyk bolsa, kekirtlewügiñize, gasygyñyza we damarlaryñyza ýerleşip bogunlaryñyzyñ agyrysyna, hapalanma we bil gypjynmasy (lumbal disk gerniýasy) ýaly kesellere äkidip biler. Doñuz eti dowamly iýilse, organizmdäki gaty kekirdek maddasynyñ ýerini doñuzdan geçen şepbeşik birikdirijiler eýeleýär. Munuñ netijesinde kekirdekler ýumşaýar, organizmiñ agyrlygyna döz gelmän, ezilýär. Netijede bogunlarda bozulmalar döreýär. Doñuz etini iýýänleriñ elleri pelteleşýär, ýag gatlaklary döreýär. Mysal ûçin, doñuz etini bir sportsmen iýýän bolsa, ol tapsyz, ýalta we hereketsiz bolar. Käbir futbolçylaryñ doñuz etini iýýändigi ûçin oýnaýan klublaryndan kowlandyklary barada faktlar bar.
-
wagt
4 years ago
- Şumat biraz işlem bar. Agşamlyk beýleki zyýanlarynam ýazaryn, injik :)) oña çenli "doñuz etiniñ zyýanlydygy barada hiç hili subutnama ýok" diýýänler doñuz etini iýip garynlaryny mazaly göjesinler... ))
-
Rakuten
4 years ago
- @Panturkist. Toçna bilýäñmi? Bir wideoda görüpdim. Amerikada bir meşhur Lektoryñ bir giden müñläp adamlaryñ öñünde çykyş eden wideosy bar turkce subtitr ýazylan. Şonda aýdýan zatlary. Bolmasa amerikada dowlet dini stasusy yok yslamyñ. Ýöne ol ylmy delilleri getirip subut edýär. Iymesi Halal mallar iyen iymitini uzak wagtyñ dowamynda diñe peýdaly düzümlerini siñdirýär doñuzyñky ýaly 4 sagat däl. Doñuzyñ iýýanleri doly özleşmeýär göni şol durşyna etine geçýär. Teswirimiñ manysy
-
Panturkist
4 years ago
- "men goýun etini iýemok, dawleniýany uçurýar" diýip goýun etiniň zyýanlarynyň birini ýazypdyrlar. Goýun etinden ýene-de bruselloz ýaly agyr we galyjy keselleň biri geçýär. Goýun etiniň zyýanlary has köp.
Doňuzyň eti ýagly diýilýär, ýagy agyr diýilýär, onuň ýagyny iýmäň elbetde, doňuzyň ýumşak we ýeňil eti bar beýleki haýwanlara garanyňda. Goýunyň ýa göläň ýagyny iýmegiň saglyga nähili zyýanlydygyny aýdyp oturmalyň.
Doňuz etini ýa göläň etini öwjek bolamok ýöne her etem ýagdaýy bilen iýmeli.
-
wagt
4 years ago
- Pañtörkiş, sen donuzyñ nejasadyny iýseñ, aşhaltañ has ýeñil özleşdirer diýip çaklaýan.
-
wagt
4 years ago
- Häýk, "sõz agyzdan uçan guş", indi tutdurmaz bi... diýmelem daldim welin..
-
wagt
4 years ago
- "her etem ýagdaýy bilen iýmeli."
Bu sözüñ makul.
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @Panturkist, "Goýun etinden ýene-de bruselloz ýaly agyr we galyjy keselleň biri geçýär" Gowy maglumat birinji sizden eşidip durun!
-
wagt
4 years ago
- - Doñuzda ulalma gormonlary-da çakdanaşa köp bolýar. Doglan badyna bary-ýogy birnäçe ýüz gram bolan jojuk alty aýda alty ýüz kilograma ýetip bilýär. Şular ýaly derejede ulalma, semreme onuñ gormonunyñ çakdanaşa köplügi sebäpli bolýat. Doñuz eti arkaly alnan gereginden artyk gormon siziñ gormonlaryñyzyñ bozulmalaryna, öýjük dokumalaryñyzyñ çişmegine we hapalanmagyna ýol açýar.
Burun, äñ, el-aýak süñkleriniñ kadadan artyk ulalmagyna we organizmiñ ýaglanmagyna sebäp bolýar. Ulalma gormonunyñ iñ täsirli tarapy, onuñ düwnük (rak) keseliniñ döremegine şert döredýänligidir. Galyberse-de doñuz gassaplary erkek doñuzlaryñ belli bir ýaşdan soñ düwnüge ýolugýandygyny aýdýarlar.
-
wagt
4 years ago
- - Doñuz eti deri-wenerilogiki kesellerine hem sebäp bolup bilýär. Doñuz etiniñ döredýän histamin we imtidazol diýilýan maddalar deride gaşanma döredýär. Ekzama, dermatit, neýrodermatot ýaly ýokanç deri keselleriniñ döremegine şert döredýär. Bu maddalar hususanam: gan çybany, apandisit, safra ýollaryndan döreýän keseller, damarlaryñ ýygrylmagy ýaly keselleriñ döreme ähtimallygyny güýçlendirýär. Şonuñ ü.nem lukmanlar ýüreagyrydan ejir çekýänlere doñz etini iýmezligi maslahat berýärler.
-
wagt
4 years ago
- Şeýle-de doñuz etiniñ zyýanlary barada giñişleýin öwrenmek isleýänlere nemes lukmany professor Reckewegiñ "Doñuz eti we adam saglygy" kitabyny okamagy maslahat berýärin.
-
wagt
4 years ago
- @panturkist we ş.m.. başga nähili ylmy subutnama gerek size?
-
wagt
4 years ago
- Janhowluña goýundyr göle etine zyýanly diýip başladyñmy?
-
wagt
4 years ago
- Goýun etiniñ gyzgynlygy ýokary bolýar, dawleniýeli adamlar şonuñ ü.n ony iýip bilmeýärler.
-
wagt
4 years ago
- "1) Doňuz we ýekegapan eti Yslamda haram." diýipsiñ..
ylahy dinleriñ (iudaizm, hristian, yslam) hemmesem doñuz etini iýmegi gadagan edýär.
-
wagt
4 years ago
- Öñem aýdypdym... Yslam hiç zady özünden toslap tapanok. Aýatda hem aydylyşy ýaly "Allanyñ dini ýekedir" we onuñ Adam atadan başlap tä Muhammede (s.a.w) çenli barsy bir ýoly - bir dini, bir Hudaya ynanmagy wagyz etdiler... ozlerinden zat toslap tapmadylar, ozlerinden öñki pygambere name buyrulan bolsa ondan soñky hem şony wagyz etdi. Hemme diniñ köki bir din - siziñ adynda meñzeşlik gorup, yalana çykarjak bolyan zatlaryñyz diniñ we Hudayyñ toslama zatlar dal-de, gaytam Allanyñ birdigine we ahli dinleriñ aslynda köküniñ birdigine, emma wagtyñ gećmegi bilen dürli halklarda durli ýoýulmalara sezewar bolandygyna güwä geçyär.
Edil şonuñ yaly hem donuz eti dinw Gurhanda dal, Töwratda hem gadagan we haram edilen.
-
wagt
4 years ago
- Din namäni aydan bolsa, ylym hem şony tassyklayar, ylym name aydyan bolsa, dinde bu aydylan...
şoñ u.n din bilen ylmy ayry zat yaly gorkezjek bolmagyñ özi baryp yatan jahyllyk..
-
wagt
4 years ago
- - Doñuz eti arkaly adama ýokuşýan howply keselleriñ birem trişin [Trischin] keselidir.
Doñuzlar bu kesele trişinli syçan iýip ýa-da trişinli doñuz etini iýip ýolugýar. Ýöne trişin doñuzlarda agyr geçenok. Emmma adamlarda gorkuly we ölüm howply keseli döredip bilýär. Doñuz eti bilen alnan trişin gurçuklary mäde we içege ýollary arkaly gana aralaşýar. Şeýdibem tutuş organizme ýaýraýar. Trişin gurçuklary aýratynam äñ, dil, boýun, owurt, göwüs synalaryndaky bogun öýjüklerine ýerleşýärler. Çeýneme, gepleme we ýuwtma funksiýalarynda ysmas döredip bilýär. Şeýle-de gan damarlarynyñ daralmagyna, menengit we beýin bozulmalaryna sebäp bolýar. Şunuñ ýaly käbir wakalar ölüm bilen gutarýar. Bu keseliñ iñ erbet tarapt bolsa gutarnykly bejergisiniñ ýoklugydyr. Trişin keseli esasanam Ýewropa ýurtlaryna giñden ýaýran kesel. Berk weterinar gözegçiligiñ bardygyna garamazdan, Şwesiýa, Angliýa we Polşa ýaly ýurtlarda trişin epidemiýalarynyñ döredän wagty az bolanok. Biziñ ýurdumyzda bolsa ýerli hristian raýatlarymyzdan başgalarda trişin keseline ýolugan duş gelenok.
-
wagt
4 years ago
- Adam we islendik haýwan iýip-içýän zadynyñ täsirinde galýar. Meselem, it-pişik, ýolbars, möjek... ýaly jandarlaryñ ýyrtyjy bolýandygy; goýun, geçi, düýe ýaly ot iýýän haýwanlaryñ has eldeki we ýumşak häsiýetli bolýandygy mälimdir.
Doñuz öz taýyny gysganmaýan haýwandyr. Doñuz etini iýýän adamlarda gysgançlyk, gabanjañlyk duýgusynyñ peselýändigi, binamyslaşýandygy subut edilen zat.
Fransuz filosoflaryndan Saworin hem "Maña näme iýýäniñi aýr, men seniñ nähili adamdygyñy aýdyp bereýin" diýipdir. Türkmenlerde ýöne "Görk - agyzdan" diýlenok.
Iýýän zadyñ adamyñ häsiýetine belli bir derejede täsir edýändigine hut özümem şaýat boldum. Ibn Sina ýylan etiniñ ýylda iki sapardan köp iýmegiñ adamy ýylan häsiýetli etjekdigine, rehim-şepagatsyz etjekdigine ünsi çekipdir. Bu belli bir derejede dogry.
Obamyzda bir adam bardy. Onuñ iýýäni ýylandy. Hatda size ýalan, maña çyn - günde bir ýylan öldürip iyyädi diysemem ýalan sözledigim bolmaz. 1999-2000-nji ýyllar gaty gurak ýyllar bolupdy. Şonda dagyñ ähli ýylanlary suwsap oba indi öydyän... onsoñ ýañky ýaly ýylan iýijileriñ eli geldi... Dogrymy aýtjak, özümizem ýaş ýetginejegem bolsak, şonda uly-uly kepjebaşlardyr, gol ýaly göklorslardan az iýmändik...
Onsoñ ýañky diyyan adamym (öñem ibaly adam daldi welin) ýylan bol bolan ýyly bar iyyani ýylan boldy, özem bir nursyzlaşdy, bir nursyzlaşdy... yuzunde mähir-şepagat galmady... gozleri dagy edil alahöwreniñ gözüne döndi... ynansañyz, onuñ gallawlygyna, işeññirligine söz ýok, gunuñ dowamynda 24 sagat bar bolsa, diñe dort sagat uklap, galan 20 sagadyny işlap bilyar: ekine-de yetişyar, mala seretmage-de yetişyar, daş goparmaga-da ýetişyar... oñarmayan işi, yetişmeyan zady yok... ozem poçtalyon. Goñşy obanyñ arasy 6 km, gunde iki ûç sapar pyyada gidip gelip bilyar... ahyrynda goñšy obanyñ bir jelebini ozi yaly bašga bir oynaşyndan gysganyp, popyrka ubiystwa bilen basylyp gitdi... olduruşlerem edil ýylan sokan ýaly... gaty zwer...
Elbetde, bu wakany dolulygyna yylan etiniñ ustune yuklap biljek dal, emma onun tasiriniñ az bolmandygyny hem hiç kim inkar edip bilmese gerek...
-
wagt
4 years ago
- Nämäni iýmek, nämäni iýmezlik bolsa, ahyrynda ýene adamyñ öz islegine saýlawyna bagly.
-
Nol
4 years ago
- @wagt, sen million ensiklopediya yazsanam, sol yazanlandan men ucin donzun 100 gram eti suyji
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @wagt, yylan etini iýip gördüm diýýäňiz. Soň şol wagt ýylan eti adamyň bedenine girende adamda gaty uly gyzgynlyk duýulýar diýýär indi şu ýagdaý çynmyka?
-
wagt
4 years ago
- @Nol, men ensiklopediýa yazmadym, bilyanjelermi aytdym we soñunda her kesiñ namani iyip-iymejegi onuñ oz saylawyna-islegine baglydygyny aytdym, elbetde, diñe doñuz däl, adam etini hem iyip bilersiñ we menden muny geñlejek ýok.
-
wagt
4 years ago
- @perhat meñ pikirimçe ýylan eti organizmi hereketlendirýär, onuñ esasy tasiri hem şonda bolmaly. Men şol aydyan wagtymdan bari ýylan iyemokdym, ara gulluk, soñ okuw, ondan soñam iş we ş.m-ler duşdi-de...
2017-dedi oydyan, oglanlañ birine obadan yylan getirsene iyeli-le diysem birki aylap getirmedi, (añsat tapylanok indi, önki yaly dal, defisit) soñ bir gun getirdi gol yaly gap-gara kepjebaşy, uzynlygy dagy bir metrden uzyn, kellesinden we guyrugyndan bir metr çapylansoñam, bir eli suyji işgarime berdim bişir iyeli diyp, bişirip çagyrdy, onsoñ elli gram bilen yañkyny bir iyenimi bilyan, birem mašynyma munenimi, zordan kabinetime yetdim, gozum dagy petrap çykayjak bolya...
şol gun dejurnydym işde, wyzow bolsañ jañ edersiniz diyp kabinetde ustumi gulplap yatdym, ertesi guşlyk çagy oyanypdyryn... iyman iyman birden iyenimemi name, bir gunlap tapbat etdi...
-
wagt
4 years ago
- Kak popal we her kim iymese gowumyka diyyän men-ä...
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @wagt, "Çile" hakda açan temama pikiriňiz ýokmy?
-
messibet
4 years ago
- Allatagala haram diýse haram bolar. Delil gerek däl meň üçin. Dogtarlaň diýýäninni diňleseň @Panturkistiň aýdyşy ýaly goýundan, sygyrdanam adama zyýanly zatlar tapylar.
@wagt seňem nähili adamdygyňa düşünip bolanogaý. Kaban, ýylan iýip ýören ekeniňä. Seresap bolaweri, türkmenistandanam wirus çykaýmasyn, habarlara düşüp ýörme 😊
-
wagt
4 years ago
- Ýylan-a diymayin, kaban bolsa ayt, hazirem iyjek ))
-
messibet
4 years ago
- @wagt Türkmen agaň "Doňuzyň agy näme, garasy näme!?" diýýän ýeri şu ýeri. Kaban (ýabany ýekegapany) iýýäňde, näme üçin öýde goýun ýaljak saklanýan doňuzy iýeňok 🤔
Men-ä kabanyňam, kabanym "şäherli garyndaşlaram" haram diýip bilýän.
-
wagt
4 years ago
- Men halal diymedim...
-
Yzganttm
4 years ago
- @wagt aga hakykatdanam dushunup bolanok sana. bir sozunde Allah haram etdi zyyanly diyyan .. bir sozundede haram bolsada iyjek diyyan yaly etyan...
Allah haram eden bolsa-"haram" bolarda-- bashga barde iyjek diyman name?
yone yashuly sen pikirine, dushunjane hormat goyyan sozum yok
onlerem talyplarda sen taly manyly yazyan @1Merdan, @nlo, @turkmentug, @mirasymyz, @shahyr w.sh.m yaly agzalarymyz bardy.
Rakuten 4 years ago- @Perhat. Haramdyr sebabi 1-njidena iymeyan zady ýok. 2-nji denem donuzyñ iyen zatlary doly özleşman 4 sagatdan soñ etine siñýär.
Beyleki halal mallarda beyle dal. Olar 1-nji dena diñe ot we beyleki arasaa iymleri iyyar. 2-njidenem Iyen zatlary uzak wagtdan soñ siñya. Iri şahly mallar we duyeler gawüş gaýtaryp gowy siñdiryarler.